Press reliz

BMG-nyň ýurt boýunça toparynyň ýygnagy geçirildi

14 iýun 2023

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň nobatdaky ýygnagy 2023-nji ýylyň 8-9-njy iyun aralygynda Buhara şäherinde geçirildi. Ol BMG-niň agentlikleriniň ýokary derejeli wekilleri üçin ösüş meselelerini, mümkinçilikleri we ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat etdi. Duşuşykda BMG-niň gazananlaryna giňişleýin syn berildi, bilelikdäki maksatnamalara seredildi we Durnukly ösüş hyzmatdaşlygynyň täze çarçuwasynyň geljekki meýilnamalary barada pikir alşyldy.

Ýygnaga Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow we BMG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ösüşi Utgaşdyrmak  boýunça edarasynyň (UNDCO) Sebitleýin Müdiri hanym Gwi Ýeop Son hem işjeň gatnaşdylar. Olaryň gatnaşmagy Türkmenistanda durnukly ösüş boýunça özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezdi we pikir alyşmalara möhüm goşandyny goşdy.

Hanym Gwi Ýeop Son: "BMG-niň Ösüş ulgamynyň özgertmeleriniň üstünliklerini görkezmegiň we zerur syýasy goldawy üpjün etmegiň iň gowy usuly bilelikde işlemekdir. Bize has köp bilelikdäki maksatnamalar gerek, sebäbi olar özara hyzmatdaşlyk döredýär, netijeliligi artdyrýar we ýurtda pudagara utgaşygy güýçlendirýär. Men BMG-niň ýurt boýunça toparynyň BMG-niň agentlikleriniň görkezýän artykmaçlyklaryna esaslanyp, bilelikdäki maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ünsi jemlemek kararyna gelendigine begenýärin"-diýip belledi.

Ýygnagyň dowamynda gatnaşyjylar konstruktiw gepleşik geçirdiler we ösüşiň esasy ugurlarynda bilelikdäki maksatnamalary ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrendiler. Esasy üns çeşmeleri tertipleşdirmek we gyzyklanýan taraplaryň arasynda utgaşygy artdyrmak üçin ýurt derejesinde bilelikdäki DÖM-iň gaznasyny döretmäge gönükdirildi. Mundan başga-da, BMG-niň Türkmenistanda bolmagy, ýurduň durnukly ösüş ugrundaky tagallalaryna netijeli goldaw bermek üçin alyp barýan işlerini giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýygnak BMG-niň Türkmenistanda hyzmatdaşlygy üçin geljekki ädimleri kesgitleýän täze meýilnamanyň işlenip düzülmegi bilen tamamlandy. Giňişleýin geňeşmeler we çekişmeler arkaly işlenip düzülen meýilnama bilelikdäki maksatnamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin ýol kartasy bolar. Tagallalary utgaşdyrmak bilen BMG we Türkmenistan möhüm ösüş meselelerini çözmäge hem-de inkluziw we durnukly ösüş üçin mümkinçiliklerden peýdalanmaga synanyşarlar.

BMG-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň ýygnagy BMG-niň agentlikleriniň, hökümetiň we beýleki esasy gyzyklanýan taraplaryň arasyndaky berk hyzmatdaşlygy görkezdi. Ol taraplaryň ýurduň ösüş meýilnamasyny öňe sürmek we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin bilelikde işlemek isleýändiklerini tassyklady. Şeýle hem, bu ýygnak innowasion pikirleri öňe sürmek, täze hyzmatdaşlygy öwrenmek we durnukly ösüş üçin amatly gurşaw döretmek üçin platforma bolup hyzmat etdi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz