Okuwlarda gatnaşyjylar uzak wagtlaýyn pikirleniş boýunça, şeýle-de 2030-njy ýyla çenli BMG-niň ýurtda goldaw bermegi bilen durnukly ösüşiň meseleleriniň çözüljek geljegiň üstünlikli nusgasyny işläp düzmek konsepsiýasy bilen tanyşdy. Çärä ähli döwlet ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalaryň, hususy sektoryň wekilleri, ýaşlar we BMG-niň gulluklary gatnaşdy.
Gazagystanyň Almaty şäherinden halkara derejeli hünärmen, Narksos uniwersitetiniň garamagyndaky Gazagystanyň Geljegi öwrenmek boýunça ylmy-barlag institutynyň başlygy doktor Jon. A. Suini okuwy geçirdi. Bu okuwda geljegi kemala getirmäge innowasion çemeleşme: gözýetimiň çäginiň daşyndan öňdengörüjiligi ulanmak barada maglumat berildi. Bu taglymatyň mazmuny geljegiň mazmunynyň kemala gelmegi häzirki wagtda geljege nähili garalýandygyna we geljekki ýagdaýlar üçin nähili mümkinçilikleriň bardygyna düşünmegiň esasynda bolup geçýändiginden ybarat.
“Geljegi görmek köpsanly mümkinçiliklerden ybarat. Çaklamalaryň kömegi bilen, islenilýän geljegi kemala getirip biljek hereketler kesgitlenýär. Işlenilip düzülen ýörelgeleriň esasynda ileri tutulýan ugurlar, mümkin bolan howplar, bar bolar serişdeler we öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin gatnaşyklar kesgitlenýär” diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.
Görkezilen konsepsiýa ÝUNESKO-nyň “geljekki sowatlylyk” boýunça işine esaslanýar. Bu iş BMG-niň ulgamynyň meýilleşdirme üçin has üstünlikli çemeleşmeleri döretmek ugrunda “geljekden nähili ýagdaýda peýdalanýandygyny” görkezýär.