BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy we DÖM-iň ilçileri elýeter we arassa energiýa meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar
15 iýun 2023
Aşgabat, 2023-nji ýylyň 14-nji iýuny
“Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary" atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde “Elýeterli we arassa energiýa: ýaşlaryň nukdaýnazary” atly gyzykly maslahat geçirildi. Maslahata BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we DÖM-iň ýaş ilçileri gatnaşdylar we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde arassa we elýeterli energiýanyň möhüm orny barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän abraýly hünärmenler gatnaşdylar. Halkara Nebit we Gaz Uniwersitetiniň Wodorod Energiýasy Merkeziniň müdiri Hakberdi Hoşdurdyýew, BMG-niň Daşky Gurşaw Maksatnamasyndan (onlaýn) metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça geňeşçi Megan Demeter we BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysatçysy Wladimir Waletka bu mesele boýunça gymmatly maglumatlary paýlaşdylar.
Ýaş gatnaşyjylar hem maslahata özleriniň täze pikirleri we garaýyşlary bilen paýlaşdylar:
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Ilýa Lurýew tebigy gazy adaty usullardan dört esse arzan çykarmagy mümkin edýän tehnologiýasy barada aýtdy. Öz innowasiýasy üçin ol 2022-nji ýylda Kazanda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýaşlar Kongresinde "Nebit we gaz tehnologiýalary" kategoriýasynda "Iň oňat ylmy iş" baýragyna mynasyp boldy.
DÖM-iň ilçileri Jepbarberdi Gurbanmyradow, Maral Allaberdyýewa, Şabibi Beşimowa, Saida Halmamatowa, Ýupar Egirjaýewa arassa we elýeterli energiýany ösdürmegiň ähmiýeti we onuň DÖM-e ýetmekde tutýan orny barada gürrüň berdiler.
“Eger-de biz suw we energiýa bilen bagly birnäçe meseleleri çözmek islesek, onda bilelikde işlemeli. Suw we energiýa birsydyrgyn işlemeli, sebäbi birine täsir edýän zat beýlekisine-de gönüden-göni täsir edýär " – diýip, DÖM 6 ilçisi Ýupar Egirjaýewa belledi.
Maslahat dinamiki garaýyşlary we innowasion pikirleri döretdi, durnukly ösüşi üpjün etmekde arassa we elýeterli energiýanyň möhüm ornuny görkezdi. Şeýle hem, bu çäre bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmek we arassa energiýanyň potensialyny durmuşa geçirmek üçin pudakara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny görkezdi.
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz