Press reliz

BMG-niň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Dolandyryjy Komitetiniň agzalary 2022-nji ýylda bilelikde gazanan netijeleri bilen tanyşdyrýarlar we 2023-nji ýylda ileri tutulýan ugurlary kesgitleýärler

15 dekabr 2022

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti, 2021-2025-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Dolandyryjy Komitetiniň jemleýji ýygnagyny geçirdi.



 

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň baştutanlygynda geçirilen ýygnakda BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri we ministrleriň orunbasarlary 2022-nji ýylda bilelikde gazanan netijelerini gözden geçirdiler.

Netijeler boýunça bäş toparyň egindeş başlyklary gatnaşyjylary esasy üstünlikler bilen tanyşdyrdylar we Hyzmatdaşlygyň Carçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda ýüze çykan kynçylyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem maksatnamalaryň we taslamalaryň býudjetiniň ýarysyndan gowragy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilendigi bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Hyzmatdaşlygyň Carçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri, şol sanda öňegidişlikleri, Maksatnamanyň netijeleri üçin DÖM-niň kabul edilen görkezijileriniň esaslaryna we maksatlaryna degişlilikde maglumatlaryň ýetmezçiligini, şeýle hem DÖM-ny durmuşa geçirilmek üçin alnyp barylýan işleri tizleşdirmek üçin mümkinçilikleri gözden geçirdiler. Ýolbaşçy Komitetiň agzalary, maglumatlardaky boşluklary ýapmak üçin degişli ministrlikleriň ýetmeýän maglumatlary paýlaşmalydygy barada karara geldiler.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar 2022-nji ýyl üçin BMG-niň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin Ýol kartasyny gözden geçirdiler: Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, şol sanda DÖM-niň syýasy ugurlary, DÖM-ni maliýeleşdirmek, DÖM-niň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we baha bermek; statistiki mümkinçilikleri ýokarlandyrmak; maglumatlaryň elýeterliligi, adam hukuklary babatynda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, şeýle hem global pandemiýa garşy göreşmek ugrunda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar 2023-nji ýyl üçin Netijeleriň ýyllyk hasabatyny we Bilelikdäki hereketler meýilnamalaryny işläp düzmek üçin möhletler, şeýle hem indiki ýyl üçin Ýol kartany işläp düzmek we Hyzmatdaşlygyň Carçuwaly Maksatnamasynyň strategiki ugurlary boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşyga geldiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz