Soňky
Waka
03 August 2022
Koronawirus pandemiýasyna garşy utgaşdyrylan çäre
Has köp öwrenme
Waka
02 August 2022
Durmuş taýdan integrasiýa Türkmenistanda hemmeler üçin deň mümkinçilikleriň bolmagyny üpjün edýär
Has köp öwrenme
Press reliz
02 August 2022
Durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnama baha bermek
Has köp öwrenme
Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Işleri amala aşyryň
19 May 2020
Koronawirus global pandemiýasy
Hemmeler 2019-njy ýylyň koronawirus keseli (COVID-19) barada gürleşýärler. Faktlary ygtybarly çeşmelerden almak ugrunda gatnaşyň.

Waka
13 March 2020
Koronawirus pandemiýasyna garşy utgaşdyrylan çäre
2020-nji ýylyň 11-nji martynda Çarşenbe güni Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) koronawirus (COVID-19) keselini pandemiýa diýip häsiýetlendirdi, emma bu gözegçilik edip bolýan pandemiýadyr. Koronawirus (COVID-19) iň soňky açylan koronawirus zerarly geçýän ýokanç keseldir.
BMG gullugyna ýolbaşçylyk edýän doktor Tedros Adhanom Gebreýesus öz çykyşynda "Men bir zady bellemekçi: bu keseli pandemiýa diýip häsiýetlendirmek ýurtlaryň oňa boýun synmalydygyny aňlatmaýar" – diýip belledi.
BMG-niň Baş sekretary ähli ýurtlary öz ýagdaýlaryna laýyklykda merkezleşdirilen ýagdaýda giňişleýin çemeleşmäni ýola goýmaga çagyrdy. COVID-19 müňlerçe adama täsir edýär, ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlaryna hem öz täsirini ýetirýär we giňden ýaýran durmuş we ykdysady netijelere sebäp bolýar. BMG ösüş boýunça işleýän guramalar, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly Ösüş Topary ýurtlara taýýarlyk we hereket ediş meýilnamalaryny taýýarlamaga goldaw berýär.
Bu sahypa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) we Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) häzirki wagtda täze koronawirus (COVID-19) keseliniň ýaýramagy bilen baglanyşykly maglumat çeşmelerini we görkezmeleri özünde saklaýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy keseliň ýaýramagyny yzarlamak we ýurtlara we şahsyýetlere saglygy goramak hem-de bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler barada görkezmeleri bermek ugrunda global hünärmenler, hökümetler we hyzmatdaşlar bilen ýakyndan işleşýär.
Iň täze maglumatlar üçin aşakdaky web-sahypalaryna girip görmegiňizi haýyş edýäris:
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy: https://www.who.int/emergencies/diseases/novel-coronavirus-2019
Birleşen Milletler Guramasynyň çäreleri barada iň soňky habarlar: https://news.un.org/en/events/un-news-coverage-coronavirus-outbreak
BSGG-niň ýurtlar üçin görkezmesi: https://www.who.int/emergencies/diseases/novel-coronavirus-2019/technical
Koronawirus (COVID-19) ýagdaýy: https://experience.arcgis.com/experience/685d0ace521648f8a5beeeee1b9125cd
1 of 5

Waka
02 August 2022
Durmuş taýdan integrasiýa Türkmenistanda hemmeler üçin deň mümkinçilikleriň bolmagyny üpjün edýär
Kiçijik gyzyň ady Melek (ady üýtgedildi), ol doglanda ejesi aradan cykdy, onuň kakasy gam-gussa düşdi, ol uly çagasyna we syrkaw ejesine ideg edýärdi, maşgalany eklemek üçin işleýärdi we caga ideg etmek üçin onuň goşmaça goldawy ýokdy. Biziň köpümiz şeýle ýagdaýa düşenimizde, bolşumyz ýaly, Melegiň kakasy ony üç ýaşyna ýetýänçä görmäge barmak we üç ýaşy dolanda yzyna almak wadasy bilen Çagalar öýüne ýerleşdirdi. Lebap welaýatyndaky çagalary Çagalar öýlerinden yzyna alyp, olary maşgalalaryna täzeden reintegrasiýa etmek üçin täze ýöriteleşdirilen hyzmatlar - onuň maşgalasyna arabaglanyşygy pugtalandyrmaga we çylşyrymly reintegrasiýa prosesini başdan geçirip, täzeden birikmäge ýardam etdi.
Ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň wekili çagalary maşgalalaryna täzeden reintegrasiýa etmegi goldamak teklibi bilen Çagalar öýüne baranda, Melek ýaňy bir ýaşapdy. Durmuş işi boýunça hünärmenden we psihologdan ybarat bolan topar maşgalanyň bar bolan çeşmelerini toplamak we reintegrasiýa üçin meýilnama taýýarlamak arkaly Melegiň kakasy bilen işleşýärdi. Şol bir wagtyň özünde ene-ata başarnyklaryny ösdürmek we Melegiň, onuň kakasynyň, uýasynyň we enesiniň arasynda sagdyn gatnaşygy täzeden ýola goýmak boýunça işler geçirildi.
“Meniň aýalym aradan çykanda, täze doglan çagany - hünärmenleriň doly ideg etmegindäki Çagalar öýünde saklamak - çagam üçin iň gowy ýol bolar diýip pikir etdim. Şeýle-de bolsa, durmuş işgäri çagamyň sagdyn ösmegi üçin maşgala gurşawynyň ähmiýeti barada düşündirdi we ony öýe getirmek karara gelenimde, men ejem we aýal doganym tarapyndan uly goldaw aljakdygyma garaşmaýardym” - diýip, Melegiň kakasy sözüniň üstüni ýetirdi.
Onuň ejesi gysga wagtyň içinde aradan çykdy we onuň çagalaryna bolan iň soňky arzuwy Melegiň öýüne gaýdyp gelmegini goldamakdy. Melek maşgalasyna bir ýaş bir aý dolanda gaýdyp geldi. Kakasynyň işde bolan wagty, Melek daýzasynyň öýünde bolýar, daýzasy oňa gowy ideg eddýär. Melegiň uýasy onuň bilen oýnamaga gelýär we dynç günleri ol kakasy we uýasy bilen wagt geçirmegi meýilleşdirýärler. Iş dowam edýär we durmuş işi boýunça hünärmen, Melegiň mundan beýläk maşgalasyndan mahrum bolmajakdygyny kepillendirip, ene-ata zerur bolan başarnyklary hasam artdyrmaga we Melegiň jemgyýete gaýtadan gatnaşmagyny üpjün etmäge ýardam edip, bu işlerde maşgala goldaw bermegini dowam etdirýär.
Bu, meniň sebite eden saparymyň dowamynda şaýat bolan köp üstünlikli wakalarymyň biridir. Türkmenistanda BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Hökümeti ýerli derejede durmuş hyzmatlary babatyndaky ilkinji Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde durmuş işi barada düşünjäni girizmek we ýerli derejede inklýuziw durmuş hyzmatlarynyň milli nusgasyny işläp düzmek bilen durmuş hyzmatlarynyň gerimini giňeldýändigi we döwrebaplaşdyrýandygy begendirýär.
Bularyň hemmesi 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan 45 durmuş işi boýunça hünärmenleri işe alanda başlandy, olar durmuş işiniň nazaryýeti we tejribesi boýunça degişli tälim alandan soňra, Aşgabat şäheriniň ýigrimi etrabynda we Türkmenistanyň bäş welaýatynda hyzmatlary berip başladylar. Şondan bäri Hökümet durmuş hyzmatlar baradaky kanuny kabul etdi we ýurtda özgerdilen durmuş hyzmatlaryny goldamak üçin kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzdi.
Bilelikdäki maksatnama ýerli derejede inklýuziw, ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny hödürledi. Pandemiýa döwründe bu hyzmatlary bermek üçin işlenip düzülen maksatnama durmuş taýdan çetleşdirilen we pes girdejili maşgalalara COVID-19 pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerine has çydamly bolmaga goldaw berýär.
Ine, durmuş işi boýunça başga bir hünärmen tarapyndan paýlaşylan wakalaryň ýene biri:
“Onuň ýoldaşy aradan çykdy, ol ozal hiç wagt işläp görmändi, ol çagasy bilen ene-atasynyň öýüne gaýtmaga mejbur boldy, ýöne islemeýärdi. Biz oňa çagasyny çagalar bagyna ýerleşdirmäge we naharhanada iş tapmaga ýardam etdik. Birnäçe aý soňra ol işlemek üçin has gowy ýer tapdy we indi ol ýerli restoranda aşpeziň kömekçisi bolup işleýär. Ol indi garaşsyz we ýekeje çagasyny özi terbiýelemegi başarýar. Ol köplenç täzeliklerini paýlaşmak üçin biziň merkezimize gelýär."
Hyzmatlardan peýdalanýan adamlar we hyzmatlary üpjün edijiler bilen ýakyn gatnaşygy ýola goýmak durmuş işi boýunça işgärlere işlerinde has netijeli iş alyp baramaga ýardam edýär. Işleriniň gysga möhletine garamazdan, durmuş işi boýunça täze işgärler jogapkärçiliklerini üstünlikli ýerine ýetirýändigini subut etdiler. Olar durmuş hyzmatlaryny berýän döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik guramalaryna tanymal boldy.
"Bize zerur bolan ukyplary ösdürmek üçin birneme wagt gerek boldy, indi kärdeşlerimiň köpüsi durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlar öz jemgyýetlerinde bar bolan serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilikleri bolar ýaly dürli guramalar we durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň arasynda gatnaşyklary ýola goýýarlar”, - diýip, Mergen Sahetliýew, durmuş işi boýunça hünärmen aýtdy.
Durmuş işi boýunça hünärmenler, 1000-den gowrak ýagdaýda, 5000 töweregi adama, şol sanda dürli ýaşdaky mätäç adamlara we maýyplygyň ähli görnüşleri bolan adamlara goldaw berdiler. Bu ýagdaýyň 85%-de maşgalalara bir ýa-da birnäçe pensiýa ýa-da kömek pullary berilýärdi, ýöne şonda-da goşmaça goldaw gerekdi. Durmuş işi boýunça hünärmenler gowşak toparlaryň zerurlyklaryna baha berdiler, peýdalanyjylar bilen bilelikde goldaw bermek üçin aýratyn meýilnamalaryny işläp düzdüler we ýerli derejede goldaw berip başladylar.
"Adamlara ýardam etmek üçin biz işimizi söýmelidiris" - diýip, Farab etrabyndan durmuş işi boýunça hünärmenleriň 45-niň biri Lola Hydyrowa aýtdy.
Ol bu hünärde täze işläp başlady. Ol 106 sany durmuş işi boýunça dolandyryjylar, durmuş hyzmatlaryny üpjün edýän hökümet we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň 67 wekili we degişli hünärleriň 79 wekili bilen bilelikde durmuş işi we durmuş hyzmatlarynyň esaslary barada mümkinçilikleri artdyrmak boýunça okuwlara gatnaşdy. Şeýlelik bilen, maýyplygy bolan çagaly maşgalalara edilýän hyzmatlary öz içine alýan täze ýerli derejede ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmek üçin esas döredildi.
Men şular ýaly hekaýalary ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine eden saparymyň döwründe durmuş işgärlerinden eşitdim. Bu Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde biz ähli gowşak toparlara, şol sanda ene-atadan aýrylmak howpuna düşen çagalara, ene-atasyz çagalara, maýyplygy bolan çagalara, howp astyndaky ýaşlara, gender esasyndaky zorluga sezewar bolan aýallara, maýyplygy bolan uly adamlara, ýekelikde ýaşaýan gartaşan adamlara, şeýle hem esasy gündelik idege mätäç bolan beýleki adamlara goldaw berýändigimize begenýärin. Olaryň şahsy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we jemgyýetiň durmuşuna gatnaşmagyny üpjün etmek üçin durmuş işi boýunça hünärmenler we tejribeli durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler tarapyndan hödürlenýän ýokary hilli, ýerli derejede durmuş hyzmatlara bolan elýeterlilik möhümdir.
Sosial inklýuziýa diýmek bilen, biz hemmeler üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmäge çalyşýarys we her kim, gelip çykyşyna garamazdan durmuşda doly mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bilerler. Bilelikdäki maksatnamanyň hyzmatdaşlary, gowşak toparlardaky adamlaryň - jemgyýetiň ykdysady, sosial we medeni durmuşyna doly gatnaşyp bilmegi üçin mümkinçiliklere we zerur bolan çeşmelere elýeterliligini üpjün etjek durmuş hyzmatlaryň nusgasyny döretdiler.
Ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan 2020-nji ýylda ýola goýuldy we Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri, Ýewropa Bileleşigi, halkara guramalar, hususy pudak we şahsyýetler ýaly hemaýatkärleri bolan DÖM-niň Bilelikdäki gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri we üstünlikleri barada has giňişleýin maglumatlary şu ýerden tapyp bilersiňiz.
***
Bilelikdäki maksatnamanyň netijeleriniň dowamlylygyny üpjün etmek üçin Durmuş hyzmatlaryny ösdürmegiň Milli meýilnamasynyň taslamasy - 2030-njy ýyla çenli strategiki ýol kartasy işlenip düzüldi we Hökümete teklip edildi. Şeýle hem, ol Hökümet bilen bilelikde maliýeleşdirilmegine garaşylýan Bilelikdäki maksatnamanyň II Tapgyrynyň işlenip düzülmegine esas döretdi we netijede ösüş ugrunda adatdan daşary ýagdaýlar üçin DÖM-niň Bilelikdäki gaznasyndan maliýe serişdelerini aldy, bu bolsa ýurduň her etrabynda ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň gerimini giňelder.
1 of 5

Waka
14 July 2022
Jemgyýetçilik guramalarynyň netijeliliginiň esaslaryny berkitmek
Türkmenistandaky Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy, Ýewraziýa Gaznasy (EF) bilen hyzmatdaşlykda, Merkezi Aziýada Durmuş Innowasiýalar (SICA) maksatnamasynyň çäginde we ABŞ-nyň Halkara Ösüş üçin Guramasy (USAID) bilen Aşgabatda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we döwlet edaralarynyň 32 sany wekili gatnaşmagynda “Maliýe durnuklylygy jemgyýetçilik guramalarynyň üstünlikli işlemeginiň faktory” atly tegelek stol geçirdiler.
Jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, Milli Geňeş, Adalat ministrligi, Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty, Zähmet we Durmuş Gorag ministrligi, Ykdysadyýet we Maliýe ministrligi jemgyýetçilik guramalarynyň potensialyny güýçlendirmek üçin amatly şertleriň barada meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň dowamynda jemgyýetçilik guramalarynyň maliýe durnuklylygyny saklamak we jemgyýetçilik guramalarynyň işi üçin kabul ederlikli çeşmeler we mehanizmler garaldy. Gazagystanyň we Özbegistanyň hünärmenleri dürli ýurtlardan, şol sanda döwlet jemgyýetçilik sargytlary we jemgyýetçilik telekeçiligi ýaly sosial taslamalary maliýeleşdirmekde öz ýurtlarynyň tejribeleri bilen paýlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar jemgyýetçilik guramalarynyň maliýe durnuklylygynyň gazanylmagynyň guramalaryň uzak möhletleýin meýilnamalaşdyryş çäginde işlemek, wezipelerini izygiderli ýerine ýetirmek we ösüşlerini dolandyrmak ukybyny güýçlendirýändigini bellediler.
Maliýe durnuklylygy, guramalara işlerinde täsirli bolmaga we maksatlaýyn toparlaryň isleglerini has gowy kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän guramaçylyk ukybynyň aýrylmaz bölegidir diýil bellendi. Maliýe çeşmelerini diwersifikasiýa etmek, täze modelleri ornaşdyrmak we donorlara bil baglamak ygtybarly çeşme binýadyny gurmaga kömek edýär, bu bolsa öz gezeginde edarala zerur bolan durnuklylyk döredýär.
Jemgyýetçilik guramalary üçin maliýe çeşmelerini diwersifikasiýa etmegiň, kanunçylyk binýadyny gowulandyrmak, jemgyýetçilik guramalarynyň hyzmatlary üçin jemgyýetçilik şertnamalarynyň mehanizmlerini beýleki ýurtlarda üstünlikli tejribe hökmünde göz öňünde tutmak ýaly dürli usullar arkaly gazanyp boljakdygy bellendi. Işleriň käbir görnüşleri üçin ýeňňillikler ornaşdyrmak, hyzmatlaryň göwrümini giňeltmek we girdeji getirýän işleri amala aşyrmak.
USAID-yň Türkmenistandaky ýolbaöçysy Nino Nadiradze öz çykyşynda “jemgyýetçilik guramalary adamlaryň şahsy we jemgyýetçilik hukuklaryny, we bähbitlerini öňe sürüp biljek jemgyýetiň möhüm bölekleriň biridir. Olaryň bolmagy, demokratiýany goldamak we aç-açanlyk we aç-açanlyk ýörelgelerini üpjün etmek üçin jemgyýetçilik pikiriniň we raýatlaryň karar kabul etmek işine gatnaşmagynyň möhümdigini subut edýär."
Türkmenistandaky Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň (IOM)başlygy Azat Atajanow gatnaşyjylary gutlap, “jemgyýetçilik guramalary ýurtlaryň hökümetlerine Durnukly Ösüş Maksatlary(DÖM) barada maglumat ýaýratmaga we sosial maksatly taslamalary durmuşa geçirmek arkaly Durnukly Ösüş Maksatlary durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga kömek edýär diýdi. Jemgyýetçilik guramalary bolan raýat jemgyýeti guramalary DÖMýerine ýetirilişine gözegçilik etmekde möhüm ornuny eýeleýär we köp ýurtda DÖM-ny durmuşa geçirilmegi baradaky döwlet hasabaty bilen birlikde jemgyýetçilik aktiwistleri özleriniň alternatiw hasabatyny taýýarlaýarlar. Döwlet we jemgyýetçilik pudagynyň arasyndaky gepleşikleri we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýän çärämiziň Watanymyzyň - Türkmenistanyň ösüşine möhüm we amaly goşant goşýan uzak möhletleýin strategiki prosesleriň düýbüni tutar diýip umyt edýärin."
Türkmenistanyň Milli Geňgeşimiň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak komitetiniň agzasy Baýli Seýilow “raýatlaryň birleşmek hukugy Türkmenistanyň konstitusiýasy we kanunlary bilen kepillendirilýär. Raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek baradaky konstitusion hukugy, Türkmenistanyň “Jemgyýetçilik birleşikleri barada” kanunlary bilen durmuşa geçirilýär, bu ýurtda jemgyýetçilik birleşikleriniň işini döretmek we guramak üçin kanuny esas bolup durýar.”
“Ýenme” jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Gulýa Çorekliýewa BMG-nyň birnäçe guramasynyň bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde sosial hyzmatlary bermegiň tejribesi barada aýtdy. Ol “şu gün jemgyýetçilik we jemgyýetçilik pudagy üçin möhüm bir meseläniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, sebäbi maliýe durnuklylygy meseleleriniň aýratyn durmaýandygyny we bilelikde çözülmelidigini aýtdy. Diňe jemgyýetçilik guramalary köp meseläni ýeňip bilmez we sosial hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini maliýe durnuklylygy üçin ulanmalydyr. Bu aç-açanlyk, ygtybarlylyk we jemgyýetçilik jogapkärçiligi. Döwlet bizi goldaýar we bilelikde işleýän we netije berjek mehanizm barada pikirlenmeli".
Zähmet we Türkmenistanyň ilatyny sosial taýdan goramak ministrliginiň metodologiýa bölüminiň baş hünärmeni Lýala Berdyklyçewa, tegelek stoluň gowy gurnalandygy belledi. Baý mazmunly we halkara tejribesi bilen tanyşmak mümkinçiligini bolandugyny aýtdy. Şeýle-de, iş toparlaryndaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda görkezilen gatnaşyjylaryň işjeňliginden hoşal boldum diýip belläp geçdi.
1 of 5
Waka
29 June 2022
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we hyzmatdaşlar adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça innowasion çemeleşmeleri Türkmenistanyň hususy pudagyna ornaşdyrmak üçin tagallalaryny birleşdirýärler
Kompaniýalaryň köpüsi, arzan bahaly harytlara we hatda has arzan hyzmatlara bolan global islegleriň ýokarlanmagyna kem-kemden uýgunlaşýarlar. Bilşimiz ýaly, islegler önümleriň döremegine sebäp bolýar. Bularyň hemmesi, ahyrynda ekspluatasiýa bilen baglanyşykly ýagdaýlara sebäp bolup biler.
Adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda hususy pudagyň gatnaşmagyny üpjün edip, pikir alyşmak we iň oňat çözgütleri tapmak üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanda ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly maksatnamasynyň çäginde “Hususy pudakda we üpjünçilik zynjyrlarynda adam söwdasynyň öňüni almak, şeýle hem hususy pudakda sosial, korporatiw we zähmet kadalaryny berjaý edilmeginiň ähmiýeti we onuň eksporta edýän täsiri” atly okuw malsahatyny geçirdiler.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň 29-dan gowrak wekilleri, şeýle hem maslahat beriş, oba hojalygy we gurluşyk pudagyndaky hususy kompaniýalaryň wekilleri adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça syýasatyň, zähmet kadalarynyň we adam hukuklarynyň berjaý edilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar halkara we sebitleýin tejribeleri öwrendiler, şeýle hem sebitde we dünýäde zähmet düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak üçin üstünlikli we innowasion çemeleşmeleriň mysallaryny paýlaşdylar.
Merkezi Aziýada UNODC-niň adam söwdasyna we migrantlaryň bikanun getirilmegine garşy göreşmek boýunça sebitleýin geňeşçisi doktor Reda Sirgediene gatnaşyjylary adam söwdasynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek üçin döwlet-hususy pudagyňhyzmatdaşlygynyň geljekdäki uly işleri bilen tanyşdyrdy.
Korporatiw we jemgyýetçilik jogapkärçiligi boýunça halkara hünärmeni hanym Saara Haapasaari, Finlýandiýanyň Helsinki şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň Jenaýatyň öňüni almak we gözegçilik etmek instituty (HEUNI), Bolgariýanyň Demokratiýa öwreniş merkezi, Estoniýanyň Tartu uniwersiteti we Latwiýanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan işlenip düzülen,kompaniýalar üçin zerur bolan zähmet gollanmasyny hödürledi.
Türkmenistanyň Adalatcysynyň diwanynyň wekili mejbury zähmetiň we adam söwdasynyňöňüni almak üçin milli zähmet kanunçylygynyň kadalaryny we olary berjaý etmegiň ähmiýetini belläp geçdi.
Maslahata gatnaşyjylar hökümet we jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda hususy pudagyň möhüm orun tutýandygy barada ylalaşyga geldiler. Gatnaşyjylar bu jenaýata garşy göreşmek üçin ähli sebitleri we pudaklary öz içine alýan bitewi, utgaşdyrylan we köptaraplaýyn tagallalaryň zerurdygy barada netije çykardylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Transmilli Guramaçylykly Jenaýata garşy Konwensiýasynyň (UNTOC) we adam söwdasynyň öňüni almak, oňa garşy göreşmek, hem-de jezalandyrmak baradaky goşmaça Teswirnamasynyň kepillendirijisi hökmünde, UNODC Türkmenistanyňhökümetine adam söwdasyna garşy göreşmek üçin edýän tagallalaryny güýçlendirmek üçin goldaw berýär.
Bu okuw maslahaty adam söwdasyna garşy göreşmek ugrunda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanda ugrukdyryş mehanizminiň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin degişli edaralaryň we guramalaryň standart iş proseduralaryny doly derejede işläp düzmek üçin gönükdirilen UNODC bilen USAID-iň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly maksatnamasynyň bilelikdäki başlangyjynyň bir bölegi bolup durýar.
1 of 5

Waka
29 June 2022
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen adam söwdasyna garşy göreşmek babatyndaky kanunçylyk reformasynda soňky üýtgetmeleri ara alyp maslahatlaşýarlar
Şeýle-de bolsa, bu jenaýat giňden ýaýran we esasanam kanunyň hökmürowanlygy we jenaýat kazyýet ulgamlary netijesiz hereket eden ýagdaýynda peýda bolýar.
“Ýurtlaryň köpüsinde, şol sanda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy kanunlar hereket edýär, emma bu kanunlara üýtgetmeleriň yzygiderli girizilmegi we Birleşen Milletler Guramasynyň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy konwensiýasynyň üstüni ýetirýän adam söwdasynyň, esasanam aýallaryň we çagalaryň söwdasynyň öňüni almak, ýok etmek we jezalandyrmak baradaky Teswirnamasynyň düzgünleri bilen laýyk gelmegi pidalary ýüze çykarmak, zerur bolan goraga we hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmek we transmilli jenaýatçylyk toparlaryny jogapkärçilige çekmek ugrunda möhüm ähmiýete eýedir" - diýip, Merkezi Aziýada BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) sebitleýin maksatnamalaryň halkara utgaşdyryjysy jenap Kun Markwering aýtdy.
UNODC 2018-nji ýylda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň hukuk taýdan seljermesini geçirdi. Bu derňewiň teklipleri 26-27-nji maý aralygynda Türkmenistanda geçirilen “Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça milli syýasaty pugtalandyrmak” atly ikinji okuw maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu okuw maslahatynda Türkmenistanyň hökümetine we jemgyýetçilik guramalaryna wekilçilik edýän 21 hünärmen gatnaşdy, olar ÝB we GDA ýurtlarynda adam söwdasyna garşy göreşmek babatynda kanunçylyk reformalarynda soňky üýtgetmeler bilen tanyşdylar. UNODC tarapyndan işlenip düzülen hukuk taýdan seljerme bilen birlikde, türkmen kanunçylygyny kämilleşdirmek üçin halkara we milli hünärmenleriň taýýarlan teklipleri, şeýle hem bu teklipleri degişli kanunlara we kararlara uýgunlaşdyrmak we ornaşdyrmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli we halkara hünärmenler pidalary ýüze çykarmak we olara goldaw bermek, şeýle hem Türkmenistanda ulanylyp bilinjek, pidalara gönükdirilen çemeleşmelere aýratyn üns berýän milli salgylanma mehanizmlerini ýola goýar ýaly maliýe çeşmelerini ýüze çykarmak üçin syýasaty we proseduralary işläp düzmek boýunça iň oňat tejribeleri bilen paýlaşdylar.
Gatnaşyjylar Özbegistanyň adam söwdasyna garşy kanunçylyk reformasynyň tejribesi bilen, ýagny, Milli salgylanma mehanizmleri üçin standart iş proseduralary; Milli salgylanma mehanizmlerini maliýeleşdirmek üçin çeşmeler we adam söwdasyna garşy göreşmek üçin döwlet edaralary bilen raýat pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň oňat tejribeleri; şeýle hem Gazagystanyň adam söwdasynyň öňüni almak üçin döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin tejribeleri bilen tanyşdylar.
"Adam söwdasyna garşy göreşmek - aýal-gyzlara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini ýok etmegi, guramaçylykly jenaýata garşy göreşmegi we mejbury zähmeti ýok etmegi, çagalara zulum etmegi, olardan peýdalanmagy we olara garşy zorluk ulanmagy ýok etmegi talap edýän Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek prosesini tizleşdirýändigini düşünmek möhümdir. Bu global derejedäki jenaýata garşy göreşmek, hiç bir adamyny ünsden düşürmän, has gowy geljegi gurmakdyr" - diýip, Kun Markwering sözüni jemledi.
1 of 5

Press reliz
03 August 2022
Durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnama baha bermek
ÝUNISEF-iň ýolbaşçylygynda, halkara bilermeni jenap Artýom Syç tarapyndan geçirilen baha beriş işiniň maksady iň mätäç adamlara inklýuziw durmuş hyzmatlaryny bermek maksady bilen okuw öwrenmek üçin Bilelikdäki maksatnamanyň ähmiýetine, netijeliligine, dowamlylygyna, utgaşyklygyna we täsirine baha bermek boldy.
“Bu baha bermegiň netijeleri, ýurtda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek üçin milli strategiýany işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Mundan başga-da, Bilelikdäki maksatnama baha bermegiň esasy maksady Türkmenistanda durmuş hyzmatlaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin teklipleri işläp düzmekdir "- diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. jenap Mohammad Faýýazi aýtdy.
Gatnaşyjylar, BMG we Türkmenistanyň Hökümeti üçin halkara bilermen tarapyndan işlenip düzülen netijeler we teklipler bilen tanyşdylar. Baha bermegiň netijeleri, BMG, Türkmenistanyň hökümeti we beýleki esasy milli we halkara gyzyklanýan taraplaryň arasynda gepleşikleri ýola goýmak, meýilleşdirmek we maksatnamalary işläp düzmek üçin esas bolup hyzmat eder. Şeýle-de, ol beýleki ýurtlaryň hem öwrenmegi üçin iň oňat tejribäni görkezýän, Hökümet tarapyndan bilelikde dolandyrylýan, Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji baha beriş işi bolandygy bellenildi.
DÖM boýunça Bilelikdäki gazna tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek" atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bilelikdäki maksatnamanyň maksady ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň täze nusgasyny ornaşdyrmak, degişli kanunçylyga syn berip, hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmakdyr. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara bolup çykyş edýär. Beýlekiler Mejlis, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir. Taslama ýakynda DÖM boýunça Bilelikdäki gaznasynyň web sahypasynda dünýä derejesinde görkezildi.
Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri we üstünlikleri barada has giňişleýin maglumaty şu ýerden tapyp bilersiňiz.
1 of 5
Press reliz
02 August 2022
BMG-niň Adam hukuklary baradaky Merkezi Aziýa üçin sebitleýin bölümi BMGÖM bilen bilelikde Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek ugrunda goldaw berýärler
Mümkinçiliklere baha bermek prosesi üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde, BMGÖM-niň sebitleýin edarasynyň, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Merkezi Aziýa üçin sebitleýin bölüminiň, Mongoliýanyň adam hukuklary boýunça milli komissiýanyň we Milli hukuk goraýjy edaralaryň Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň hünärmenlerinden ybarat bolan ýörite topar tarapyndan amala aşyrylýar.
Deslapky wirtual ýygnagyň dowamynda ýörite topar Türkmenistanyň Mejlisiniň Milli Geňeşiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Institutynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň aklawçylar kollegiýasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri üçin mümkinçiliklere baha bermek prosesiniň usulyýeti, konsepsiýasy we garaşylýan netijeleri barada brifing geçirdiler.
Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin ýörite toparyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ýurda gelip, Aşgabat şäherinde we Türkmenistanyň welaýatlarynda ministrlikleriň, döwlet edaralaryň we raýat jemgyýeti guramalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.
Mümkinçiliklere baha bermek Adalatçynyň diwanyna Pariž ýörelgelerine laýyklykda Türkmenistanda adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak ukybyny güýçlendirmek boýunça mümkinçilikleri artdyrmak maksady bilen strategiýalary we hereketleri işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge mümkinçilik bermek üçin döredildi. Mundan başga-da, Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek we bu prosesiň netijelerine esaslanýan Strategiki meýilnamany işläp düzmek, 2023-nji ýylda Milli hukuk goraýjy edaralaryň global bileleşigine akkreditasiýa bolmak üçin Adalatçynyň diwanynyň resminamalaryny gözden geçirmek prosesine oňyn täsir eder.
Üç taraplaýyn hyzmatdaşlyk, 2011-nji ýylda, Milli hukuk goraýjy edaralaryň global bileleşiginiň, BMGÖM-niň we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň müdirliginiň arasynda milli hukuk goraýjy edaralaryň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin gol çekildi.
1 of 5
Press reliz
23 July 2022
Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak babatynda hereketleri amala aşyrmaga çagyryş
Dürli pudaklardan gelen gatnaşyjylar, şol sanda adam hukuklary babatyndaky Milli edaralaryň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, aklawçylar, ylmy pudagyň wekilleri we raýat jemgyýeti adam hukuklary babatynda ýedi esasy ugurlar bilen tanyşdylar: durnukly ösüş, çökgünlik döwürleri, gender deňligi, raýat giňişligi, geljekki nesiller, bilelikdäki hereket we täze sepgitler.
“Ösüş ugrunda adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmeleri ulananymyzda, netijeler has durnukly, güýçli we täsirli bolýar. Şol sebäpli, adam hukuklary Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde hem öz beýanyny tapýar" - diýip, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda nygtady.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň halkara hünärmenleri ýedi ugurda amala aşyrylmaly hereketler boýunça strategiki çäreleri hödürlediler. Hereketleri amala aşyrmaga bolan çagyryş hökümetlere we raýat jemgyýetine raýat giňişligini giňeltmekde we goramakda, jemgyýetiň azatlygyny goramakda we raýat jemgyýetiniň milli we BMG-niň işlerine gatnaşmagyny üpjün etmekde goldaw berýär.
Duşuşyk Hökümet bilen raýat jemgyýeti guramasynyň arasynda konstruktiw gepleşikler üçin oňat platforma bolup hyzmat etdi. Gatnaşyjylar ýurduň durmuş taýdan ösüşi ugrunda döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar.
***************
2020-nji ýylda BMG-niň Baş sekretary Antóniu Guterriş adam hukuklary babatynda häzirki zaman kynçylyklaryna jogap hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygynyň öňsyrasynda adam hukuklaryny goramak babatynda hereketleri amala aşyrmaga çagyryş etdi.
1 of 5
Press reliz
21 July 2022
Durmuş hyzmatlary babatynda Bilelikdäki maksatnamanyň hyzmatdaşlary DÖM boýunça Bilelikdäki gaznasynyň donorlaryny netijeler bilen tanyşdyrýarlar
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenkonyň ýolbaşçylygynda, onlaýn görnüşde geçirilen bu ýygnaga DÖM boýunça Bilelikdäki Gaznasyna maliýe taýdan goşant goşýan BMG-niň Hemişelik wekilleri, döwletleriň Türkmenistandaky ilçileri, köp ugurly guramalar, BMG-niň ýurt boýunça toparynyň agzalary we Bilelikdäki maksatnamanyň öňdebaryjy milli hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýokary derejeli işgärleri gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda ÝUNISEF-iň, BMGÖM-niň, ÝUNFPA-iň we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň baştutanlary - bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gatnaşýan dört gurama - Bilelikdäki Maksatnamany durmuşa geçirmekde şu güne çenli gazanylan möhüm sepgitleri hödürlediler:
• Inklýuziw durmuş hyzmatlarynyň täze ýerli nusgasyny üstünlikli synagdan geçirmek, munuň dowamynda 1000-den gowrak ýagdaýy öz içine alýan 5000 ejiz adamyň, şol sanda çagalaryň 41% -niň, maýyplygy bolan adamlaryň 15% -den gowragynyň we gartaşan adamlaryň 9% -niň zerurlyklaryna, şeýle hem durmuş işi boýunça taýýarlanan işgärler tarapyndan berilýän ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlarynyň netijesinde emele gelen subutnamalara baha berildi;
• Durmuş hyzmatlarynyň gerimini giňeldýän.ö, bu hyzmatlara bolan elýeterliligi gowulandyrýan, hem-de umumy hukuk gurşawyny üpjün edýän we ilatyň gowşak gatlaklaryny nazara alýan, 2021-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen Durmuş hyzmatlary baradaky Kanunynyň işlenip düzülmegi. Ol 2022-nji ýyldan başlap, durmuş işi boýunça taýýarlanan hünärmenleriň işini maliýeleşdirmek üçin alnyp barylýan işleri Döwlet býudjetine goşmaga mümkinçilik berdi;
• 200-den gowrak okuwyň dowamynda 400-den gowrak durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň, durmuş hyzmatlary we degişli bölümleriň ýolbaşçylarynyň, durmuş işi boýunça hünärmenleriň we ylmy pudagyň işgärleriniň, durmuş işinde zerur bolan esasy başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem “Durmuş işi” hünäri boýunça bakalawr maksatnamasyny açar ýaly taýýarlyk görmek üçin täze Milli şertlere laýyklykda, ýokary bilimiň Milli standartlary we umumy okuw meýilnamalary işlenip düzüldi.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanda synag edilen täze ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny görkezýän gysga wideo tomaşa etdiler we Bilelikdäki maksatnamanyň dowamlylygyny üpjün etmek üçin Bilelikdäki Maksatnamanyň II tapgyrynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.
“Ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.
1 of 5
Press reliz
21 July 2022
Adalatçynyň diwany bilen adam hukuklary babatynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak
Duşuşygyň çäginde ÝUNISEF, BMGÖM, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa sebitleýin bölümi, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi we ÝUNFPA Türkmenistanda adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak meselesinde Adalatçynyň diwany bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň Ýurt boýunça topary, 2017-nji ýylda bu edaranyň döredileli bäri, Adalatçynyň diwanyna mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin ýardam edýär.
“BMG we Türkmenistanyň Hökümeti adam hukuklary ugrunda köp ýyllap hyzmatdaşlygyny dowam etdirýärler. Men uly şatlyk bilen, Adalatçynyň diwanynyň adam hukuklary babatynda täze döredilen edara hökmünde, mümkinçiliklerini artdyrmak üçin Türkmenistanda BMG tarapyndan uly goldaw alýandygyny belläsin gelýär" - diýip, Türkmenistada BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy aýtdy.
Türkmenistanyň Adalatçysy hanym Ýazdursun Gurbannazarowa, BMG-niň düzümleýin edaralary bilen adam hukuklary meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi we Adam hukuklaryny goramak baradaky milli edaralaryň global bileleşigi (GANRI) tarapyndan edarany akkreditasiýa etmek prosesini öwrenmek, ýaşlaryň we aýallaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak, şeýle hem korrupsiýa garşy göreşmek üçin öňüni alyş çäreler geçirmek we ilatyň adam hukuklary barada habardarlygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek barada belläp geçdi.
BMG-niň düzümleýin edaralary Adalatçynyň diwanyna Pariž ýörelgelerine laýyklykda goldaw bermegi dowam etdirerler.
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
Serişdeler
20 October 2021
1 / 11