Türkmenistan, Aşgabat – 2025-nji ýylyň 27-nji maýy – Şu gün Birleşen Milletler Guramasy (BMG) bilen Türkmenistanyň Hökümeti 2021–2025-nji ýyllar üçin Durnukly Ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň (UNSDCF) ýerine ýetirilişine bagyşlanan Bilelikdäki Utgaşdyryjy toparyň mejlisini geçirdiler. Aşgabatda geçirilen mejlis gibrid görnüşde bolup, oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko ýolbaşçylyk etdiler.
Öz çykyşynda jenap Şlapaçenko BMG bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtady we BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin milli ileri tutulýan ugurlaryny goldamagy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Mejlisiň dowamynda 2025-nji ýyl üçin milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlary we olaryň Bilelikdäki iş meýilnamalarynda beýan edilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş toparlarynyň wekilleri sebitdäki esasy ileri tutulýan ugurlary, potensial töwekgelçilikleri we päsgelçilikleri aýtdylar. Ara alyp maslahatlaşmadan soň, 2025-nji ýyl üçin Bilelikdäki iş meýilnamalary tassyklanyldy.
Mejlisiň esasy bölekleriniň biri, 2026–2030-njy ýyllar üçin täze BMG–Türkmenistan Durnukly Ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň we BMGÖM, ÝUNISEF we ÝUNFPA guramalarynyň ýurt maksatnamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ýolbaşçysy hanym Selbi Hanowa iki tarapyň hem bilelikdäki kömegini we goldawyny aljak täze hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň strategiki ugruny hödürläp çykyş etdi.
Mejlisiň dowamynda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň wekili jenap Maksat Keşiýew tarapyndan serişdeleriň mobilizasiýasy boýunça edilen tagallalaryň we maliýeleşdirme tendensiýalarynyň syny geçirildi. Ol BMG-niň we oňa agza döwletleriň täze Maliýeleşdiriş Ylalaşygy boýunça borçnamalaryna umumy syn berdi hem-de ýurt derejesindäki tagallalaryň ähmiýetini nygtady. Jenap Keşiýew 2030 Gün tertibini, BMG-niň 75 ýyllygy boýunça Jarnamany, "Biziň Umumy Gün tertibimiz" başlangyjyny, Geljegiň Sammitini we onuň netijeleri bolan Geljek barada Ylalaşygy hem-de Geljek Nesiller boýunça Jarnamany özara baglanyşdyrdy. Ösüşi maliýeleşdirmek we DÖM-e ýetmek üçin maliýe çeşmeleriniň utgaşygyny güýçlendirmek, Durnukly Ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine goldaw bermek maksady bilen öňe sürüldi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mähri Bäşimowa we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň durnukly ösüşi üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýändiklerini ýene bir gezek tassykladylar.