Gol çekişlik dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolup geçdi we oňa BMG-niň Türkmenistanda düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ministrler we ministrlikleriň, hem-de milli edaralaryň wekilleri, şeýle hem ýurduň raýat jemgyýeti guramalary gatnaşdy.
Ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, metbugat, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda gol çekilen 26 resminamanyň arasynda, Senagatçylar Bileleşiginiň başlygy we BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysy tarapyndan gol çekilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini we onuň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk babatynda özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama hem bar.
Hususy pudagyň Türkmenistanda “uglerod zyňyndysyz jemi içerki önüminiň” 70 göterim paýyny, şeýle hem ýurduň zähmet bazaryndaky iş orunlarynyň 50,5 göterimini göz öňünde tutup, hususy kärhanalar ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orun tutýar we onuň mümkinçiligi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin möhüm orna eýe bolup biler. Hökümete işjeň goldaw bermek bilen bir hatarda, BMG-niň ýurt boýunça topary, işewürlik jemgyýetleriniň gatnaşmagyna we hususy pudak bilen aragatnaşyga BMG-niň Baş sekretary tarapyndan 2020-nji ýylda yglan edilen Hereketleriň onýyllygynda DÖM-na ýetmekde üstünlik gazanmagyň möhüm bir bölegi hökmünde garaýar.