“Dürli, emma deň” - Türkmenistanda maýyplar barada garaýyşlary üýtgetmek we päsgelçilikleri ýeňip geçmek
Aşgabat, Türkmenistan
Türkmenistanda hökümete dahyly bolmadyk guramalaryň sany az bolsa-da, olaryň ýurduň çäginde ilatyň ejiz gatlaklary goldamakda möhüm, ägirt uly orny bar.
Maýyplygy bolan adamlar Türkmenistanda ünssüz galmak howpy abanýan toparlaryň biridir. Olar köplenç durmuş taýdan goldawa, iş tapmaklyga mätaç we gündelik diskriminasiýa we ynamsyzlyga sezewar bolýarlar.
“Üstün çykmak, ýeňip geçmek” manysy bolan “Ýeňme” guramasy Türkmenistanda maýyplaryň dürli zerurlyklaryny we okuw kynçylyklaryny kanagatlandyrmak üçin işleýän hökümete degişli bolmadyk guramadyr. “Biz dürli, emma deňdiris" şygary bilen hereket edýän “Ýeňme” bu adamlara we olaryň maşgalalaryna, şol sanda maýyp çagalar we ulular, garrylar, ýaşlar we aýallar üçin durrmuş taýdan goldaw we dikeldiş hyzmatlaryny berýär.
2022-nji ýylyň ahyrynda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň goldawy bilen “Ýeňme” Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Nur şöhlesi” (Spotlight Initiative) Merkezi Aziýa sebiti boýunça amala aşyrylýan maksatnamasyndan maýyp aýallara ýöriteleşdirilen okuwlar arkaly mümkinçilikleri döredýän täze “Gender deňsizligi bolmadyk dünýä” taslamasyny amala aşyrmak üçin grant aldy.
Geçen aý BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko taslamanyň ýerlerde nähili durmuşa geçirilýändigi bilen tanyşmak, hem-de Türkmenistandaky beýleki jemgyýetçilik guramalaryny täze, adaty bolmadyk maliýe çeşmelerinden peýdalanmaga ruhlandyrmak üçin Aşgabatdaky “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň edarasyna bardy. Hemişelik utgaşdyryjynyň topary guramanyň ýolbaşçysy Gulýa Çörekliýewa bilen söhbetdeş boldy. Ine, onuň gürrüň beren zatlary:
“Ýeňme” haýsy jemgyýetlere hyzmat edýär? Siziň wezipäňiz we esasy ýörelgeleriňiz näme?
Gulýa: 2005-nji ýylda aýratyn zerurlygy bolan çagalara we maýyplara sosial goldaw bermekden ybarat bir topar döretdik. Soňra bize beýleki ejiz toparlar - ýaşlar, aýallar, garrylar, köp çagaly maşgalalar, pes girdejili maşgalalar, ýetimler, adam söwdasynyň pidalary we ş.m. hem ýüz tutmaga başladylar. Netijede, guramanyň maksatnamalarynyň sany köpelip başlady, bu bolsa olary durmuşa geçirmek üçin serişde talap etdi. Jemgyýet jogapkärçiliginiň ýörelgelerine esaslanyp, 2012-nji ýylda “üstün çykmak, ýeňip geçmek” manyny berýän “Ýeňme” atly öz guramamyzy döretdik. Maýyp çagalary we ululary, garry we pes girdejili maşgalalary, ýaşlary we aýallary - iň ejiz adamlary birleşdirmek we sosial taýdan uýgunlaşdyrmak biziň üçin möhümdi.
Türkmenistanda maýyplar haýsy päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar? Maýyp aýal-gyzlaryň garşylaşýan aýratyn meseleleri barmy?
Gulýa: Türkmenistanda maýyplar sosial stigma, iş mümkinçilikleriniň çäkli bolmagy we goldawyň bolmazlygy ýaly köp kynçylyklara duçar bolýarlar. Maýyp aýallar we gyzlar köplenç jynsparazlyk we medeni kadalar sebäpli goşmaça kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bilime, işe ýerleşmäge we sosial integrasiýa ýaly päsgelçilikler jemgyýete doly gatyşmak ukybyny hasam çäklendirip bilerler.
Türkmenistanda maýyp aýallar we gyzlar üçin iş mümkinçiligini döretmek üçin guramaňyz nähili işler alyp barýar?
Gulýa: Guramanyň maksatnamalarynyň biri hünär kesgitlemäge gönükdirilen. Gurama ejiz ýaşlar üçin hünär okuw merkezini dolandyrýar. Merkezimizi enjamlaşdyrmaga guramamyzyň köp hyzmatdaşlary gatnaşdy. Çagalara konditer önümleri, tikinçilik we keşde, sungat we senetçilik öwredilýär. Geljekde bu olara iş tapmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, ilatyň ejiz toparlary üçin iş ýerlerini döretmek maksady bolan jemgyýetçilik kärhanasyny hasaba aldyk.
“Ýeňmä”-niň maksatnamasyndan peýdalanýanlaryň 75% -i aýallar we gyzlar. Bu maksatnama olara nähili täsir etdi?
Gulýa: Gülnar atly bir ýaş aýal hakda täsir galdyryjy bir hekaýa aýdyp bereýin. Ol karlik, özüne laýyk iş tapmakda köp kynçylyklara duşdy. Maksatnamamyzyň kömegi bilen Gülnar tikin we keşde ussatlygyny özleşdirdi. Häzirki wagtda ol nagşy özi taýýarlap bilýär we boýuna garamazdan professional tikin maşynynda işleýär. Maddy taýdan garaşsyz. Gülnaryň üstünlik hekaýasy maksatnamanyň maýyp aýal-gyzlaryň durmuşyna üýtgeýän täsirini görkezýän mysallaryň diňe biri.
Dowamly serişdeleri almakda haýsy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyňyz?
Gulýa: Jemgyýetçilik guramalary üçin durnukly maliýeleşdirme köplenç esasy kynçylyk bolup durýar. Çäklendirilen maliýe çeşmeleri we jemgyýetçilik guramalaryny goldamagyň ähmiýetine düşünmezlik biziň tagallalarymyza päsgel berip biler. Şeýle-de bolsa, raýat jemgyýeti guramalaryna goldaw bermek möhümdir, sebäbi olar sosial hyzmatlardaky boşluklary doldurýarlar, çetleşdirilen toparlaryň hukuklaryny goldaýarlar we jemgyýetleriň umumy ösüşine we abadançylygyna goşant goşýarlar.
Sebit başlangyjy maksatnamasynyň maliýeleşdirilmegi siziň guramaňyza nähili täsir etdi?
Gulya: “Spotlight” jemgyýetçilik guramamyzyň ösmegine we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm täsir etdi. Goşmaça çeşmeleriň kömegi bilen biz öz mümkinçiliklerimizi giňeldip, döwlet sektory we beýleki edaralar bilen gatnaşygymyzy güýçlendirip bileris. Bu, jynsy esasly zorlugyň we adam söwdasynyň pidalaryna goldaw berýän dürli jemgyýetçilik guramalarynyň ulgamyny hyzmatdaşlyga çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasynyň goldawy siziň guramaňyzyň gurşawyny we täsirini artdyrmakda nähili kömek etdi?
Gulýa: Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasynyň taslamamyzyň hökümetde hasaba alynmagynda uly roly bar. Olaryň goldawy we wagyz-nesihatlary administratiw ädimleri geçmäge we gerekli rugsatlary almaga kömek etdi. Olaryň kömegi bolmazdan, taslama ykrar edilmegine we kanunylygyna eýe bolmakda çynlakaý kynçylyklara duçar bolardy. Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasynyň gatnaşmagy diňe bir başlangyjymyzyň abraýyny galdyrman, eýsem geljekki hyzmatdaşlyklara hem giň ýol açdy. Olaryň goldawy alyp barýan işlerimizi öňe sürmekde we Türkmenistanda maýyp aýal-gyzlaryň durmuşyna oňyn täsir etmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir.