Press reliz

Ýokary derejeli gepleşikler Durnukly Ösüş ugrunda Parahatçylygy we Ynamy üpjün etmegiň ýollaryny şöhlelendirýär

15 aprel 2021

  • Şu gün Türkmenistanyň Hökümeti “Parahatçylyk we ynam ugrunda Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahatyny geçirdi. Ol Halkara Parahatçylyk we ynam gününi bellemäge bagyşlanýar.

Maslahatyň öňüsyrasynda Halkara Kongres merkeziniň açylyş dabarasy geçirilip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy we maslahatyň gatnaşyjylaryna ýüzlendi.

Hökümetiň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri ýokary derejede çykyş edip, adamlara gönükdirilen maksatnamalar, goşulyşmak we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly parahatçylygy we ynamy üpjün etmegiň ýollary barada öz garaýyşlaryny hödürlediler.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. hanym Kristin Weýgand: “Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine girizilen “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” esasy ýörelgesiniň durmuşa geçirilmeginiň Parahatçylyk we ynam düşünjeleri bilen baglanyşyklydygyna berk ynanýaryn” – diýip belledi.

Ýokary derejeli maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen halkara guramalarynyň arasynda şu resminamalara gol çekildi: Bilim ministrligi bilen ÝHHG-niň Azlyklar baradaky Ýokary komissarlygynyň edarasynyň arasynda köp dilli we köp medeniýetli hyzmatdaşlyk boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama; 2021-2023-nji ýyllar üçin hereket meýilnamasy boýunça Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Sebitleýin iýmit platformasy baradaky ylalaşygy.

Ýokary derejeli forumdan soň Parahatçylyk we howpsuzlyk, Durnukly ykdysadyýet we daşky gurşaw, Hukugyň hökmürowanlygy we sosial adalat boýunça üç sany umumy mejlis bilelikde geçirildi. Geçirilen mejlisde Hökümetden we halkara hyzmatdaşlardan çykyş edenler özara düşünişmeklige, halkara hukugyna hormat goýmaklyga hem-de parahatçylygy we howpsuzlygy goramaklyga, adam hukuklarynyň berjaý edilmegine we durnukly ösüşi höweslendirmäge esaslanan köptaraplaýynlygy ýokarlandyrmak arkaly parahatçylygy we ösüşi ýola goýmak ugrunda bilelikde işlemek baradaky özara borçnamalary täzelediler.

Umuman, gatnaşyjylar şular ýaly gepleşikleriň hemmeler üçin parahatçylyk we abadançylyk ugrunda umumy ösüş maksatlaryna ýetmekde has güýçli we netijeli hyzmatdaşlyga aýgytly itergi berýändigi bilen ylalaşdylar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

APDIM – UN ESCAP
Asian and Pacific Centre for the Development of Disaster Information Management
EU
European Union
FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

OSCE
Organization for Security and Co-operation in Europe

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz