Press reliz

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ýerine ýetirilmeli nobatdaky işler

05 iýul 2017

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça “Wagyz etmek, tizleşdirmek we syýasaty goldamak” (“MAPS”) çemeleşmesini tanyşdyrmak üçin esasy döwlet edaralaryndan tehniki hünärmenleriň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygyny geçirdi.

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça “Wagyz etmek, tizleşdirmek we syýasaty goldamak” (“MAPS”) çemeleşmesini tanyşdyrmak üçin esasy döwlet edaralardan tehniki hünärmenleriň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygyny geçirdi.

Bu tegelek stol duşuşygy 2017-nji ýylyň noýabr aýyna meýilleşdirilen bilelikdäki toplumlaýyn “MAPS” gönükmelerine taýýarlanmak boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň öňdebaryjy hünärmenleriniň wekilýetiniň çäklerinde geçirildi.

Duşuşygyň barşynda, gatnaşyjylar “MAPS” çemeleşmesiniň esasy düzüm bölekleri, Durnukly ösüş maksatlaryny wagyz etmek we tizleşdirmek boýunça gurallary, şol sanda Tiz toplumlaýyn baha beriş (RIA) guraly bilen tanyşdy we bu prosesi geçiren ýurtlaryň tejribesini öwrendi. 

Çemeleşmäniň esasy wezipesi BMG bilen Türkmenistanyň arasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amaly taýdan durmuşa geçirmek, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryny ösüşiň beýleki sektorlarynda hem durmuşa geçirmekde netije berjek esasy sektorlary ýa-da tizleşdirijileri ýüze çykarmak boýunça geljekki umumy gatnaşyklar üçin binýady döretmekden ybaratdy.

Tegelek stol duşuşygy gyzyklanan taraplar, şol sanda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen geçirilen giň göwrümli we hemmeler üçin açyk maslahatlaryň ilkinjisidir. BMG-niň “MAPS” çemeleşmesiniň netijeleri 47 sany döwlet edarasynyň we akademiýalaryň müdirleriniň orunbasarlarynyň, şeýle-de raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda iýul aýynyň 7-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçiriljek ýokary derejeli duşuşygynda görkeziler.  

Nurjemal Jalilova

Nurjemal Jalilova

UNDP
Programme Manager

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz