Press reliz

Global tolgunyşyklar wagtynda halkara hyzmatdaşlygyna jemgyýetçilik goldawy artýar

23 aprel 2020

  • 186 sany ýurtdan gelen maglumatlar COVID-19 pandemiýasynyň bütin dünýäde ýaýrap başlandan bäri, halkara hyzmatdaşlygyna jemgyýetçiligiň ep-esli ýokarlanýan goldawyny görkezýär. Ýüzlerçe söhbetdeşlik we onlaýn gözleg arkaly toplanan maglumatlar Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygy babatda başlangyjynyň (BMG75) bir bölegidir. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanan BMG75 guramanyň jemgyýetçilik pikirlerini we global meseleleriň köpçülikleýin çözgütlerini ýygnamak üçin esaslanan iň uly çäredir.

Nýu-Ýork, 2020-nji ýylyň 20-nji apreli. BMG-niň tutuş ulgamynyň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin birleşmegi bilen, Gurama 75 ýyllyk başlangyjy (BMG75) arkaly dünýä jemgyýetçiligine ses bermek ugrundaky tagallalaryny hem giňeldýär. Ýanwar aýynda başlanan BMG75 ähli adamlara BMG75 gepleşiklerine gatnaşmak ýa-da www.un75.online salgysynda bir minutlyk barlagy tamamlamak arkaly global ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik bermek üçin 2020-nji ýylyň dowamynda işlär. [1] 

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2020-nji ýylyň 24-nji martyna çenli aralykda toplanan maglumatlara esaslanan deslapky netijeler şu gün [2] www.un.org/en/un75/news-events salgysynda ýerleşdirildi:

1. Fewral aýynyň ahyryndan başlap, COVID-19 pandemiýasy sebäpli dörän tolgunyşygyň bütin dünýäde ýaýramagy bilen, sorag-jogap berlenleriň aglaba köplügi - 95%-i ýurtlaryň global ýörelgeleri dolandyrmak ugrunda bilelikde işlemeginiň zerurlygy barada ylalaşdylar. Goldaw ähli ýaş toparlary we bilim derejeleri boýunça berilýär. Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky pikirler raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen has netijeli hyzmatdaşlygy we aýal-gyzlaryň, ýaşlaryň, ýerli halklaryň we ejiz toparlaryň syýasat ýöretmegine has köp gatnaşmagyny öz içine alýardy.

2. Howa we daşky gurşaw adamzadyň geljegine iň köp täsir etjek meseleleriň sanawynda birinji orunda durup, olar beýleki soraglara berlen jogaplaryndan iki esse köp. Çaknyşyklar we zorluklar ikinji, mart aýynyň başyndan bäri ýokary galan saglyga abanýan howplar üçünji orny eýeledi.

3. Geljek üçin ileri tutuljak bäş sany ugur şulardan ybarat: daşky gurşawy goramak, adam hukuklaryny goramak, az dawa, esasy hyzmatlara deň ygtyýarlyk we diskriminasiýanyň bolmazlygy.

Guramamyzyň ýetmiş bäş ýyllyk şanly senesiniň manyly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek we bu ähmiýetli pursatdan peýdalanyp, häzirki pandemiýa garşy göreşmekde we uzak möhletli maksatlara ýetmek üçin dünýä zerur bolan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy şöhlelendirmek üçin dowam etdirjek tagallalarymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, çünki hut şu meseleler bilen iş salyşmak üçin Birleşen Milletler Guramasy döredildi. ” - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş

Bellikler

[1] BMG-niň 75 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş sekretary tarapyndan öňe goýlan başlangyç öňki çärelerden düýpgöter tapawutlanýar, çünki onda BMG-niň üstünlikleri barada maglumat bermäge az ähmiýet berilýär we dünýä jemgyýetçiligini, esasan hem, ýaşlary diňlemäge has köp üns berilýär. BMG75 topary 2020-nji ýylyň dowamynda jemgyýetçilik hyzmatdaşlary tarapyndan gurnalan bir minutlyk barlag (53 dilde) we gepleşikler arkaly häzirki wagtda dünýädäki meseleler we olary nädip çözmelidigi barada jemgyýetçilik pikirini ýygnar. Bu maglumatlar 70 ýurtda wekilçilikli gözleg; akademiki gözlegler; metbugat we durmuş ulgamlaryň derňewi bilen üsti ýetiriler. Netijeler 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň 75 ýyllygynyň resmi dabarasynda hödürlener, şondan soň BMG75 olary nädip öňe sürmelidigi barada ünsi jemlär, jemleýji hasabat bolsa 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda çap ediler.

[2] Ulanylan maglumatlar 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 24-nji martyna çenli ýygnandy. Bu döwürde BMG-niň 186 sany agza döwletinde mobil programmalaryna gatnaşan 5688 sany adamdan başga, 35556 sany adam bir minutlyk barlaga gatnaşdy. BMG-niň 87 sany agza döwletinde 330-dan gowrak gepleşik geçirildi, olaryň 32 sanysyndan 56 sany gysgaça mazmun bu deslapky seljermä girizildi.



BMG75 täzelenmesini şu salgyda doly okaň: https://www.un.org/en/un75/news-events

BMG75 söhbetdeşligine şu salgyda goşulyň: www.un.org/UN75

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN
Birleşen Milletler Guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz