Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň indiki 15 ýylda kabul edilmeli ugurlaryny we görkezijilerini ýüze çykarmak ugrunda maslahatlary geçirýär
20 sentýabr 2016
- Maslahatlaryň bu sanawy resmi taýdan tassyklamak üçin Ministrler Kabinetine iberiler.
Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň ýurt boýunça topary (UNCT) 2016-njy ýylyň mart aýynda 17 günüň dowamynda (her maksat üçin bir gün) haýsy Durnukly ösüş maksatlarynyň, ugurlarynyň we görkezijileriniň indiki 15 ýylda kabul edilmelidigini we durmuşa geçirilmelidigini ara alyp maslahatlaşdy. Her maksat boýunça topara hökümet ministri bilen BMG-niň gullugynyň wekili bilelikde ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň haýsy ugurlaryny we görkezijilerini kabul etjekdigi boýunça ylalaşmak üçin, 17 günüň dowamynda degişli ministrlikler, gulluklar we bölümler Durnukly ösüş maksadyny, oňa degişli ugry we görkezijileri ara alyp maslahatlaşdy. Durnukly ösüş maksady boýunça toparlar dürli möhüm meseleler, şol sanda milli mümkinçilikler, maksady durmuşa geçirmekde ýüze çykyp biljek kynçylyklary öňünden bilmek, kesgitsizlik hem-de käbir görkezijilere baha bermek üçin bütindünýä usulyýetleriň ýetmezçiligi boýunça pikirleri alyşdy. Ondan başga-da, olar Prezidentiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Durmuş we ykdysady meýilnamasyna, şeýle-de sektor boýunça meýilnamalara we maksatnamalara Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlarynyň hem-de görkezijileriniň haýsysynyň goşulmalydygy barada hem maslahatlaşdy.
Maslahatlaryň netijesinde, 169 sany ugruň 121 sanysy esasy ugurlar hökmünde hiç hili üýtgedilmän, ugurlaryň 27 sanysy bolsa üýtgedilip, kabul edilmäge hödürlendi. 241 sany görkezijiden 109 sanysy üýtgedilmän, 50 sanysy bolsa üýtgedilip kabul edildi. Ondan başga-da, 39 sany milli görkeziji düzüldi. Jemi: 197 sany görkeziji. Maslahatlaryň bu sanawy resmi taýdan tassyklamak üçin Ministrler Kabinetine iberiler.
Hökümet we BMG-niň ýurt boýunça topary Türkmenistana Durnukly ösüş maksatlaryny girizmegiň üçtapgyrly prosesini işläp düzdi. Mart aýynda geçirilen maslahatlar birinji tapgyryň iň möhüm wakasy boldy. Indiki tapgyrda esasy üns tassyklanan Durnukly ösüş maksatlaryny, ugurlaryny we görkezijilerini Prezidentiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyna, şeýle-de sektor boýunça meýilnamalara we maksatnamalara girizmekde jemlener. Üçünji tapgyrda Durnukly ösüş maksatlaryny öz içine aljak meýilnamalaryň we/ýa-da maksatnamalaryň sanyny, şeýle-de döwlet statistika edaralarynyň we pudaklaýyn ministrlikleriň bu işde tutýan ornuny hasaba almak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna baha bermek üçin zerur bolan ulgam kesgitlener.
Türkmenistanyň Hökümeti geljekki 15 ýylyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirer
Tassyklama işiniň netijesinde, Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen üçtapgyrly prosesiň birinji tapgyry tamamlandy.
Türkmenistanyň Hökümeti 17 sany Durnukly ösüş maksatlaryny, 148 sany ugry we 198 sany görkezijini geljekki 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçirmek maksady bilen resmi taýdan kabul etdi. Sentýabr aýynyň 20-nde ýazylan diplomatik hatda bellenilen bu Hökümet çözgüdi BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Jasinta Barrinse onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow bilen duşuşygynda mälim edildi.
Bu tassyknama geljekki 15 ýylda ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin binýady üpjün edýär. Tassyklama işiniň netijesinde, Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen üçtapgyrly prosesiň birinji tapgyry tamamlandy.
Birinji tapgyryň dowamynda, BMG-niň goldaw bermegi bilen Hökümet 2015-nji ýylda köpsanly duşuşyklary geçirdi. 2016-njy ýylyň mart aýynda haýsy maksady, ugry we görkezijini resmi taýdan kabul etmelidigi we durmuşa geçirmelidigi boýunça ylalaşmak maksady bilen geçirilen maslahatlarda bu duşuşyklaryň jemi jemlendi. Bu duşuşyklarda her maksat, onuň degişli ugurlary we görkezijileri 17 günüň dowamynda aýratynlykda (her maksat üçin bir gün) ara alnyp maslahatlaşyldy.
17 günüň dowamynda geçirilen duşuşyklar maksatlaryň manysy, olaryň Türkmenistana degişliligi we bar bolan görkezijileri hem-de meta-maglumatlary ölçemegiň ýollary barada maslahatlaşmak üçin örän gowy mümkinçilik boldy. Maslahatlaryň netijesinde 17 sany Durnukly ösüş maksatlary, şol sanda 148 sany ugur (121 sany üýtgedilmedik esasy ugur we ýerli şertlere görä üýtgedilen 27 sany ugur) we 198 sany görkeziji (109 sanysy üýtgedilmedik, 50 sanysy üýtgedilen, 39 sanysy bolsa milli görkeziji) tassyklanmak üçin hödürlendi.
Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde umumydöwlet çemeleşmesine geçmek islegini nazara alyp, BMG bilen Hökümet ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini umumy ýagdaýda utgaşdyrmak üçin institusional usullary (3) işläp düzdi. Bu usullara Türkmenistanyň Ministrler Kabineti garaýar.
Ondan başga-da, ikinji tapgyr hem başlanyp, ol iki sany düzüm bölekden ybarat boldy. Birinji düzüm bölek (a) ylalaşylan käbir Durnukly ösüş maksatlaryny Prezidentiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyna goşmakdan, ikinji düzüm bölek bolsa (b) ylalaşylan käbir Durnukly ösüş maksatlaryny sektor boýunça orta möhletli meýilnamalara we maksatnamalara goşmakdan ybarat.
Üçünji tapgyr hem iki sany düzüm bölekden ybarat bolup, olaryň birinjisi (a) Durnukly ösüş maksatlaryna gözegçilik etmegiň umumy ulgamyny işläp düzmekden, ikinjisi bolsa (b) Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin pudaklaýyn ministrlikleriň ulgamlaryny güýçlendirmekden ybarat.