Press reliz

Meýletin milli syn boýunça hasabatda Türkmenistanyň statistik kuwwatyny güýçlendirmek

27 aprel 2020

  • Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti üçin Milli görkeziji çarçuwalar we Meýletin milli syn boýunça webinar BMG-niň öýünde geçirildi we wideokonferensiýa arkaly Birleşen milletler guramasynyň Ýewropa boýunça ykdysady komissiýasy (UNECE) tarapyndan alnyp baryldy.

Kanadanyň statistika guramasynyň wekilleri Milli görkeziji çarçuwalary hem-de Meňzeşlikler we tapawutlar boýunça derňewi hödürlediler. Awstriýa, Ysraýyl, Bosniýa we Gersegowina, Fransiýa, Moldowa we Germaniýa ýaly birnäçe ýurtdan wekilçilik edýän onlaýn ýygnaga gatnaşyjylar Meýletin milli syn boýunça tejribe alyşdylar.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlary boýunça görkezijilerini ýygnamagyň barşy Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň orny we şu wagta çenli gazanylan üstünlikler barada hasabat berdi. Meýletin milli syna görä, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde dogry ugurdadygyny hem-de dünýä we sebit derejesinde halkara gatnaşyklar ugrunda Türkmenistanyň tutýan ornuny berkitmäge goldaw berjekdigi bellendi.

Gatnaşanlar Meýletin milli syn boýunça hasabat bermek prosesinde indiki ädimler barada ylalaşdylar.

Sofiya Yuvshanova

Sofiya Yuvshanova

RCO
Monitoring and Evaluation Specialist

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz