Çagalaryň festiwaly hem-de dünýäde iň uly sapak Türkmenistanyň çagalarynyň mümkinçiliklerini giňeldýär
30 oktýabr 2019
- Bütindünýä çagalar gününiň öňüsyrasynda Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň okuwçylary Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) we Çaga hukuklary baradaky Konwensiýa (ÇHK) barada öwrenip, dünýäde iň uly sapafa we DÖM festiwalyna gatnaşdylar.
8-9 ýaşly çagalaryň otuzysy Global maksatlaryň konsepsiýasyny, Konwensiýa laýyklykda çagalaryň hukuklaryny we olaryň arasyndaky gatnaşyklary öwrenmek üçin Birleşen Milletler guramasy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikde gurnan interaktiw oýunlaryna gatnaşdylar. Çagalar şeýle hem emosional intellekt, gender deňligi, howanyň üýtgemegi, arassaçylyk tejribesi ýaly pikirler bilen tanyş bolup öz isleg-arzuwlary bilen paýlaşdylar.
“Men surat mugallymy bolmagy arzuw edýärin” – diýip, “Meniň ganatly maksatlarym” atly oýna gatnaşan sekiz ýaşly Nastýa tolgunma bilen belläp geçdi. Zaman bolsa, “Men beýik binalary gurmak isleýärin” – diýip aýtdy.
“Six Seconds” halkara guramasynyň bilermenleri tarapyndan geçirilen deslapky okuwlara gatnaşan DÖM-yň ýaş ilçileri okuwyň oýun prosesini üpjün etmek bilen Festiwalyň işini ýöretdiler. “Ähli global maksatlary öňe sürýän ýaş liderler bolmak bilen, biz kiçi çagalara Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gatnaşmaga mümkinçilik bermäge synanyşdyk” – diýip, DÖM-yň ýaş iliçisi we Inženerçilik we ulag kommunikasiýalary institutynyň dördünji ýyl talyby Azat Handurdyýew aýtdy.
Festiwalyň jemleri boýunça mekdep okuwçylary ÝUNISEF tarapyndan gurnalan we Çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýanyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dünýäde iň uly sapaga gatnaşdylar. Ýaş gatnaşyjylar Konwensiýanyň maddalaryna düşünmäge kömek edýän interaktiw sessiýalara gatnaşdylar. Käbir çagalar Çagalaryň hukuklary barada goşgulary okamak bilen mugallymyň roluny oýnadylar. Okuwçylar şeýle hem arassa howa, arassa agyz suwy, mekdep bilimi we lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterligi ýaly çagalaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri üçin zerur bolan zatlary hem agzap geçdiler. Şeýle-de çagalar özlerine ene-atalarynyň aladasynyň, söýgüsiniň we goragynyň gerekdigini belläp geçdiler. “Bütindünýä çagalar güni” wideo şekilini görmek bilen ruhlanan çagalar öz hakyky şatlyklaryny beýan etmek üçin çäräni tanslar bilen jemlediler.