Bütindünýä maksatlaryna ýetmäge bagyşlanan tans festiwalyna müňden gowrak adam gatnaşýar
28 oktýabr 2018
2030-njy ýylyň Gün tertibiniň esasy habaryny ýetirmek maksady bilen, ýaşlaryň 300-e golaýy tans festiwalynda 17 sany Durnukly ösüş maksatlaryny görkezdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde şeýle hem Birleşen milletler guramasynyň we Türkmenistanyň Aýdym-saz jemgyýetiniň guramagynda geçirilen tans festiwalynda ýaşlaryň 300-e golaýy 17 sany Durnukly ösüş maksadyny häzirki zaman tanslarynyň üsti bilen tanyşdyrdy.
Tans festiwalynyň maksady jemgyýeti Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýylyň Gün tertibi bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup, bu festiwal oktýabr aýynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça meýilnamanyň çäginde geçirilipdi. Tematik tanslaryň üsti bilen, tansçylar 2030-njy ýylyň Gün tertibiniň garaýyşlaryny we ýörelgelerini häzirki zaman tanslaryň üsti bilen tanyşdyrdy, bu ýerde “ähli adamlar üçin durnukly ösüşi üpjün etmek” ýörelgesine esasy üns berildi.
“Bu festiwal Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen ilkinji tans festiwalydyr. Men bütindünýä parahatçylygyny kämilleşdirmäge, ykdysady ösüşi ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy goramaga we howanyň üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilen 17 sany bütindünýä maksadynyň ýörelgelerini görkezip bilendigimize ynanýaryn” diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa festiwalyň açylyş dabarasynda aýdan gutlag sözünde belledi.
Aýdym-saz zalynda 800-den gowrak tomaşaçy ähli çykyş edijileri ýokary derejede garşy aldylar. Festiwal ýokary hünärli tansçylara baýrak gowşurmak we ähli gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabarasy bilen tamamlandy.
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz