Press reliz

BMG we Türkmenistanyň hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň birinji ýylynda gazanylan üstünlikleri we kynçylyklary ara alyp maslahataşýarlar

24 maý 2022

  • BMG we Türkmenistanyň hökümeti 2021-nji ýylda BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine syn bermek üçin 2022-nji ýylda Ýolbaşçy komitetiniň ilkinji ýygnagyny geçirdi.

Ministirleriň orunbasarlaryndan we BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan Ýolbaşçy komitetiniň agzalary netijeleri çykardylar we 2021-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň dowamynda ýüze çykan kynçylyklary we öwrenilen sapaklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň egindeş başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bu ýygnagy BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini bellemek bilen başlady.

BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy öz çykyşynda hökümete ýylyň dowamynda öndürijilikli işleri alyp barany üçin minnetdarlyk bildirdi we maglumatlaryň alyş-çalyşygy, pudagara utgaşdyryş işlerinde kemçilikler, hem-de BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň başlangyçlarynyň bilelikdäki ikitaraplaýyn taslamalarynyň agdyklyk etmegi ýaly käbir meselelere Hökümet we BMG tarapyndan has köp üns berilmelidiginiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem, ol: “Dürli gyzyklanýan taraplary bir ýere jemlemekde, ösüş boýunça maslahat bermekde, halkara öňdebaryjy tejribeleri öňe sürmekde we “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmekde ornunyň bir bölegi hökmünde BMG ulgamy Türkmenistanyň hökümeti bilen DÖM-niň gazanylmagyny tizleşdirmek üçin kynçylyklaryň we töwekgelçilikleriň çözgüdini tapmak ugrunda hyzmatdaşlyk edýär.” – diýip aýtdy.

Gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň netijeleri baradaky ýyllyk hasabatynda beýan edilen esasy üstünlikler bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili Maliýeleşdirmek boýunça çarçuwaly maksatnama, şeýle hem çeşmelerden peýdalanmak we hyzmatdaşlyk strategiýasy barada hasabat berdi, Döwlet statistika komitetinden hyzmatdaşlar bolsa, 2022-nji ýylda geçiriljek Ilat ýazuwyna taýýarlyk işleri barada habar berdiler.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň netijeleriniň esasy görkezijileri boýunça hasabat bermek, şeýle hem 2023-nji ýylda geçiriljek 2-nji Meýletin milli synyň taýýarlanmagyna ýol açýan, DÖM-niň orta möhletleýin synynyň deslapky netijeleri bilen tanyşdylar.

Ýygnak Ýolbaşçy komiteti tarapyndan 2022-nji ýylda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň tassyklanmagy bilen tamamlandy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz