Pudaklaýyn milli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri BMG-niň gulluklary bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerini meýilnamalaşdyryş we gözegçilik işine girizmek maksady bilen, geljekki 5 ýylda durmuşa geçirilýän ýa-da işlenip düzülýän milli maksatnamalaryň sanawyny gözden geçirdiler.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ofisiniň topar ýolbaşçysy jenap Çary Nurmuhammedowyň belleýşi ýaly,
“BMG-niň gulluklary we milli hyzmatdaşlar Durnukly ösüş maksatlaryny birleşdirýän täze bilelikdäki maksatnamalary, meýilnamalary we strategiýalary taýýarlaýarlar. Şeýle-de bolsa, dowam edýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine has gowy gözegçilik etmek we baha bermek, şeýle-de täze strategiýalary we bilelikdäki meýilnamalary işläp düzmek üçin, esasy we maksat görkezijileri bolan maglumat ulgamyny girizmek zerur bolup durýar”.
Maslahatlaşmalar adam hukuklary, durmuş, ykdysady, daşky gurşaw we dolandyryş meseleleri ýaly tematiki ugurlarda geçirildi. Gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerini girizip boljak milli maksatnamalary hödürlediler.
Duşuşygyň netijeleri 2020-nji ýylyň iýul aýyna meýilleşdirilýän Durnukly ösüş maksatlary boýunça ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde iş toparynyň indiki ýygnagynda görkeziler.