Press reliz

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça bilimi ösdürmek

13 oktýabr 2021

  • Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanda Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary üçin adam hukuklaryna dürli nukdaýnazardan garamak bilen birnäçe okuwlarygeçirdi. Bu başlangyç BMG-niň Ýurt boýunça topary bilen Türkmenistanyň Adam Hukuklary we Halkara Ynsanperwer Hukuklary babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara komissiýasynyň Adam hukuklary boýunça bilimi ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň bir bölegidir.

“Halkara jemagat” hukugy we “halkara hususy hukugy” fakultetiniň üçünji ýyl talyplary Adam Hukuklarynyň esaslary, döremeginiň taryhy, şeýle hem Adam hukuklarynyň alhliumumy jarnamasy bilen tanyşdylar. BMG-niň Adam hukuklaryny goramak ulgamynyň mehanizmleri, adam hukuklaryny goramak boýunça sebitleýin ulgamlary, gender deňligi, çaganyňhukuklary, halkara zähmet hukugy, ösüş boýunça hukugy we Durnukly ösüş maksatlary, bosgunlary goramagyň halkara ulgamlary, raýatlyk we raýatsyzlyk barada okuwlar oktýabraýynyň 11-i we 20-si aralygynda amala aşyrylýar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat Gaznasynyň, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň wekilleri türkmen ýaşlarynyň adam hukuklary barada bilimlerini artdyrmagyň möhümdigini belläp geçdiler we şuňa meňzeş okuwlaryň beýleki ýokary okuw mekdepleri üçin hem geçirjekdiklerini aýtdylar.

“Adam hukuklary boýunça okuw geçirmek meniň üçin diýseň gyzykly boldy we men BMG-niň bilelikdäki başlangyjynyň üstünlikli ýola goýulandygyna begenýärin. Adam hukuklary boýunça bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň talyplaryň bilimlerini baýlaşdyrjakdygyna we adam hukuklary ugry boýunça ýöriteleşdirilen okuwlary ösdürmegiň başlangyjy boljakdygyna ynanýaryn." – diýip, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň sebit boýunça wekili Rişard Komenda aýtdy.

BMG 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny, Gender deňligni üpjün etmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny, Raýatlygy ýok etmekboýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny we Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2019-2021 ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge goldaw berýär.

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz