BMG-niň halkara geňeşçisi doktor Marýan Petreski Türkmenistanda bar bolan maglumatlary bir ýere jemlemedi we DÖM boýunça maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we derňemek üçin öňdebaryjy halkara tejribesini hödürledi. Doktor Petreski hasabatdaky kemçilikleri düzetmek üçin maglumat çeşmelerini teklip etdi, şeýle hem DÖM-niň görkezijilerini ýygnamak we hödürlemek üçin ulgamyň kemçiliklerini düzetmek üçin çözgütleri we çäreleri teklip etdi. DÖM-niň görkezijileriniň usulynyň ornaşdyrylmagyna, maglumatlaryň ýygnalmagyna we gaýtadan işlenilmegine jogapkär bolan milli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri bolan gatnaşyjylar milli DÖM-niň görkezijileri boýunça hasabaty işläp düzmek ugrunda kynçylyklary we mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw Türkmenistanda DÖM-niň milli orta möhletleýin synyny bermegiň çäginde ýurtda DÖM-ni durmuşa geçirmek boýunça öňegidişlikleri synlamak, öňdebaryjy tejribäni kesgitlemek, öz wagtynda syýasy çäreleri görmek, şeýle hem ýurduň DÖM-na ýetmek ugrundaky ýörelgesine berk eýermegi üçin geçirildi. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň “hiç bir kimini ünsden düşürmezlik” ýörelgesi, gowşak toparlar üçin DÖM-na ýetmekde öňegidişlikleriň netijeli seljerilmegini üpjün etmek üçin orta möhletleýin synyny kesgitledi. DÖM-niň orta möhletleýin synynyň netijeleri 2023-nji ýylda hödürlenjek, Türkmenistanyň 2-nji milli meýletin synyna taýýarlyk görmekde ulanylar.
Şeýle hem bu okuw Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki kuwwatyny güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistanda BMGÖM-niň taslamasynyň goldawy bilen geçirildi.
Geçen ýyl BMGÖM-sy Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde DÖM boýunça maglumatlary ýygnamak we ýaýratmak üçin DÖM-niň milli platformasyny ýola goýdy. Bu iş maglumatlara gözegçilik etmek boýunça milli ulgamy pugtalandyrmak we ýurtda DÖM-na ýetmekde öňegidişlikleri meýilleşdirmek we gözegçilik etmek maksady bilen netijelere baha bermek üçin BMG-niň ulgamy bilen milli iş toparynyň bilelikdäki tagallalarynyň çäginde amala aşyrylýar.