Press reliz

BMG-niň Agentlikleri we hyzmatdaşlar, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Boýunça Hyzmatdaşlyk babatda Çarçuwasynda Netijelere Esaslanýan Býujet çemeleşmäni ulanmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

16 sentýabr 2020

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt topary we hyzmatdaşlar, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk babatda çarçuwasynyň (BMGDÖHÇ) maliýeleşdirilmegi üçin Netijelere Esaslanýan Býujet (NEB) çemeleşmesi boýunça ilkinji onlaýn ugrukdyryş okuwyny geçirdiler.

Okuwyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Arap döwletleri üçin Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin edarasynyň Hyzmatdaşlyk we Meýilnama boýunça hünärmeni, jenap Çakib Zuagi, Netijelere Esaslanýan Býujet we onuň BMGDÖHÇ-niň iş tapgyrlarynda tutýan orny barada çykyş etdi.

Netijelere esaslanýan býujet çemeleşmesi, BMGDÖHÇ-niň Maliýeleşdiriş meýilnamasyny düzmek boýunça gönükdirmesine laýyklykda,  meýilnamada göz öňünde tutulan netijeleri gazanmak üçin, çykdajylaryň we zerur býujet çaklamalarynyň işlenip düzülmegi üçin ulanylýar.

Netijelere Esaslanýan Dolandyryş (NED) çemeleşmesi bilen bilelikde,  NEB çemeleşmesi adaty býujet hasaplamalaryň çäklerinden çykýar hem-de görkezijilere esaslanýan netijelere ýetmäge mümkinçilik berýär.

“Meýilnamalaşdyryş tapgyrynda oňat işlenilip düzülen NED çemeleşmesi, Netijelere esaslanýan býujeti ulanmagyň esasy şertidir. Wagt sarp ediji usul hökmünde, NEB maksatnamalaşdyryş we meýilnamalaşdyryş tapgyrlarynda has köp wagt alyp, emma geljekki gözegçilik we baha beriş tapgyrlar üçin köp wagt tygşytlar” – diýip, jenap Çakib Zuagi nygtady.

Okuwyň maksady Netijeler toparlary  NEB çemeleşmesi bilen tanyşdyrmak hem-de BMGDÖHÇ-niň Maliýeleşdiriş meýilnamasyny işläp düzmegiň bir bölegi hökmünde, çykdajylary hasaplamagyň guraly barada ylalaşmak bolup durýar. Ugrukdyryş okuwy Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa döwletleri üçin Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin edarasynyň goldawy bilen geçirildi.

2020-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ulgamy 2021-2025-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk babatda çarçuwasyna gol çekdi. Hyzmatdaşlyk babatda çarçuwasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek we maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary degişli Durnukly Ösüş Maksatlary bilen baglanyşygyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasy Netijeler toparlaryny döretmek barada ylalaşyga geldiler.

 

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OCHA
Ynsanperwer meseleleri utgaşdyrmak müdirligi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz