Press reliz

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Hazar deňziniň daşky gurşaw meselelerine we mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahata gatnaşdy

12 awgust 2023

Awaza, 12-nji awgust, 2023 - BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Hazar deňziniň gününe we Hazar konwensiýasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ylmy we amaly maslahata gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan gurnalan bu çäre dürli ekologiýa meselelerini we Hazar sebitiniň ösüşiniň geljegini öwrenmäge gönükdirildi.

Maslahata gatnaşyjylar biodürlüligi goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak, hapalanmagyň öňüni almak ýaly Hazar deňziniň dürli ekologik ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, giňişleýin pikir alyşdylar. Bu çäre hünärmenler, syýasatçylar we gyzyklanýan taraplar üçin sebitiň baýlyklaryny ýurtlaryň we dünýä jemgyýetçiliginiň peýdasyna dolandyrmak boýunça hyzmatdaşlyk we pikir alyşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi. 

"Hazar deňzi ägirt uly ykdysady, energiýa we transport mümkinçilikleri bolan möhüm strategiki sebitdir," – diýip, jenap Şlapaçenko belledi. "Hazar Ýewraziýada Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta zolaklary boýunça ulag we üstaşyr akymlary birleşdiriji merkez bolup durýar. Durnukly, ygtybarly we täsirli logistika shemalarynyň ösdürilmegi Hazar sebitini halkara haryt we hyzmat akymlary üçin döwrebap giňişlige öwürer". 

Jenap Şlapaçenkonyň maslahata gatnaşmagy BMG-niň sebit hyzmatdaşlygyna we durnukly ösüşe degişli başlangyçlary goldaýandygyny görkezdi. Şeýle hem, bu çäre guramanyň jemgyýetde we bütin dünýäde ýaşaýyşy kämilleşdirmek üçin ýurtlara öz aýratyn artykmaçlyklaryny ulanmaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi. 

Maslahat oňyn netije bilen tamamlandy, gatnaşyjylar daşky gurşawyň bitewiligini saklamak bilen Hazar sebitiniň ähli mümkinçiliklerini açmak üçin mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň we innowasiýa strategiýalarynyň möhümdigini ýene bir gezek nygtadylar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz