Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň Hökümeti Bilelikdäki bilermenler toparynyň (BBT) 2023-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyna laýyklykda DÖM-i maliýeleşdirmek boýunça ýedinji ýygnagyny geçirdi.
Duşuşygyň maksady Türkmenistanda DÖM-iň Toplumlaýyn Milli maliýeleşdiriş mehanizmlerini (TMMM) durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleri gözden geçirmek, şeýle hem Ösüşi Maliýeleşdirmek Seljermesiniň (ÖMS) netijelerini göz öňünde tutup, TMMM üçin ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Şeýle hem, duşuşykda TMMM üçin maliýe strategiýalaryny işläp düzmek boýunça jikme-jik gollanma, beýleki ýurtlaryň käbir tejribesi bilen ösüşiň beýleki ugurlarynda üýtgeşmelere sebäp bolup biljek DÖM-iň tizlendirijileri gözden geçirildi, we Türkmenistan üçin strategiýanyň elementleri ara alyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ýygnakda ýurduň maliýe pudagynyň möhüm bölegi bolan Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazaryna syn berildi.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar toparyň 2023-2024-nji ýyllar üçin iki ýyllyk iş meýilnamasynyň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar we ony toparyň indiki ýygnagyna taýýarlamagy ylalaşdylar.
Bilermenler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigini, şeýle hem Döwlet ösüş bankyny bu topara goşulmagyny teklip etmegi barada ylalaşdylar we ýurtda DÖM-ni maliýeleşdiriş meýilnamasyny goldamak üçin has köp gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynyň möhümdigini aýtdylar.
Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň Hökümeti DÖM-ne ýetmek we hemmeler üçin has durnukly geljegi gurmak üçin bilelikde işlemegi dowam edýärler.