Press reliz

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň birinji ýylynda gazanylan üstünlikler barada hasabat berdiler

07 dekabr 2021

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Dolandyryjy Komitetiniň ikinji mejlisini geçirdi.

Dolandyryjy komitetiniň agzalary - ministirleriň orunbasarlaryndan ybarat bolan pudaklaýyn ministirlikleriň wekilleri we/ BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary 2021-nji ýylda gazanylan üstünlikleri gözden geçirmek üçin duşuşdylar.

Netijeler boýunça bäş toparyň egindeş başlyklary 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda gazanylan esasy üstünlikleri, şeýle hem 2022-nji ýylda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny hödürlediler. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Netijeler boýunça ýyllyk hasabatyny we 2022-nji ýylda Bilelikdäki alnyp baryljak işleriň meýilnamasyny işläp düzmegiň möhleti barada ylalaşyga geldiler.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň başynda işlenip düzülen we ylalaşylan 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň Ýol kartasynyň durmuşa geçirilişine syn berdiler. Onuň durmuşa geçirilmegi barada hasabat aşakdaky bäş ugur boýunça işlenip düzüldi: Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryş işleri, şol sanda DÖM-niň çarçuwaly syýasaty, DÖM-ny maliýeleşdirmek, DÖM-niň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we baha bermek; statistiki mümkinçilikleri ýokarlandyrmak; maglumatlaryň elýeterliligi, adam hukuklary ugrunda utgaşdyryş işleri, şeýle hem global pandemiýa garşy göreşmek ugrunda utgaşdyryş işleri.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar 2022-nji ýyl üçin Ýol kartasyny işläp düzmek we Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň strategiki ugurlary boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz