Press reliz

BMG öňki Baş Sekretar Kofi Annanyň aradan çykmagy sebäpli gynanjyny bildirýär

20 awgust 2018

  • BMG öňki Baş Sekretar Kofi Annanyň gysga möhletli keselden soň aradan çykmagy sebäpli gynanjyny bildirýär. Gana döwletiniň meşhur diplomaty 80 ýaşynda bolupdy.  

BMG-niň Türkmenistandaky ofisi BMG-niň 7-nji Baş Sekretarynyň, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureatynyň aradan çykmagy sebäpli gynanjyny bildirýär. Kofi Annan Birleşen milletler guramasynyň işlerine iň möhüm pursatlarda ýolbaşçylyk etmegi, guramanyň dünýäde merkezi ornuny berkitmek ugrunda goşan goşandy, adam hukuklaryna hormat goýmak we hukugyň hökmürowanlygy ýörelgelerine esaslanyp, bütindünýä meselelere uzak wagtlaýyn çözgütleri tapmak üçin mümkinçiligi döretmek ugrunda degişli işleri geçirmegi, şeýle-de tutuş adamzat üçin parahatçylygy we abadançylygy goramak ugrunda ýokary derejeli başlangyçlary bilen ýatda galar.  

BMG-niň baýdagy 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 20-ne (Duşenbe güni) aşak düşürilip, awgust aýynyň 22-ne (Çarşenbe güni) sagat 18:00-dan soň ýokary galdyrylar.

Birleşen milletler guramasynyň Türkmenistandaky ofisi esasy zalda gynanç bildirmek üçin kitapçany goýdy. Bu kitapça 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 20-ne sagat 12:00-dan 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 22-ne sagat 17:00-a çenli elýeter bolup, onda Hökümetiň, ýurtda hasaba alnan diplomatik bölümleriň wekilleri we Türkmenistanyň halky jenap Annany hormat bilen ýatlamaga mümkinçilik gazandy.

Türkmenistanda BMG-niň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolusynyň 21-nji jaýy.

*** Jenap Kofi Annan bütindünýä guramanyň 7-nji başlygy bolup, ol guramanyň işgärleriniň arasynda Baş Sekretaryň wezipesine ýeten ilkinji adam bolupdy.

BMG-niň häzirki başlygy Antoniu Guterreş ony “ýagşylyga getirýän ýolbaşçy” we “ähli adamlaryň parahatçylykda ýaşamagy ugrunda göreşen Afrikanyň beýik ogly” diýip atlandyrdy.

“Beýlekiler ýaly, men hem Kofi Annany gowy dost we halypa hasaplaýardym. Özüniň ýolbaşçylygynda BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň wezipesini maňa ynanmagy meniň üçin uly hormata öwrüldi. Ol meniň üçin hem-de beýlekiler üçin islendik wagty maslahat sorap bolýan ýa-da nesihat alyp bolýan adamdy” diýip, jenap Guterreş çykyşynda aýtdy.

“Ol ähli ýerleriň adamlaryny gepleşikler hem-de meseleleriň çözgüdini tapmak üçin zolak bilen üpjün edip, has gowy dünýä ýol açdy. Şeýle birahat we agyr döwürlerde ol BMG-niň Düzgünnamasynyň gymmatlyklaryny durmuşa geçirmek ugrunda işlemegi hiç wagt tamamlamaýardy. Onuň galdyran mirasy biziň ählimiz üçin ylham bolup hyzmat eder.”

Kofi  Annan 1938-nji ýylyň aprel aýynyň 8-nde Gana döwletiniň Kumasi şäherinde eneden boldy.

Ol BMG-niň Baş Sekretary wezipesinde 1997-nji ýylyň ýanwar aýyndan yzygiderlikde bäş ýyla deň bolan iki möhletiň dowamynda işledi.

