Baş sekretaryň orunbasary Türkmenistanyň Prezidenti onuň Alyhezreti jenap Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy we oňa BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyga berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Baş sekretaryň orunbasary Türkmenistany Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygy we ýurduň çärýek asyr döwrüň dowamynda eýe bolup duran bitaraplygy bilen gutlady.
Olar adam hukuklarynyň eldegrilmesizligi we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek ugrunda olaryň tutýan möhüm orny barada pikir alyşdylar. Baş sekretaryň orunbasary Älhliumumy döwürleýin synyň netijesinde hödürlenen teklipleriniň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça pudagara komissiýasyny goldamaga taýýardygyny aýtdy. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda COVID-19 pandemiýadan soň dikelmek, subutnamalara esaslanýan ösüş boýunça maksatnamalary işläp düzer ýaly hemme ulanyjylar üçin maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek, BMG-niň ösüş ulgamy tarapyndan netijeli goldawyň berilmegi, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek we şu ýylyň Sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde Bilim ulgamyny özgertmek boýunça sammity ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, Baş sekretaryň orunbasary ýetip gelýän ilat ýazuwyna taýýarlanmak boýunça BMG-niň berýän goldawynyň hem-de netijeleri paýlaşmagyň möhümdigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow bilen geçirilen duşuşykda Baş sekretaryň orunbasary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda öňegidişlikler barada pikir alyşdy. Baş sekretaryň orunbasary we Daşary işler ministri gender deňligi, hem-de aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, howanyň üýtgemegi, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar arkaly çözmegiň wajyplygy, arassa energiýa geçmek, sebitde durnuklylyk, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlar barada söhbetdeş boldular.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy hanym Gülşat Mämmedowa bilen duşuşygynda Baş sekretaryň orunbasary adam hukuklary boýunça Milli hereketler meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde Mejlisiň tutýan ähmiýetli orny barada belläp geçdi.
Ol jemgyýeti guramalary bilen, şol sanda Türkmenistanyň Zenanlar bileleşigi, Ýeňme, Keýik Okara we telekeçi aýallar bilen pikir alyşdy, hem-de aýal-gyzlar tarapyndan dolandyrylýan köp kärhanalaryň üstünlikleri baradaeşitdi, olaryň hemmesini ösüşi dowam etdirmekleri üçin ruhlandyrdy we aýal-gyzlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhümdigini belledi.
Baş sekretaryň orunbasary Türkmenistanyň dört dürli uniwersitetinden 300-den gowrak talyp bilen duşuşdy. Ol DÖM-y we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi barada gürrüň berdi, özüniň ösüşi hakynda şahsy hekaýalaryny paýlaşdy we talyplary DÖM-niň ýerine ýetirilmegine goşant goşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda ýardam etmäge çagyrdy. Olar köp sanly global hadysalar we planetamyzy has gowulandyrmak üçin nesilleriň çözmeli meseleleri barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Baş sekretaryň orunbasary BMG-niň ýurt boýunça topary bilen duşuşdy we Türkmenistany, hem-de Merkezi Aziýa sebitini goldamak boýunça edilýän başlangyçlary we tagallalary ara alyp maslahatlaşdy.
Baş sekretaryň orunbasary Türkmenistanyň hökümetiniň we halkynyň myhmansöýerligini belläp, BMG ulgamynyň ýurda Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanan milli maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda mundan beýläk-de goldaw bermäge dowam etdirjekdikdigini tassyklady.