Press reliz

DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça Bilelikdäki bilermenler topary Durnukly ösüşi maliýeleşdirmek ugrunda mümkinçilikleri ýokarlandyrmagy dowam etdirýär

11 noýabr 2022

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti Bilelikdäki bilermenler toparynyň DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça 2021-2022-nji ýyllar üçin Hereketler meýilnamasynyň çäginde Türkmenistanyň maliýe ulgamy we ony özgertmek babatyndaky meýilnama bilen tanyşmak üçin altynjy ýygnagyny geçirdi.

Bilelikdäki bilermenler toparynyň agzalary Türkmenistanyň maliýe ulgamy we ony özgertmek babatyndaky meýilnama, Türkmenistanda ösüşi maliýeleşdirmek çärelerine baha bermegiň netijeleri bilen tanyşdylar, şeýle hem Bilelikdäki bilermenler toparynyň 2022-nji ýyl üçin Hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine syn berdiler we indiki ýyl üçin deslapky meýilnamalary işläp düzdiler.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşyjylary Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň düzümi, ýagny onuň kanuny esaslary, möhüm komponentleri we esasy gyzyklanýan taraplary bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-2028-nji ýyllar üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi baradaky meýilnamasyna laýyklykda, býudjet we salgyt ulgamy, buhgalteriýa we maliýe hasabatlylygy ýaly ugurlar boýunça halkara tejribesini öwrenmek, şeýle hem Türkmenistanyň hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin yzygiderli iş alyp barmak hökümetiň 2022-2028-nji ýyllar üçin ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamynda ileri tutýan ugurlaryň biridir. Hökümet bu ugurlardaky maksatlaryna ýetmek üçin Birleşen Milletler Guramasy, Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä Banky, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, hem-de beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär.

BMGÖM-niň ösüşi maliýeleşdirmek çärelerine baha bermek boýunça bilermeni jenap Lewon Barhudarýan, Türkmenistanda ösüşi maliýeleşdirmek çärelerine baha bermegiň we hasabatyň netijeleri bilen paýlaşdy. Bilermen, Türkmenistanda maliýe ulgamynyň möhüm elementlerini gowulandyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Maliýe statistikasynyň we býudjet ulgamynyň maglumatlarynyň aýdyňlygy we ygtybarlylygy, orta möhletleýin býudjet meýinamasynyň ornaşdyrylmagy, maksatnama býudjetiniň ornaşdyrylmagy, DÖM-niň görkezijileri üçin maksatlaýyn nyşanlary kesgitlemek, maliýeleşdirmegiň mukdaryny we gurluşyny DÖM-na laýyklykda ösüş ugrunda milli ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşdyrmak, DÖM-ny maliýeleşdirmek üçin toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş meýilnamasyny (TMMM) has netijeli we doly derejede durmuşa geçirmek üçin döwlet edaralarynyň we işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrar.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar ýyllyk Hereketler meýilnamasyna üýtgeşmeleri girizmäge, TMMM-ni Türkmenistanda mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ýol kartasyna girizjek goşantlaryny taýýarlamaga we olary orta möhletleýin býudjet meýilnamalaryny ornaşdyrmak boýunça üstünlikli halkara tejribesi bilen bilelikde indiki geçiriljek ýygnakda hödürlemäge ylalaşyga geldiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

IMF
Halkara Walýüta gaznasy
OECD
Organization for Economic Cooperation and Development
World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz