Press reliz

Durnukly ösüşe ýetmek ugrunda ýaşlar möhüm oruna eýedir

01 noýabr 2022

  • Türkmenistanda BMG Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ýurduň durnukly ösüşi gazanmak ugrunda alyp barýan işlerine ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin Milli ýaşlar maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň bäş sebitinden 180-den gowrak gatnaşyjylar tejribe alyşmak we jemgyýetleriniň ösüşinde özleriniň tutýan orunlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen iki günlik ýaşlar maslahatyna gatnaşdylar. Şeýle hem, olar jyns esasynda zorluk, sportuň ähmiýeti, jemgyýetler bilen işleşmekde adam howpsuzlygy çemeleşmesi we başga mowzuklar bilen tanyşdylar.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çäräniň açylyş dabarasynda şeýle diýdi: "Ýaşlara - olaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrýan, hukuklaryny goraýan, dürlüligini ykrar edýän we ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň çözgüdini tapmaga ýardam edýän köpugurly syýasatlary we meýilnamalary işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge mümkinçilik berilmelidir."

Gatnaşyjylara şeýle-de, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Ýaşlar babatyndaky global strategiýasynyň ileri tutýan ugurlary we DÖM-niň ýaş ilçileri tarapyndan amala aşyrylýan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda ýaşlaryň tutýan orny barada maglumat berildi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň wekilleri Türkmenistanyň "Ýaşlar barada döwlet syýasaty" hakyndaky täze kanunyny, Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini we sportda, jemgyýetde, hem-de telekeçilikde ýaşlar üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Milli ýaşlar maslahaty, ýaşlar, raýat jemgyýeti we olaryň durmuşyna täsir edýän karar beriji şähsyýetleriň arasynda pikir alyşmak we aragatnaşygy ýola goýmak üçin BMG-niň Ilat Gaznasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, BMG-niň Çagalar Gaznasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we Jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Halkara Migasiýa Guramasy we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan başlandy. Netijede, ýaşlar durmuş taýdan ähmiýetli tematiki ugurlar barada öwrendiler, pikir alyşmak arkaly mümkinçiliklerini artdyrdylar we dostluk, ynam we parahatçylyk ýaly gymmatlyklary pugtlandyrdylar. Ýaşlaryň, erkekleriň gender deňligini öňe sürmek, öz durmuşy we jemgyýetleriniň durmuşy bilen baglanyşykly meselelerde karar kabul etmek işine ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek barada öz pikirlerini we gyzyklanmalaryny hödürlemäge, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen söhbetdeşlik geçirmäge we sorag bermäge, şeýle hem biri-biri bilen aragatnaşygy ýola goýmaga, hem-de gyzyklanýan ugurlarynda bilimlerini we başarnyklaryny paýlaşmaga mümkinçilikleri boldy.

BMG-niň Ýaşlar baradaky strategiýasy, her bir ýaş adamyň hukuklarynyň berjaý edilýän dünýäni döretmek; bu bolsa her bir ýaş adamyň öz mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanyp bilmegi üçin ygtyýarynyň bolmagyny üpjün edýär; bu bolsa öz gezeginde ýaşlaryň özgerişikleri amala aşyrmak ugrunda azatlygyny, durnuklylygyny we oňyn goşantlaryny ykrar edýär.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

EU
European Union
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz