Ministirleriň orunbasarlaryndan we BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan Ýolbaşçy komitetiniň agzalary netijeleri çykardylar we 2021-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň dowamynda ýüze çykan kynçylyklary we öwrenilen sapaklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň egindeş başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bu ýygnagy BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini bellemek bilen başlady.
BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy öz çykyşynda hökümete ýylyň dowamynda öndürijilikli işleri alyp barany üçin minnetdarlyk bildirdi we maglumatlaryň alyş-çalyşygy, pudagara utgaşdyryş işlerinde kemçilikler, hem-de BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyçlarynyň bilelikdäki ikitaraplaýyn taslamalarynyň agdyklyk etmegi ýaly käbir meselelere Hökümet we BMG tarapyndan has köp üns berilmelidiginiň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem, ol: “Dürli gyzyklanýan taraplary bir ýere jemlemekde, ösüş boýunça maslahat bermekde, halkara öňdebaryjy tejribeleri öňe sürmekde we “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmekde ornunyň bir bölegi hökmünde BMG ulgamy Türkmenistanyň hökümeti bilen DÖM-niň gazanylmagyny tizleşdirmek üçin kynçylyklaryň we töwekgelçilikleriň çözgüdini tapmak ugrunda hyzmatdaşlyk edýär.” – diýip aýtdy.
Gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň netijeleri baradaky ýyllyk hasabatynda beýan edilen esasy üstünlikler bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili Maliýeleşdirmek boýunça çarçuwaly maksatnama, şeýle hem çeşmelerden peýdalanmak we hyzmatdaşlyk strategiýasy barada hasabat berdi, Döwlet statistika komitetinden hyzmatdaşlar bolsa, 2022-nji ýylda geçiriljek Ilat ýazuwyna taýýarlyk işleri barada habar berdiler.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň netijeleriniň esasy görkezijileri boýunça hasabat bermek, şeýle hem 2023-nji ýylda geçiriljek 2-nji Meýletin milli synyň taýýarlanmagyna ýol açýan, DÖM-niň orta möhletleýin synynyň deslapky netijeleri bilen tanyşdylar.
Ýygnak Ýolbaşçy komiteti tarapyndan 2022-nji ýylda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň tassyklanmagy bilen tamamlandy.