Press reliz

BMG we Ýaponiýanyň ýaşlary Durnukly ösüş maksatlary boýunça tejribe alyşdy

06 mart 2018

  • BMG-niň gulluklary Ýaponiýanyň Tokio şäheriniň uniwersitetiniň talyplary we professor-mugallymlary bilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek barada maslahatlary geçirdi.  

Duşuşygyň maksady Durnukly ösüş maksatlary barada bilimi alyşmakdan we onuň öňdebaryjy ornuny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Gatnaşyjylar BMG-niň ýurt boýunça toparynyň işi, gulluklary, olaryň esasy gazananlary we geljekki maksatlary bilen tanyşdyryldy. Gatnaşyjylar 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň çäginde BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň işleri boýunça maslahata gatnaşdy.

Daşary ýurt talyplary üçin BMG-niň binasyna gelip görmek we Türkmenistanda BMG-niň medeniýeti we işi bilen tanyşmak däbe öwrüldi.  

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz