Press reliz

Türkmenistan BMG bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama gol çekýär

04 aprel 2016

Bu maksatnama Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine ýardam berýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Birleşen milletler guramasy (BMG) bilen bilelikde 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama gol çekdi.

2005-2009-njy ýyllar üçin hem-de 2010-2015-nji ýyllar üçin iki sany ozalky çarçuwaly maksatnamanyň çäginde, Türkmenisanyň Hökümeti BMG-niň gulluklary bilen hyzmatdaşlykda soňky 10 ýylyň dowamynda 264 sany maksatnamany we taslamany durmuşa geçirdi. Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama Türkmenistan bilen BMG-niň gulluklarynyň arasynda soňky ýyllarda has ösen berk hem-de ynamly gatnaşyklary pugtalandyrýar.    

2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasy strategik resminama bolup, ol aşakdaky bäş sany strategik pudagy öz içine alýar: hil boýunça maglumat we ösüşe gözegçilik etmek ulgamlaryny pugtalandyrmak, ýokary hilli we hemmeler üçin açyk jemgyýetçilik hyzmatlaryny üpjün etmek, daşky gurşaw taýdan durnukly gözegçiligi pugtalandyrmak, adalatly ykdysady ösüşi üpjün etmek, hasabatlylygy we hukugyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak.  

Bu maksatnama Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň hem-de 2016-2030-njy ýyllar üçin bütindünýä Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine ýardam berýär.

Çarçuwaly maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP), BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirligi (UNHCR), BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy (UNODC), BMG-niň Ylym, bilim we medeni meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirligi (UNOHCHR), Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (WHO), BMG-niň Zenanlaryň hukuklary boýunça edarasy, Migrasiýa boýunça halkara guramasy (IOM), Bütindünýä banky (WB), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP), BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady topary (UNECE) we BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahaty (UNCTAD) ýaly Birleşen milletler guramasynyň dürli gulluklarynyň bilelikdäki hereketlerini göz öňünde tutýar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UN Women
BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasy
UNCTAD
BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz