Press reliz

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň Gün tertibini ýerine ýetirmek maksady bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak

26 maý 2021

  • Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasy, Türkmenistanda DÖM-a ýetmek üçin köpçülikleýin goşant goşmaklygy ýokarlandyrmak maksady bilen Ösüş ugrundaky hyzmatdaşlaryň utgaşdyryjy platformasynyň 2021-nji ýylyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi.

Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň (UNSDCF) ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin BMG we ösüş hyzmatdaşlaryň arasyndaky mümkinçilikler öwrenildi, şeýle hem umumy gyzyklanma döredýän ugurlary we bilelikdäki tagallalary giňeltmegiň we durmuşa geçirmegiň ýollary kesgitlenildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi gatnaşyjylara ýurtda DÖM-ň gazanylmagyny tizleşdirmäge gönükdirilen umumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada habar berdi.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weigand: "2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin  iň ýokary derejedäki pudakara hyzmatdaşlygyň bolmagy talap edilýändigi sebäpli, döwlet we hususy pudaklaryň ösüş ugrundaky hyzmatdaşlary bilen tagallalaryň birleşdirilmegi üstünlik gazanmagyň möhüm şertidir"- diýip, belledi.

BMG-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwaly maksatnamasynyň bäş netije toparlaryň BMG tarapyndan başlyklary aşakdaky ugurlar boýunça ileri tutulýan meseleleri barada çykyş etdiler:

  • Pugtalandyrylan dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy;
  • Durnukly ykdysady diwersifikasiýa;
  • Daşky gurşawyň dolandyryş netijeliligini ýokarlandyrmak we howanyň üýtgemegine durnuklylyk;
  • Ýokary hilli, inklýuziw saglygy goraýyş we durmuş taýdan goraglylyk;
  • Ýokary hilli bilim we başarnyklar.

Çykyşlaryň dowamynda BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary geljekki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleriň mysallaryny teklip etmek bilen ýokardaky ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň (UNSDCF) Resurslaryny çekmek we hyzmatdaşlyk boýunça strategiýasy bilen tanyşdyrylandan soň, Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), ABŞ-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça agentligi (USAID) we Aziýanyň Ösüş Banky ýaly guramalaryň wekilleri özleriniň ýurt boýunça meýilnamalarynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmek, hem-de BMG-niň ýokarda agzalan ileri tutulýan ugurlary bilen ara-baglanyşygyny görkezmek üçin çykyş etdiler. Şeýle hem çykyş edenler ýurduň durnukly ösüşini utgaşdyrylmagyny we köpçülikleýin goldanylmagyny üpjün etmek üçin BMG we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin potensial ugurlary teklip etdiler.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ösüş netijelerini gazanmak maksady bilen işjeň ösüş hyzmatdaşlarynyň arasynda güýçlendirilen utgaşdyryş arkaly Türkmenistanda milli meýilnamalaşdyryş işlerinde ösüş hyzmatdaşlygynyň täsirini, netijeliligini we utgaşdyrylyşyny ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmek üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlaryň utgaşdyryjy platformasy döredildi.

Platformanyň döredilmeginiň maksady, ösüş maksatlary üçin netijeli hyzmatdaşlyga ýardam bermek arkaly ösüş ugrunda hyzmatdaşlar tarapyndan Turkmenistanyň goldanylmagyny güýçlendirmekden şeýle hem birnäçe ösüş hyzmatdaşlarynyň biri-biriniň tagallalaryndan habarsyz bolmazlygyny we birmeňzeş taslamalaryň biri-biriniň üstüni ýetirmegini üpjün etmek üçin özara gatnaşyklary berkitmekden we tagallalary utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

GIZ
German Technical Cooperation
USAID
United States Agency for International Development

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz