Press reliz

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanyň Durnukly ösüş ugrundaky maksatlaryna milli orta möhletleýin syn berýärler

22 noýabr 2021

  • BMG Türkmenistanda Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde DÖM-niň durmuşa geçirilişineorta möhletli syn bermegiň çäginde 17 Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) boýunça milli geňeşleri geçirdi.

DÖM-niň milli çarçuwaly maksatnamasynyň 2016-njy ýylda kabul edilmeginden soň alty ýyl geçendigini göz öňünde tutup, hökümetiň degişli ministrlikleriniň we pudaklarynyň, hususy pudaklaryň, raýat jemgyýeti guramalaryň we BMG-niň düzümleýin edaralarynyň gatnaşmagynda DÖM-na gözegçilik etmek boýunça milli matrisa syn bermek üçin çäregeçirmek barada ylalaşyga gelindi. DÖM-niň her bir maksady, meseleleri we görkezijileri aýratyn gözden geçirildi, şeýle hem esasy we maksatlaýyn görkezijileriň elýeterliligi hem-de usulyýet ugurlary boýunça mümkinçilikleri ösdürmegiň zerurlyklary aýdyňlaşdyryldy.

Türkmenistanda teklip edilýän DÖM-niň milli orta möhletleýin synynyň maksady ýurtda DÖM-niň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek, öňdebaryjy tejribäni kesgitlemek we DÖM-niň amala aşyrylýan döwründe mümkin bolan boşluklary we sapaklary seljermek, şeýle hem Türkmenistanda DÖM-niň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek üçin öz wagtynda çäreleri görmegi üpjün etmekdir.

Orta möhletleýin syn DÖM-niň “hiç kimi ünsden düşürmezlik” ýörelgesine laýyklykda, gowşak toparlar üçin DÖM-na ýetmek ugrunda öňegidişligiň dogry seljerilmegini üpjün etmek üçin geçirilýär.

Gatnaşyjylar dünýä derejesinde üýtgeşmeler bilen deňeşdirilende, 17 DÖM boýunçaTürkmenistan tarapyndan kabul edilen maksatlary we görkezijileri gözden geçirdiler. Mundan başga-da, olar milli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň çäginde bu maksatlary durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Derňewiň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek üçin möhüm maglumatlar ýygnalanda, DÖM-niň durmuşa geçirilişiniň milli derejede ösüşini yzarlamak üçin BMG-niň ykdysady we durmuş işleri boýunça komissiýasy tarapyndan işlenip düzülen gural ulanylar.

DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça milli iş topary, degişli maglumatlary soramak we baglanyşdyrmak, gazanylan üstünlikleri we ýüze çykyp biljek boşluklary seljermek, pudaklar, sebitler we ş.m. boýunça geňeşleri guramak we DÖM-niň orta möhletleýin syny boýunça hasabat taýýarlamak üçin jogapkärdir.

DÖM-niň milli orta möhletli synyň netijesi hökmünde aşakdaky netijelere garaşylýar:

  1. Milli derejede kesgitlenen DÖM-na ýetmekde öňegidişligiň seljermesini we ýurtda DÖM-niň gazanmagyny tizleşdirmek boýunça tekliplerini öz içine alýan TürkmenistanyňDÖM-na orta möhletleýin syny boýunça hasabatynyň neşir edilmegi.
  2. DÖM-ny we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi barada habardarlygy ýokarlandyrmaga ýardam etjek, DÖM-niň orta möhletleýin syny boýunça hasabatynyň milli derejede neşir edilmegi.
  3. Türkmenistanyň DÖM-ny durmuşa geçirmek ugrunda tejribesini paýlaşmak, şeýlelik bilen DÖM-niň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek boýunça global tagallalara goşant goşmak üçin 2023-nji ýylda BMG-niň ykdysady we durmuş işleri boýunça geňeşiniň ýokary derejeli syýasy forumynda DÖM-niň syny boýuça milli orta möhletleýin hasabatyny hödürlemek.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz