Türkmenistanda BMG Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň üçünji toparyny garşy alýar
29 awgust 2022
Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy 2022-2023-nji ýyllar üçin täze saýlanan Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň üçünji toparyny garşy aldy.
Çäräniň açylyş dabarasynda, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko şeýle diýdi: “Biz DÖM ilçileriniň başlangyjyny dowam etdirýäris we biz bu işiň - Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan diňe bir Türkmenistanyň ýaşlaryny herekete getirmek we birleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gepleşikleri ýola goýmak üçin platforma bolup hyzmat edýändigine ynanýarys.
Duşuşygyň dowamynda, DÖM-niň ýaş ilçileriniň öňki topary täze saýlanan DÖM-niň ýaş ilçileri bilen tejribeleri bilen paýlaşdylar, şeýle hem olar ýurtda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge goşan goşantlary we gazanan üstünlikleri üçin şahadatnamalar we sowgatlar bilen sylaglandy.
“DÖM-niň ilçileriniň mümkinçilikleri durmuşda gözýetimi giňeldýär, şahsy ösüşe oňyn täsir edýär, jemgyýete goşant goşmak mümkinçiligi giňeldýär, we iň esasy, ýurt boýunça habarly, jogapkärli we düşünjeli ýaşlaryň toparyny döredýär. Çünki, DÖM-niň her bir ilçisi - beýleki adamlar ýaly özboluşly we başarnykly ýaş liderdir "- diýip, Gunça Annageldiýewa, DÖM-niň 2-nji toparynyň ilçisi aýtdy.
Gatnaşyjylar BMG ulgamynyň işi, şol sanda BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň strategiki ugurlary, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BSGG-niň, BMG-niň Adam hukuklary baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň we BMG-niň Bosgunlaryň meseleleri boýuna ýokary kommisarynyň mandatlary we işleri bilen tanyşdylar.
Başga-da, olar Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw merkezinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde nähili işleri alyp barýandygyny öwrenmek üçin ýygnaklara gatnaşarlar.
“Iki ýylyň dowamynda, maksatlaryň üýtgeşik bolandygyna garamazdan, umumy maksada ýetmek üçin DÖM-niň Ilçileriniň her biri meniň üçin görelde boldy. Şol sebäpden, bu dünýäni gowulaşdyrmak üçin şeýle ajaýyp syýahat üçin men halypalarymyza, utgaşdyryjylarymyza we tutuş DÖM ilçileriniň toparyna minnetdarlygymy bildirýärin " - diýip, Döwran Şammyýew, DÖM-niň 2-nji toparynyň ilçisi aýtdy.
Bu taslama BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy tarapyndan başlandy we 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw merkezi tarapyndan goldanyldy.
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz