Press reliz

BMG-niň Netijeler boýunça topary 2017-nji ýyl üçin Iş maksatnamalary ara alyp maslahatlaşýar

19 aprel 2017

  • Bu okuwlar görkezijileri we aralyk netijeleri işläp düzmek boýunça mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdiriler. 

2017-nji ýylyň aprel aýynyň 4-18-i aralygynda geçirilen birinji tapgyrdaky duşuşyklarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde düzülen Netijeler boýunça bäş sany bilelikdäki toparyň agzalary Gözegçilik etmek we baha bermek boýunça meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagy tamamlady we 2020-nji ýyla çenli Gözegçilik etmek we baha bermek boýunça senenamalary işläp düzdi.

Degişli ministrlikleriň hem-de BMG-niň hünärmenleri Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama babatda gazanylan netijelere baha bermek we Gözegçilik meýilnamalaryny jemlemek üçin görkezijiler boýunça zerur bolan maglumat barada maslahatlaşdy. Gözegçilik etmek we baha bermek boýunça 2020-nji ýyla çenli umumy senenama ara alnyp maslahatlaşyldy we işlenilip düzüldi.    

Netijeler boýunça topar 2016-njy ýylda hem-de 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda gazanylan netijeler barada hasabat bermek maksady bilen, indiki duşuşygy şu ýylyň ikinji ýarymynda geçirmek kararyna geldi. Ikinji duşuşykda gelnen netijelerden soň ýurt boýunça netijeleriň hasabaty taýýarlanylar. 

Ondan başga-da, ýylyň soňunda ministrleriň orunbasarlary derejesinde Milli dolandyryjy we utgaşdyryjy komitetiniň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu duşuşykda Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň görkezijilerindäki esasy üýtgeşmeler we maksatnama boýunça gazanylan netijeler boýunça hasabatlar görkeziler. 

Toparyň agzalaryna Gözegçilik etmek we baha bermek boýunça mümkinçilikleri giňeltmek babatda çäräniň 2017-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljekdigi barada habar berildi.

Sofiya Yuvshanova

Sofiya Yuvshanova

RCO
Monitoring and Evaluation Specialist

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz