20000-den gowrak adam Durnukly ösüş maksatlary boýunça Global Hereket festiwalynda ýygnanyp, adamlar we planetalar üçin işleri üýtgetmek ugrunda üýtgeşmelere çagyrýar
25 mart 2021
- Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Amina J. Mohammed, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysy Açim Şteýner bilen şu gün Durnukly ösüş maksatlary boýunça 5-nji ýyllyk Global Hereket festiwalynda çykyş edip, COVID-19-dan soňky dikeldişden soň “täze eýýamy” başlanmaga çagyrdy hem-de ekosistemalarymyzy we adamzadyň abadançylygyny goraýan ykdysady we sosial üýtgeşmelerine bolan gyssagly zerurlyga ünsi çekdi.
Baş sekretaryň orunbasary dürli nesilleriň arasynda geçiş babatda goldaw barada belläp geçdi we Durnukly ösüş maksatlarynyň gün tertibini düzmekde ýaşlary birinji orunda goýup, ýurtlary işleriň adaty ýagdaýyna gaýdyp gelmezligi üçin ýaşlary diňlemäge çagyrdy.
“Adamlar we planetalar üçin öwrülişik nokady” ady bilen 25-26-njy mart aralygynda iki günüň dowamynda geçirilen festiwal hökümet we hususy pudagyň ýolbaşçylaryny adaty işleri üýtgedýänler, aktiwistler, döredijiler we beýlekiler bilen birleşdirdi. Onuň çäginde hereketlere ylham bermek we olary girizmek üçin gepleşikler, çykyşlar, interaktiw seminarlar we sergiler geçirildi. Pandemiýa zerarly dinamiki şahsy waka wirtual platforma geçirildi. Oňa 203 ýurtdan we sebitlerden 20000-den gowrak gatnaşyjy gatnaşdy we şu wagta çenli geçirilen festiwallaryň arasynda iň uly we geografiki taýdan dürli-dürli bolan festiwal boldy.
Dünýä heniz hem pandemiýanyň täsirinden ejir çekýär we köp ýurtda heniz hem karantin çäreleri ulanylýar, şeýle-de bolsa 2021-nji ýyl Durnukly ösüş maksatlary boýunça öňegidişlikleri güýçlendirmegiň möhüm ýyly hökmünde bellendi we onda howanyň ütgemegine, gender deňligine, garyplyga we deňsizliklere we durnukly maliýeleşdirmeklige esasy üns berilýär. Festiwal G20 ýygnagy, Nesilleriň deňligi forumy, Azyk ulgamlary sammiti we ýylyň ahyrynda Italiýada we Şotlandiýada geçiriljek Howa boýunça taraplaryň maslahaty ýaly möhüm wakalardan öň habardarlygy we maksadaokgunlylygy giňeltmegi maksat edinýär.
Durnukly ösüş maksatlary boýunça gyzyklanýan taraplaryň giň toparyndan wekilçilik edýän 80-den gowrak ýurtdan 300-den gowrak çykyş ediji dünýäde dowam edýän kynçylyklary nädip çözmelidigi barada bilim we tejribe alyşmak, çözgütleri hödürlemek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatda howp abanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin birleşdi.
BMGÖM-iň dolandyryjysy Açim Şteýner: “Bu özgertmeleri amala aşyrmakda her kimiň rolunyň bardygy belli boldy. Bir tarapdan, jemgyýetlerimizi dogry ýola gönükdirýän täze syýasatlar gerek. Beýleki tarapdan, biziň her birimiz üýtgeşmeleriň wekili. Aýry-aýry hereketlerimizi birleşdirip, üýtgeşmelere goşant goşup bileris”. Festiwaly gurnan Durnukly ösüş maksatlary boýunça Hereket kampaniýasynyň müdiri Marina Ponti optimizm duýgusyny gaýtalady we geçen ýyl görlüp-eşidilmedik global çökgünlik zerarly ýüze çykan mümkinçiliklerden peýdalanmaga çagyrdy we öwrenen zatlarymyzy ýaşaýyşda, sarp edişde, gazanmakda we öndürmekde ulanmalydygymyzy aýtdy. “Bilelikde uly arzuw edip bileris. Umumy köňül we ynam bilen hereket edip bileris. Dünýämizi gowulandyrýan global öwrülişik nokadyny döredip bileris”.
Açylyş gününde beýleki çykyş edenleriň arasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň wagyz edijisi we mümkinçilikleri çäklileriň aktiwisti Eddi Ndopu bolup, ol pandemiýanyň nädip öňden bar bolan deňsizlikleriň, şol sanda deňsizlikleriň çökgünliginiň, planetanyň ekologik ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň we ulgamlaýyn adalatsyzlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolandygy barada belledi we şonda-da adamzadyň döredijilik, zehin we çydamlylyk ukybyny has hem güýçlendirendigi barada optimizm bilen paýlaşdy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 boýunça ýörite wekili Dewid Nabarro öz çykyşynda Eddiniň sözlerini gaýtalady we diňe bilelikde işlemek we birek-birege goldaw bermek arkaly adamzadyň bu pandemiýany dünýäni dogry ýola goýmaga kömek etmek üçin zerur güýji bilen ýeňip biljekdigi barada aýtdy.
