BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa Durnukly ösüş maksatlarynyň täze ilçileri bilen salamlaşyp: “Biz her bir ýaş adamyň hukuklaryna hormat goýuljak, ähli ýaşlaryň doly mümkinçiliklerine ýetip biljek, başarnyklaryň we oňyn goşantlaryň üýtgeşmeleriň wekilleri hökmünde ykrar ediljek dünýäni gurmaga çalyşýarys” – diýip nygtady.
Ilkinji toparyň agzalary milli we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmakda toplan tejribeleri we sapaklary bilen paýlaşdy. Durnukly ösüş maksatlarynyň iň üstünlikli ilçileri BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysyndan baýrak aldy. Olar giriş döwründe täze ýoldaşlaryna kömek bererler.
“Bu ajaýyp döwür maňa uly tejribe berdi, gatnaşyk torumy giňeltdi we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny has gowy tanatmak üçin täze hünärler bilen üpjün etdi. Men bu başlangyjyň bir bölegi bolanyma begenýärin we bilelikde üýtgeşmeleriň wekilleri boljakdygymyza ynanýaryn” – diýip, 5-nji Durnukly ösüş maksadynyň ilçisi Läle Baýryýewa belledi.
Gatnaşanlar BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, UNICEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa guramasynyň, BSGG-niň we BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça guramasynyň işleri bilen tanyşdyryldy. Onda başga-da, olar Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw merkezinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde nähili işleýändigini öwrenmek üçin ýygnaklara gatnaşar.
Iýul aýynyň ahyrynda Durnukly ösüş maksatlarynyň täze ilçileriniň Iş meýilnamasyny düzüp, ony işlerine başlamak üçin BMG we Hökümete tabşyrmagyna garaşylýar. Bu taslama BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy tarapyndan başlandy we 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw merkezi tarapyndan goldanyldy.