Şu gün BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibiniň “adamzat üçin iň dogumly ädimdigini” we onuň BMG-niň ösüş ulgamynda dogumly üýtgeşmeleri talap edýändigini belläp, adamlaryň durmuşyny gowulandyrmakda kesgitli netijelere ýetmek maksady bilen, guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça hereketleri kesgitledi.
“Biz agtyklarymyz üçin durnukly ösüşi, adam hukuklaryny we parahatçylygy üpjün etmek maksady bilen, gurluşy üýtgetmeli, bu işde biz wagt ýitirmeli däl” diýip, jenap Guterreş Ykdysady we jemgyýetçilik geňeşine aýtdy.
“Şeýlelikde, dürli sektorlarda we ugurlarda päsgelçiliksiz işlemek üçin, BMG-niň ösüş ulgamy has toplumlaýyn [we guramaçylykly] […], şeýle-de has netijeli bolmaly.”
Jenap Guterreş Geňeşe (BMG-niň ösüş maksatnamasyny üýtgetmek boýunça) beren hasabatynyň BMG-ni dünýäniň çylşyrymly we özara baglanyşykly meseleleri bilen iş salyşmaga laýyk getirmek üçin özgertmeler boýunça has giňişleýin gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi.
Ondan başga-da, ol pikirleriniň we teklipleriniň Geňeşiň ara alyp maslahatlaşmagyna we birnäçe ugur boýunça agza döwletleriň garaýyşlaryny bilmegine gönükdirilendigini aýtdy. Bu barada has giň hasabat dekabr aýynda iberiler.
Sekiz sany gözükdiriji ugur
Jenap Guterreş teklip eden özgertmeleri üçin sekiz sany gözükdiriji ugry kesgitledi. Olaryň birinjisi BMG-niň ösüş ulgamynyň Müňýyllygyň ösüş maksatlaryndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine geçmek işini tizleşdirmekden we şol bir wagtda olary kämilleşdirmekden ybarat.
Ol: “Biz maslahatlary üpjün etmäge, hünärmen bilimlerini birleşdirmäge we hökümetlere Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ýardam bermäge, şeýle-de toplumlaýyn çäreleri geçirmekde zerur bolan hyzmatdaşlary ýygnamakda goldaw bermäge ukyply bolmaly” diýip aýtdy.
Ondan başga-da, ol Hökümetleriň maliýe ulgamlaryna ýardam bermek, şeýle-de gatnaşyjylaryň giň ulgamy, şol sanda hususy sektor, halkara maliýe institutlary we beýleki hyzmatdaşlary bilen işlemek üçin ösüşi maliýeleşdirmek meselesine uly ünsüň berilmelidigini belledi.
Ikinji ugur özara ylalaşmak, agzybirlik hem-de jogapkärçilik ýörelgelerine esaslanyp, aýratyn edaralary güýçlendirmek maksady bilen aýratyn alnan döwletde BMG-niň ähli gulluklaryny öz içine alýan ýurt boýunça toparlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat.
Ondan başga-da, ol durnukly ösüşiň ugurlaryny öz içine almak üçin ýurt derejesinde has netijeli we toplumlaýyn derňewi hem-de meýilleşdirmäni üpjün etmek maksady bilen, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjylarynyň wezipelerini BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekilleriniň wezipelerinden “aýratynlaşdyrmagyň” zerurdygyny belledi.
Şondan soň, ol täze býurokratiýa düzümleriniň döredilmezligini üpjün etmek maksady bilen, özgertmeleriň edara binanyň derejesinde geçiriljekdigini aýtdy.
Bu maksat bilen ol Baş Sekretaryň orunbasary Amina Mohammediň BMG-niň Ösüş toparyna gözegçilik etmegi we strategik taýdan ýolbaşçylyk etmegi, şeýle-de ynsanperwer hereketler we ösüş işleriniň arasyndaky ylalaşygy üpjün etmek üçin, Ýolbaşçylyk komitetine baştutanlyk etmegi tabşyrdy.
Üns berlen beýleki ugurlara sebitleýin derejede BMG-niň syýasatynyň jebisligini güýçlendirmek; BMG-niň ösüş ulgamynyň jogapkärçiligini güýçlendirmek; we baha bilen hiliň arasynda iň peýdaly gatnaşygy teklip edýän maliýeleşdirmäniň netijeli düzümlerini üpjün etmek we ulgam boýunça umumy netijeler babatda hasabat bermek degişli.
Takyk netijeleriň üsti bilen üstünlige ýetiler
Özgertmeleriň adamlaryň durmuşyny gowulandyrmakda kesgitli netijelere getirjekdigini belläp, Baş Sekretar hasabatda beýan edilen meseleleriň aglaba böleginiň üstünde geljekde-de maslahatlaşylmalydygyny we bu ugurda agza ýurtlary bilen işlemäge taýýardygyny belledi.
Ol: “BMG-niň ösüş ulgamyny üýtgetmek biziň bilelikdäki jogapkärçiligimizdir […]. Men biziň bilelikde täze gün tertibi tarapyndan talap edilýän we adamzadyň mynasyp bolan hereketleri ýerine ýetirip biljekdigimize ynanýaryn” diýip aýtdy.