Ýaponiýanyň Durnukly ösüş maksatlary babatda Hereketleri öňe sürmek geňeşiniň başlygy Noriçika Kanie şu ýylky global festiwalyň aýrylmaz bölegi bolan Ýaponiýadan Durnukly ösüş maksatlary boýunça Global hereket festiwalyny geçiren ilkinji ýurt bolany üçin, Ýaponiýadan wekilçilik edendigine buýsanýardy. Ýerli çözgütleri paýlaşmak we hereket ugrunda tutuş ýurt boýunça hereketiň nusgasy bolmak bilen, çäre Ýaponiýada ýerleşýän BMG-niň 12 sany guramasy tarapyndan düzüldi we onda Hoşniýetli ilçiler Misako Konno (BMGÖM) we MIÝAWI (BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissariýatynyň gullugy), meşhur komediýaçy Ýuriýan Retriwer we başga-da köp sanly pudaklaýyn gyzyklanýan taraplar çykyş etdi. Doktor Kanie, adamlar we planetalar üçin çözgütlerimizi birleşdirmek, Durnukly ösüş boýunça Gün tertibi bilen kesgitlenen meýilnamadan soň hereket üçin uçguny ýakmak üçin bilelikde işlemäge çagyrdy.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaş wagyz edijileriň wekili Filippinli Mitzi Jonelle Tan jemgyýetiň çetleşdirilen pudaklaryny, esasan hem howanyň üýtgemeginiň deňsiz-taýsyz täsirleriniň hatarynda durýan we çökgünlige nähili garşy durmalydygy baradaky gepleşiklere goşulmaýan günortadan bolan adamlary ykrar etmek we olara ygtyýarlyk bermek baradaky haýyş bilen goşuldy.
Festiwala gatnaşyjylar bilen aragatnaşyk saklamak we olary çärelere çekmek üçin, guramalar we hünärmenler pikirlere, başarnyklara, kampaniýany işjeňleşdirmäge we abadançylyga gönükdirilen 27 sany seminary gurnamaga kömek etdi we diňe okuwlara goşulmak üçin ýazylan 10000 gatnaşyjy üçin özboluşly we şahsylaşdyrylan tejribe döretdi. Okuwlary “Sosial gözegçilik”, “Hemmeler üçin taslama”, “Ynsanperwerlik barlaghanasy” we Skaut hereketiniň Bütindünýä guramasy ýaly raýat jemgyýeti guramalary alyp bardy we 2-nji günde bolsa has köp gatnaşyjy gatnaşdy.
Dünýäbelli aýdymçy Ýoko Ononyň “Ýer, men seni söýýärin” atly planeta bagyşlanan odasy döredijilik sungaty bilen bilelikde görkezildi, 2-nji günde bolsa howanyň üýtgemegi boýunça aktiwistleriň, şol sanda Patti Smit, Bomba Estéreo we Tenzin Çoegýal çykyşlary görkezildi. Maksatnamanyň dowamynda gatnaşyjylar üçin elýeterli bolan 20 sany sergide La Triennale Di Milanonyň eksklýuziw eserleri, köçe sungaty, Okulus, Lawazza, CANON, “Google Arts” we medeni barlaghanasy we Terri Rile, Saşa Waltz görkezildi.
Durnukly ösüş maksatlary boýunça Hereket kampaniýasy barada
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Durnukly ösüş maksatlary ugrunda hereket etmek we çözgütleri kabul edijileriň ösüş babatda çäre görmekleri üçin dünýäniň dürli künjeklerinden adamlary çekmek üçin BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Hereket kampaniýasyny döretdi. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ygtybarly we döredijilikli wagyz-nesihat we aragatnaşyk arkaly, kampaniýa BMG-niň agza döwletlerine we Birleşen Milletler Guramasyna hyzmat edýär, şol bir wagtyň özünde raýat jemgyýetinden, ýerli dolandyryş edaralaryndan, pikir merkezlerinden, sungat we medeniýet, metbugat we işewür dünýäsinden pikirdeşleri we ýerine ýetirijileri birleşdirýär. Öýlerde, jemgyýetlerde we başga ýerlerde Durnukly ösüş maksatlaryny goldamak üçin adamlary mobilizleýär. Ýörite wagyz-nesihat we aragatnaşyk arkaly dünýäde millionlarça adama ýetýän güýçli ulgamlary gurýarlar, çözgüt kabul edijileri hereket etmäge çagyrýarlar we itergi berýärler.