Press reliz

Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň çägindäki bilelikdäki netijeler boýunça toparlar 2023-nji ýyl üçin meýilnamalary bilen paýlaşdylar we teklipler barada ylalaşyga geldiler

07 aprel 2023

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti, 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň çäginde gazanylan üstünlikleri gözden geçirmek we 2023-nji ýylda bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Bilelikdäki netijeler boýunça toparlarynyň ýygnagyny geçirdiler.

Duşuşykda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň bäş sany netijeler boýunça toparlary ara alnyp maslahatlaşyldy:

  • NT 1. Adamlaryň bähbidine gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy
  • NT 2. Durnukly ykdysady diwersifikasiýa, bäsdeşlige ukyply hususy we maliýe pudaklary, söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmek
  • NT 3. Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnuklylygy ýokarlandyrmak
  • NT 4. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlary
  • NT 5. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli bilim ulgamlary

Duşuşygyň gatnaşyjylary ösüşiň milli ileri tutulýan ugurlary, DÖM-niň arasyndaky arabaglanyşyklar we bilelikdäki çäreler barada pikir alyşdylar. Netijeler boýunça toparlaryň egindeş başlyklary 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki hereketler meýilnamalaryny hödürlediler we onuň maliýeleşdiriliş meýilnamasyna giňişleýin garadylar.

Gatnaşyjylar, BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna orta möhletleýin syn bermegi biragyzdan goldadylar, bu bolsa ony milli ileri tutulýan ugurlar bilen sazlaşdyrmak, olaryň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmek hem-de BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki alyp barýan işleri üçin peýdaly bolar, şeýle hem DÖM-niň gazanylmagyny tizleşdirer.

Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň bilelikdäki netijeler boýunça toparlarynyň agzalary Bilelikdäki hereketler meýilnamalaryny tamamlamak we ýakyn wagtda Çarçuwaly Maksatnamanyň Dolandyryjy komitetiniň mejlisinde hödürlemek barada ylalaşyga geldiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz