Ilat we ösüş boýunça komitetde (PDC) Türkmenistanyň agzalygynyň döwri – 2016-2020-nji ýyllar, Ösüş ugrunda ylym we tehnologiýa boýunça komitetde (CSTD) agzalygynyň döwri – 2017-2020-nji ýyllar, Jemgyýetçilik ösüşi boýunça komitetde (CSD) agzalygynyň döwri bolsa 2017-2021-nji ýyllar.
Birleşen milletler guramasynyň Türkmenistandaky gulluklary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guralan we “Türkmenistan we halkara guramalar: Bütindünýä parahatçylygy we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” ady bilen geçirilen maslahata we sergä gatnaşdy.
Türkmenistanyň 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 5-nde BMG-niň Ykdysady we jemgyýetçilik geňeşiniň (ECOSOC) üç sany komitetine täzeden saýlanmagyna bagyşlanan bu maslahatda gatnaşyjylar üç sany komitetiň, ýagny Ilat we ösüş boýunça komitetiň (PDC), Ösüş ugrunda ylym we tehnologiýa boýunça komitetiň (CSTD) we Jemgyýetçilik ösüşi boýunça komitetiň (CSD) işiniň esasy ugurlaryny, şeýle-de Türkmenistanyň bu ugurlara goşant goşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmenistanyň Ilat we ösüş boýunça komitetde agzalygynyň döwri – 2016-2020-nji ýyllar, Ösüş ugrunda ylym we tehnologiýa boýunça komitetde agzalygynyň döwri – 2017-2020-nji ýyllar, Jemgyýetçilik ösüşi boýunça komitetde agzalygynyň döwri bolsa 2017-2021-nji ýyllar.
Özüniň sözlän sözünde, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Jasinta Barrins Türkmenistanyň Hökümetini bu üç sany komitete saýlanmagy bilen gutlap, Türkmenistanyň milli derejede, şol sanda Durnukly ösüş maksatlary millileşdirmek işinde uly öňegidişliklere eýe bolandygyny hem-de halkara derejede tejribe paýlaşmaga ukyplydygyny belledi.
Hanym Barrins şol gün “2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş ugrunda gün tertibi boýunça demografik maglumat binýadyny pugtalandyrmak” ady bilen Nýu Ýork şäherinde BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komitetiniň 48-nji sessiýasynyň geçirilendigini belledi.
Ol maglumaty ýygnamak işini gowulandyrmagyň, onuň takyk bolmagynyň hem-de esaslandyrylan netijeleri bermeginiň möhümdigi barada aýratyn belledi. Ol takyk maglumaty almagyň we syýasatlar işläp düzülende, bu maglumatlary ulanmagyň uly derejede wajypdygyny belledi hem-de ylmy-barlag ugruna hem goşulmagyň möhümligi barada çykyş etdi, çünki ylmy-barlaglaryň netijeleri syýasatlary işläp düzmegiň binýatlary hökmünde hyzmat edip biler.
BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkeziniň (UNRCCA) başlygy Petko Draganow hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekiliniň orunbasary Alýona Sialçonak hem BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy barada çykyş etdi. Olar kiçi ýaşly çagalaryň ösüşine maýa goýumlaryň köpeldilmegine çagyrdy we parahatçylygy saklamakda Türkmenistanyň tutýan orny barada aýratyn belledi.