Press reliz

BMG, 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, täze başlangyçlary teklip edýär

27 aprel 2021

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny (BMGDÖHÇM) durmuşa geçirmek maksady bilen, bilelikdäki Ýolbaşçy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi.

Ýolbaşçy komitetiniň agzalary, ýagny ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ministriň orunbasary derejesindäki ýolbaşçylar we BMG-niň guramalarynyň ýolbaşçylary, komitetiň ilkinji mejlisi geçirilenden bäri ýerine ýetirilen işleri gözden geçirmek we BMG-niň Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde birnäçe bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandy.

“Öten ýyl, global pandemiýa zerarly başdan geçirilen kynçylyklara garamazdan, 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň ähli, ýagny bäş sany strategiki ugry boýunça, şeýle hem iki sany milli meýilnamalarynyň - Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy we Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy ýaly resminamalaryň üsti bilen görnükli netijeleri gazanyp bildik” - diýip, BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysynyň w.ýe.ýe. Kristin Weýgand nygtady.

Ýygnagyň gatnaşyjylary BMG-niň Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Resurslary çekmek we hyzmatdaşlyk boýunça strategiýasynyň taslamasynyň esasy bölümleri bilen tanyşdyryldy. Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) maliýeleşdirmek, Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlary üçin Toplumlaýyn Milli Maliýeleşdiriş Mehanizmleri (TMMM) döretmek we maliýeleşdirmek meseleleri öwrenmek hem-de teklipleri işläp düzmek üçin bilelikdäki bilermenler toparyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýygnagyň dowamynda BMG-niň Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Netijeler toparlarynyň ylalaşylan Bilelikdäki Iş Meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly birnäçe meselelere garaldy, şeýle hem Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna ornaşdyrylan DÖM boýunça görkezijileri baradaky hasabat bilen  DÖM boýunça global maglumat binýatlaryna hasabat bermegiň arasyndaky baglanyşyklara seredildi.

Şeýle hem, 2021-2022-nji ýyllarda DÖM boýunça milli aralyk synyň konsepsiýasy we 2023-nji ýylda BMG-niň Ýokary Derejeli Syýasy Forumda hasabat beriljek Meýletin Milli Synyň taýýarlanylyş konsepsiýasy hödürlendi.

Mundan başga, Ýolbaşçy komitetiniň agzalary 2022-nji ýyldaky Milli ilat ýazuwyna taýýarlyk baradaky çykyşy diňledi, onuň netijeleri DÖM-niň togsana golaý milli görkezijisi barada maglumat berer.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Ýolbaşçy komitetiniň başlyklarynyň biri hökmünde, ähli çykyşlar barada teswir berip, teklip edilýän başlangyçlara jikme-jik serediljekdigi we degişli goldawyň beriljekdigi barada ýygnagyň gatnaşyjylaryna habar berdi.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz