Kynçylyklar döwründe Merkezi Aziýada umyt döreýär
Bu siziň ýoluňyz we ýeke siziňki, beýlekiler ony siziň bilen bilelikde geçip bilerler, ýöne hiç kim ony siziň üçin geçip bilmez. (Rumi)
Ýakynda men Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna - Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Türkmenistana we Özbegistana bolan resmi saparymdan gaýdyp geldim, bu döwletlerde men 30 ýyl garaşsyzlykdan soňra, kynçylyklary we uly mümkinçilikleri bolan sebitiň ýüzbe-ýüz bolýan köp sanly meseleleriniň çözgüdini tapmaküçin edýän anyk çärelerine şaýat boldum.
Meniň saparymyň esasy bölegi Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçirilen, durnukly ösüş üçin suw meselesine bagyşlanan halkara maslahaty boldy.
Suw Merkezi Aziýa sebitinde we Owganystan bilen serhetlerde parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň katalizatorydyr. Merkezi Aziýa ýurtlary suwy ýaşyl energiýa, howa şertleri göz öňüne tutulan oba hojalygy we agyz suwuna elýeterliligi gowulandyrmak üçin ulanýarlar.
Men olaryň suw çeşmelerini dolandyrmak usullaryny güýçlendirmek üçin köptaraplaýyn çözgütleri tapmagaberk ygrarlylygy bilen howa babatynda Gün tertibini öňe sürmek ugrunda edýän kararlaryna şaýat boldum.
Aral deňzi bir wagtlar dünýäde ulygy boýunça dördünji köl bolupdy. Onlarça ýyl mundan ozal, oba hojalygynyň ýerliksiz suwaryş taslamalary, temperaturanyň ýokarlanmagy bilen birlikde, 1990-njy ýyllaryň ahyryna çenli deňziň başdaky meýdany bilen deňeşdirilende, 10% azalmagyna sebäp boldy.
Aral deňziniň krizisi howa täsir edýän betbagtçylygk hökmünde milli ýa-da sebitleýin çäklerden daşyna çykýar. Bu global betbagtçylykdyr.
BMG-niň Baş Assambleýasy Aral deňziniň sebitini ekologiýa innowasiýalarynyň we tehnologiýalarynyň sebiti hökmünde yglan etdi, hem-de howanyň üýtgemeginiň edýän täsirlerini peseltmek we uýgunlaşmak üçin sebitiň maýa goýmak isleglerini bütin dünýä üçin çözgüt hökmünde kesgitledi.
Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin tutuş sebit boýunça işleri alyp barmak möhümdir. Global ýylylyk sebitiň suw we ekosistema deňagramlylygynda möhüm orna eýe bolan Merkezi Aziýanyň buzluklarynyň eremegini tizleşdirýär.
Soňky 50 ýylda Merkezi Aziýanyň buzluklary 25% eredi we geljekki 20 ýylyň içinde buzluklaryň ýene şonça mukdarynyň eremegine garaşylýar.
Bu, zyňyndylary gyssagly ýagdaýda azaltmak we howa babatynda Pariž ylalaşygynyň temperaturanyň 1,5° C çenli ýokarlanmagyny çäklendirmek baradaky maksatlara ýetmek üçin global hereketleri amala aşyrmagyňýene bir sebäbidir.
Gyrgyz respublikasy 2022-nji ýyly Dag ekosistemalaryny goramak we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylykýyly diýip yglan etdi. Men bäş ýurduň liderlerinden öz goşantlaryny goşmak babatyndaky borçlaryny ýerine ýetirjekdigi barada beren wadalaryny diňledim.
Maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi sebitiň ykdysadyýetiniň “ekologiýa taýdan arassa bolmagy” we tebigy baýlyklary gorap saklamak we dikeltmek üçin çynlakaý päsgelçilik bolup durýar.
Sanlaşdyrma bilen utgaşdyrylan ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýet, diňe bir ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrman, eýsem global zerurlyklara laýyk gelýän pudaklarda täze iş mümkinçiliklerini döreder.
Şeýle hem sebitiň demografiki üýtgemelerinden has netijeli peýdalanmak üçin sebitiň ykdysady ösüş ýolunytäzeden gözden geçirmek möhümdir. Merkezi Aziýada 76,5 million adam ýaşaýar we bu ilat ýaşdyr - ortaça ýaş 27,6 ýaşdyr.
Men Merkezi Aziýa uniwersitetine baryp gördüm, ol sebitiň ýaşlaryna diňe bir intellektual taýdan öwrenmek we ösmek üçin däl-de, eýsem sebitde ösüşi we geljekde parahatçylygy ösdürmäge ýardam etjek dostlukly aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Merkezi Aziýanyň ähli ýerinde meniň duşan ýaşlarym, öz ykdysadyýetini öndürijilikli gurjakdygy we öz sesleriniň eşidilmegi üçin gepleşik geçirilýän stoluň başynda oturjakdygy barada niýetleri bilen paýlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde immigrasiýa indi köp adamlaryň esasy saýlaýan ýoly bolmaly däldir.
Men şuňa meňzeş habary dürli ýaşdaky aýallardan eşitdim. Olar aýallaryň ykdysady taýdan mümkinçiliklerini, hukuklaryny we liderligini üpjün edýän deňhukukly we inklýuziw jemgyýetleri döretmäge gönükdirilen has tiz we uly ösüşi gazanmak üçin açyk çagyryş etdiler.
Gender esasyndaky zorlugyň global pandemiýasy, şol sanda diskriminasiýa amallary, köne jemgyýetçilik kadalary, patriarhal garaýyşlar we ýalňyş düşünjeler Merkezi Aziýanyň gender deňligini gazanmak üçinçözgüdini tapmaly meseleleriniň biridir. Bu, Merkezi Aziýanyň aýal-gyzlarynyň sebitiň sosial we ykdysady özgerişlerine goşýan goşandyna akyl ýetirmek üçin zerurdyr.
Hususan-da, sanlaşdyrma birikmek, bilimi özgertmek, dolandyryş ulgamyny gowulandyrmak we ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek, hem-de integrasiýa üçin möhüm ýol açýar. Açyklyk we özgertmeler üçin has köp tagallalaryň edilýän ýagdaýynda Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin çäksiz mümkinçilikler bar.
Dünýäniň ýüzündäki jemgyýetlerde bolşy ýaly, sosial we ykdysady özgerişleriň möhüm elementi adam hukuklaryny pugtalandyrmakdyr. Men bu ýagdaýa oňyn tarapdan garamda-da, Birleşen Milletler Guramasy bilelikde işläp, boşluklary doldurmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw bermek isleýär. Adam hukuklary üns merkezinde bolmalydyr we sebitiň ilatynyň bähbidine goýulýan ähli maýa goýumlarynyň netijelerindegörünmelidir.
Bu ýolda sebitiň ilatyna ýoldaş bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy çetleşdirilen we ilatyň gowşak gatlaklarynyň seslerini eşitdirmäge we güýçlendirmäge dowam eder, şeýle hem deňligi, adalaty we integrasiýany, sebitde durnukly ösüşi we asudalygy gazanmak üçin çözgütleri hödürlär. Serhetleri täze bolan sebitde durnukly parahatçylyga we sebitleýin ykdysady we sosial ösüşe ýol açýan jedelli ugurlardaky dartgynlygy ýeňip geçmek üçin gyssagly ýagdaýda ylalaşyk zerurdyr.
Zorlukly ekstremizmiň ýaýramagynyň öňüni almak we Ukrainadaky söweşiň onuň adamlaryna we ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini azaltmak üçin çäre görmek, üns çekmegi we kanunyň hökmürowanlygyny, şol sanda halkara adam hukuklaryny berjaý etmegi talap eder.
Köp kynçylyklara garamazdan, men Merkezi Aziýany umytdan doly terk etdim. Özgerişikler bolup geçýär. Meseleleriň çözgüdi tapylýar.
Sebite tebigy gurşawynyň gözelligini goramaga we ony ösdürmäge, şeýle hem sosial we ykdysady üýtgeşmelere itergi berýän ilatyň köp bölegini düzýän ýaşlar ýolbaşçylyk edýär.
Bularyň hemmesi Merkezi Aziýanyň ähli halklary üçin nklýuziw we durnukly geljegi kepillendirip biler.