Jenap Annan BMG ulgamyna 1962-nji ýylda Ženewa şäherinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň dolandyryş we býujet işgäri hökmünde işe geldi, şondan soň býujet, maliýe we parahatçylygy saklamak ýaly ugurlarda ýokary derejeli wezipeleri eýeledi.

Jenap Guterreşiň bellemegine görä: “Köp babatda Kofi Annanyň özi Birleşen milletler guramasy ýaly bolupdy. Ol gullukda ýokary derejelere galyp, uly abraý we aýgytlylyk bilen täze müňýyllykda guramanyň başlygy boldy.”

Işe Ženewa şäherinde başlandan soň, Annan Efiopiýada, Müsürde, öňki Ýugoslawiýada we Nýu Ýork şäherinde BMG-niň edara binasynda işläpdi.

1990-njy ýylda Yrak döwleti Kuweýte çozandan soň, ol 900 sany halkara derejeli işgäriniň öz watanlaryna dolanmagyna, şeýle-de günbatarda zamun saklanýan adamlaryň azat bolmagyna ýardam berdi.

Soňabaka, ol ynsanperwer kömegi üçin harytlary satyn almagy maliýeleşdirmek ugrunda nebiti satmak barada Yrak bilen gepleşikleri geçiren BMG-niň ilkinji toparyna ýolbaşçylyk etdi. 

 

1997-nji ýylyň ýanwar aýynda Baş Sekretaryň wezipesine bellenmeginden öň ýanynda, jenap Annan BMG-niň deňi-taýy bolmadyk ösüşi döwründe Parahatçylygy saklamak boýunça BMG-niň bölümine baştutanlyk etdi.

Onuň BMG-niň başlygy hökmünde ilkinji iri başlangyjy 1997-nji ýylyň ýanwar aýynda BMG-ni özgertmek boýunça agza döwletlere görkezilen meýilnamasy bolupdy.

Jenap Annan öz wezipesini adam hukuklaryny, hukugyň hökmürowanlygyny, Afrikanyň ösüşini wagyz etmek üçin ulanypdy we raýat jemgyýeti, hususy sektor we beýleki hzymatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň üsti bilen BMG-ni dünýäniň adamlaryna has golaý getirmek ugrunda işläpdi.   

Ondan başga-da, BMG-niň Baş Sekretary hökmünde ol AIW ýokanjy we AIDS ýaly kesellere garşy göreşmek, şeýle-de terrorçylyga garşy durmak ugrunda bütindünýä hereketlerini alyp barmaga çagyrdy.

2001-nji ýylda jenap Annan we BMG bilelikde parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna eýe boldy. 

2006-njy ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynda özüniň soňky gezek sözlän sözünde, Kofi Annan “höweslendiriji üýtgeşmeleri we umumy pikirleri özünde jemleýän uly dag” diýip atlandyran guramasyndan gidýändigi barada duýgularyny beýan etdi.

Iş agyr we çylşyrymly bolan bolsa-da, ol käwagt bu işiň “ýokary derejede höweslendiriji” bolandygyny belledi.

Ol: “Men ýaşaýşymyň indiki tapgyrynda bu işden dynç almagy meýilleşdirýän hem bolsam, men bu “dagy” küýsejekdigimi bilýärin” diýip aýtdy.

Şeýle-de bolsa, jenap Annan işsiz galman, 2011-nji ýylyň mart aýynda başlanan gapma-garşylykdan soň, BMG-niň Siriýada ýörite wekili boldy. 

Ondan başga-da, ol 2016-njy ýylda Mýanma döwletinde rohinja jemgyýetiniň watany bolan Rakhaýn ştatynda ähli adamlaryň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda döredilen Maslahat berijilik komissiýasyna hem baştutanlyk etdi.

Kofi Annanyň watany bolan Gana döwletinde onuň adyny saklaýan halkara parahatçylyk okuw merkezi döredildi, merkez 2004-nji ýylda işe başlady.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN Women
BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz