Press reliz

BMG we ösüş boýunça hyzmatdaşlar Türkmenistanyň ösüş ugrunda ileri tutýan ugurlaryny goldamak üçin tagallalaryny birleşdirmek barada maslahatlaşýarlar

03 December 2021

  • BMG we ösüş boýunça hyzmatdaşlar gazanan üstünliklerini paýlaşmak we Türkmenistanyň Hökümetine goldaw bermek boýunça bilelikdäki işler barada ylalaşmak üçin yzygiderli ýygnak geçirdiler.

Duşuşygyň açylyş dabarasynda Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, COVID-19 pandemiýasynyň dowam edýän durmuş-ykdysady täsirlerine garşy göreşmek we bu ugurda çözgütleri tapmak üçin milli ulgamlary pugtalandyrmakda yzygiderli goldaw berýän ösüş boýunça hyzmatdaşlarynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.

Ol "BMG-niň we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň ýurda goldaw bermek boýunça maksatnamalarynyň köpüsi Türkmenistanyň gülläp ösmegi, öz içine alyjy bolmagy we durnuklylygy üçin birmeňzeş maksatlara eýerýändigini bellemek isleýärin" – diýip aýtdy.

BMG-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyňçäginde döredilen bäş sany netijeler toparynyň BMG-dan gelen egindeş başlyklary aşakdaky bäş ugurboýunça 2021-nji ýylda gazanylan esasy üstünlikleri bilen paýlaşdylar:

1. Adamlaryň bähbidine gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy

2. Durnukly ykdysady diwersifikasiýa, bäsdeşlige ukyply hususy we maliýe pudaklary, söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmek

3. Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnuklylygyýokarlandyrmak

4. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlary

5. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli bilim ulgamlary

Ösüş boýunça hyzmatdaşlar hyzmatdaşlygyň ugurlaryny gözden geçirdiler we hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň mehanizmleri barada ylalaşdylar. Gatnaşyjylaryň hemmesi Türkmenistanyň ösüş boýunça meseleleriniňçözgüdini tapmak üçin bilelikdäki çemeleşmeleriň sazlaşygyny üpjün etmek üçin maglumat, tejribe we pikir alyşmak üçin utgaşdyryş platformasynyň netijelidigini tassykladylar.

BMG we ösüş boýunça hyzmatdaşlar Türkmenistanyň ösüş ugrunda ileri tutýan ugurlaryny goldamak üçin tagallalaryny birleşdirmek barada maslahatlaşýarlar

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy