Milli ministrliklerden we BMG-niň gulluklaryndan wekilçilik edýän ähli netijeler boýunça toparlarynyň agzalary BMG-niň ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwasynyň strategiki ugurlarynyň çägindäki esaslaryny, Netijeleriň arasyndaky baglanyşygy we Netijeler boýunça matrisasynda ýok bolan esasy we maksat görkezijilerini gözden geçirdiler.
Maliýeleşdiriş boýunça çarçuwaly strategiýa we 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwasynyň gözegçilik, baha bermek we okuw meýilnamasy gatnaşyjylara hödürlendi we indiki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gelnen kararlar şu ýylyň ahyryna çenli Dolandyryş komitetiniň ilkinji mejlisinde hödürlener.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72/279 belgili Rezolýusiýasyna laýyklykda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini goldamak üçin Hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwalaryň täze nesliniň her döwletde BMG-niň ösüş çärelerini meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek üçin iň möhüm guraldygy bellenildi.
2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwasyna 2020-nji ýylyň mart aýynyň 14-ne gol çekildi. Onuň bäş sany strategiki ugry bar: halka gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy; durnukly ykdysady diwersifikasiýa; betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we howanyň üýtgemegine durnukly bolmak; ýokary hilli we elýeterli saglygy goraýyş we sosial goraglylyk; şeýle hem ýokary hilli, öz içine alyjy we elýeterli bilim we hünär kämilleşdiriş ulgamlary.