Ministrleriň orunbasarlary we pudaklaýyn ministrlikleriň hünärmenleri DÖM-niň halkara maglumat binýadynda Türkmenistanyň reýtingi we 2022-nji ýylda DÖM-niň milli orta möhletleýin synynyň netijeleri, şol sanda boşluklaryň derňewi we teklipler bilen tanyşdylar. Olar halkara geňeşçisi jenap Marian Petreski tarapyndan tanyşdyryldy, ol görkezijiler boýunça maglumatlaryň elýeter bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň reýtingi ýokarlanyp biljekdigini hem aýtdy. Şeýle-de, ol esasy we maksatlaýyn gymmatlyklaryň elýeterliligini üpjün etmek, global maglumat binýadyna has işjeň hasabat bermek, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň DÖM-niň görkezijileri boýunça ýokary hilli hasabaty taýýarlamaklary üçin entek köp işleriň amala aşyrmalydygyny aýdyp geçdi.
“Ygtybarly maglumatlaryň elýeterliligi, daşarky sarsgynlaryň, global pandemiýanyň, şol sanda Gündogar Ýewropadaky harby çaknyşyklaryň makroykdysady ýagdaýa we ilatyň dürli gatlaklaryna edýän täsirine düşünmek üçin möhüm şert bolup durýar. Şeýle hem, bu hiç kiminiň ünsden düşmezligini üpjün etmek üçin gönükdirilen çäreleri geçirmek üçin bolan kynçylyklaryň sebäplerine düşünmäge mümkinçilik berer "- diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko belläp geçdi.
Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti DÖM-niň Milli maglumat binýadyny ulanmagyň başlangyç netijelerini, şol sanda onlaýn görnüşine tapgyrlaýyn geçiş ädimlerini hödürledi. DÖM-niň Milli maglumat binýady maglumatlary ýygnamak we gözegçilik etmek, şeýle hem meýilleşdirmegiň we DÖM-ny durmuşa geçirmek ugrunda gazanylan üstülikleri yzarlamagyň netijelerine baha bermek üçin amatly guraldyr.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň bilermenleriniň bilelikdäki iş toparynyň 2021-nji ýylda DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça ýyllyk hasabatyny, şeýle hem DÖM-niň milli matrisasyny üýtgetmek baradaky tekliplerini hödürledi. Mundan başga-da, duşuşukda DÖM-ny maliýeleşdirmek üçin alnyp barylýan işleri gowulandyrmak boýunça ýurduň ygrarlylygy we bilermenleriniň bilelikdäki iş toparynyň üstünlikli işi barada aýdylyp geçildi, Türkmenistanda DÖM-ny Maliýeleşdirmegiň Toplumlaýyn Milli Mehanizmlerini durmuşa geçirmek üçin ilkinji ädimler, hususan-da, häzirki wagtda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň goldawy bilen BMGÖM-niň hünärmenleri we geňeşçiler topary tarapyndan amala aşyrylýan Ösüşi Maliýeleşdirmegiň Bahalandyrmasy hödürlendi.
Duşuşygyň dowamynda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň agzalary Türkmenistanyň global maglumat binýadyna hasabat bermeýän ugry - DÖM-niň millileşdirilen görkezijilerini işläp düzmek boýunça Milli Hereketler meýilnamasyny döretmek babatynda teklibi goldadylar. Bu meýilnamada, her bir milli görkeziji boýunça kesgitlenen çäreler, şeýle hem jogapkär milli edaralar görkezilmeli. Bu meýilnama görkezijiniň usulyýetiniň çylşyrymlylygyna baglylykda 1-3 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilip bilner.