BMG we Türkmenistan DÖM-iň hasabatyny güýçlendirmek boýunça duşuşyklar geçirdi
25 aprel 2025
Türkmenistan, Aşgabat, 2025-nji ýylyň 25-nji apreli – Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) hasabatyny we durmuşa geçirilmegini güýçlendirmeklige gönükdirilen dört günlük iş maslahatlaryny üstünlikli geçirdi.
2025-nji ýylyň 21-24-nji aprel aralygynda gibrid görnüşde geçirlen maslahatlara esasy ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň we BMG-niň agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy. Maslahatlaryň maksady DÖM-iň görkezijileri bilen baglanyşykly bar bolan maglumatlar boşluklaryny ýüze çykarmak we çözmek, şeýle hem statistiki hasabatlaryň hilini, gerimini we wagtynda taýýarlanylmagyny ýokarlandyrmak boldy.
Duşuşyklar gözegçilik mehanizmlerini gowulandyrmak we milli ileri tutulýan ugurlary global ösüş maksatlary bilen deňleşdirmek üçin strategiki çemeleşmäni beýan edýän Türkmenistanyň 2025–2027 ýyllar üçin DÖM-iň Hasabatyny Güýçlendirmek boýunça ýol kartasynyň çäginde geçirildi.
Sessiýalaryň dowamynda gatnaşyjylar açyk, tehniki we çuňňur maslahatlar arkaly dürli ösüş meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Olaryň arasynda abadançylygyny ýokarlandyrmak, bilim, saglygy goraýyş, suw üpjünçiligi we sanitariýa, infrastruktura, ekologik durnuklylyk, oba hojalygy, dolandyryş we adalatyň elýeterliligi ýaly ugurlar boldy.
Dört gün dowam eden ýygnakda esasy tematiki ugurlar ösüşiň möhüm meselelerini öz içine aldy. Birinji gün abadançylyk, tölenilmeýän ideg işleri, bilim netijeleri, şäher infrastruktura we jemgyýetçilik hyzmatlaryna elýeterlilik boýunça maglumat boşluklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji gün oba hojalyk maglumatlaryny güýçlendirmek, azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, ýer hukuklaryny goramak we durnukly sarp ediş hem-de önümçilik boýunça yzarlaýyş mehanizmlerini gowulandyrmak meselelerine üns berildi. Üçünji gün ekologik meseleler — ekoulgamlar, parnik gazlarynyň zyňyndylary, bioköpdürlilik we korporatiw durnuklylyk tejribelerine aýratyn üns berildi. Jemleýji gün dolandyryş, jemgyýetçilik ynamy, korrupsiýa garşy tagallalar, adalat we maglumat elýeterliligi bilen baglanyşykly maglumatlaryň gowulaşmagyna ünsi çekildi.
Bu bilelikdäki başlangyç, Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli DÖM-lere ýetmek borçnamasyna ygrarlydygyny görkezýär we BMG-niň subutnamalara esaslanýan syýasat döretmek we inklýuziw ösüş boýunça milli tagallalaryna berýän goldawyny tassyklaýar.
Duşuşyklar maglumat ulgamlaryny gowulandyrmak we geljekde DÖM boýunça has giňişleýin we dürs hasabatlary üpjün etmek üçin möhüm çäreler boýunça ylalaşyk bilen tamamlandy.