Press reliz

BMG, Türkmenistanda hususy pudak bilen strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýýar

27 fewral 2023

  • Şu gün BMG-niň Türkmenistanda düzümleýin edaralary BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň çäginde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek üçin milli hyzmatdaşlar bilen birnäçe strategiki resminamalara gol çekdiler.

Gol çekişlik dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolup geçdi we oňa BMG-niň Türkmenistanda düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ministrler we ministrlikleriň, hem-de milli edaralaryň wekilleri, şeýle hem ýurduň raýat jemgyýeti guramalary gatnaşdy.

Ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, metbugat, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda gol çekilen 26 resminamanyň arasynda, Senagatçylar Bileleşiginiň başlygy we BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysy tarapyndan gol çekilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini we onuň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk babatynda özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama hem bar.

Hususy pudagyň Türkmenistanda “uglerod zyňyndysyz jemi içerki önüminiň” 70 göterim paýyny, şeýle hem ýurduň zähmet bazaryndaky iş orunlarynyň 50,5 göterimini göz öňünde tutup, hususy kärhanalar ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orun tutýar we onuň mümkinçiligi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin möhüm orna eýe bolup biler. Hökümete işjeň goldaw bermek bilen bir hatarda, BMG-niň ýurt boýunça topary, işewürlik jemgyýetleriniň gatnaşmagyna we hususy pudak bilen aragatnaşyga BMG-niň Baş sekretary tarapyndan 2020-nji ýylda yglan edilen Hereketleriň onýyllygynda DÖM-na ýetmekde üstünlik gazanmagyň möhüm bir bölegi hökmünde garaýar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz