BMG-niň gulluklary, Türkmenistanyň köpsanly ministrlikleri hem-de hökümet edaralary 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda tassyklanan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we oňa baha bermek ulgamyny döretmegiň jemleýji tapgyryna ýetdi. Bu maksat bilen, BMG teklip edilen gözegçilik ulgamda degişli ministrlikleriň wezipeleri barada jemleýji maslahatlary geçirýär.
Teklip edilen ulgamyň esasynda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmäge we bu barada döwlet hasabatyny taýýarlamaga jogapkär bolar. Ondan başga-da, ulgamda Durnukly ösüş maksatlary boýunça maglumaty merkezleşdirilen ýagdaýda ýygnamak üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan dolandyrylýan maglumat binýadyny döretmek göz öňünde tutulýar.
“Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek çylşyrymly wezipe bolup, ol Türkmenistanyň ähli ministrlikleriniň we gulluklarynyň gatnaşmagyny talap edýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça ulgamy döretmek esasy ministrlikler we gulluklar tarapyndan maglumatyň toplanmagy we derňelmegi boýunça mümkinçilikleri güýçlendirýär we Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini dünýä derejesinde görkezmäge ýardam berýär. Biz degişli ministrlikleriň we gulluklaryň iň gowy ulgamy işläp düzmek üçin edýän tagallalaryny we isleglerini görüp şatlanýarys. Taýýarlyk işi tamamlananda, bu ulgam 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüşiň esasyny emele getirer, çünki ol zerur ýagdaýlarda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini üýtgetmäge ygtyýar berýär” diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryş, ykdysady we hemmeler üçin açyk bolan ösüş meseleleri boýunça işgäri Nurjemal Jalilowa düşündirdi.
Maslahatlara Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Çöl, ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky milli instituty, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Seýsmologiýa ylmy instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesi, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti gatnaşdy.
Maslahatlaryň netijesinde, gözegçilik ulgamynyň jemleýji netijelerini we düzümini görkezmek maksady bilen BMG-niň we onuň hyzmatdaşlarynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçiriljek tegelek stol duşuşygyna gatnaşjakdygy bellendi.