Türkmenistanyň hökümeti we BMG-nyň ýurt boýunça topary durnukly ösüş maksatlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin konsultasiýalara başladylar. Gurluşlaýyn prosesiň maksady indiki 15 ýylyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan kabul edilmeli maksatlary we görkezijileri ylalaşmak maksady bilen degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri bilen durnukly ösüş çygrynda global maksatlaryň her birini maslahatlaşmak bolup durýar. Maslahat BMG bilen bilelikde pudaklaýyn ministrlikler tarapyndan alnyp barylýar.
Konsultasiýalar mart aýynda 17 gün dowam eder.
“Durnukly ösüşiň her bir maksadyna hem-de onuň görkezijilerine aýratyn 1 gün bölüp bermek Türkmenistanyň hökümetiniň DÖM durmuşa geçirmäge ymtylyşyny görkezýär” – diýip, BMG-nyň hemişelik utgaşdyryjysy Jasinta Barrins belläp geçdi. Biz muňa “Super Mart” diýip at goýduk. Ol prosesiň başy bolsa 2-nji mart, ýagny Türkmenistanyň 1992-nji ýylda BMG-nyň agzasy bolan senesi bilen gabat gelýär.
Konsultasiýanyň ilkinji güni Türkmenistan üçin möhüm maksat bolup durýan daşky gurşaw baradaky 15-nji maksady ara alyp maslahatlaşmakdan başlady.
Bu Türkmenistanda DÖM-ny ýaýbaňlaşdyrmagyň üç tapgyrly prosesiniň birinji tapgyry bolup durýar. Birinji tapgyr 2015-nji ýylda başlady, onda hökümet DÖM boýunça topar döredip, her bir maksat üçin ýolbaşçylyk edýän ministrligi bellemek üçin iş toparyny esaslandyrmak bilen ol üç tapgyrly ýaýbaňlandyrma prosesine badalga berdi. Taýýarlanan ýygnaklaryň birnäçesi 17 günlük konsultasiýa taýýarlygyň çäklerinde geçirildi. Pudaklaýyn ministrlikleriň birnäçesi DÖM boýunça içerki tehniki toparlaryny döretdiler. Super martyň çäklerindäki konsultasiýalar tassyklamak üçin Ministrler Kabinetine ugradyljak Durnukly ösüşiň maksatlarynyň, wezipeleriniň we görkezijileriniň sanawy bilen tamamlanar.
Prosesiň ikinji tapgyrynda esasy üns ylalaşylan durnukly ösüş maksatlarynyň, wezipeleriniň we görkezijileriniň 2017-2021-nji ýyllar boýunça Prezident maksatnamasyna hem-de sektorlaýyn meýilnamalara we maksatnamalara goşmaga gönükdiriler. DÖM-nyň durmuşa geçirilişiniň ösüşini ölçemek üçin ulgamyň işlenilip düzülmegi üçünji tapgyr bolar. Ähli üç tapgyrda-da UNCT hökümete goldaw berer.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň 17 gününiň her birinden birnäçe pursatlar Super Mart konsultasiýalarynyň barşynda görkeziler.