Soňky
Waka
04 noýabr 2025
Lebap welaýatyndaky owgan we ýerli jemgyýetlerden 119 zenanlar we gyzlar hünär mümkinçiliklerine eýe boldular
Has köp öwrenme
Press reliz
31 oktýabr 2025
Türkmenistanda DÖM boýunça hasabatlylygy berkitmek boýunça tegelek stol geçirildi
Has köp öwrenme
Waka
28 oktýabr 2025
BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreler “Parahatçylyk we umyt” aýdym-sazly konserti bilen tamamlandy
Has köp öwrenme
Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Press reliz
31 oktýabr 2025
Türkmenistanda DÖM boýunça hasabatlylygy berkitmek boýunça tegelek stol geçirildi
Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem-de BMG-niň düzümleri gatnaşyp, milli DÖM ýol kartasynyň çäginde gazanylan ösüşi ara alyp maslahatlaşdylar, dünýä we milli DÖM görkezijiler matrisasyna girizilen üýtgetmeleri gözden geçirdiler we 2030-njy ýyla çenli milli görkezijiler boýunça maksatlaýyn baha görkeziji sanlaryny ylalaşdylar.Açylyş sözünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini w.ý.ý. we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekili jenap Ýegor Zaýsew, DÖM-i ilerletmekde BMG ulgamy bilen dowam edýän hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Ol bu duşuşygyň milli DÖM boýunça gözegçilik we hasabatlylyk ulgamyny berkitmekde möhüm ädimdigini nygtady. “Şu günki maslahatlar DÖM-i gazanmak ugrunda bilelikdäki işlerimiziň dowamydyr. Maglumatlary toplamak we seljermek, milli görkezijileri täzeden gözden geçirmek hem-de anyk maksatlary bellemek ösüşi ölçemek we goşmaça goldaw zerur bolan ugurlary kesgitlemek üçin möhüm ähmiýete eýedir” diýip, jenap Zaýsew belledi.Maslahatlar ministrlikara utgaşyklylygyň, yzygiderli maglumat ýygnamagyň we milli DÖM hasabatlylygyny hem-de gözegçiligini güýçlendirmek üçin BMG ulgamy bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Jemleýji sözünde jenap Zaýsew, tegelek stoluň netijeleriniň 2027-nji ýylda BMG-niň Ýokary derejeli syýasy forumynda hödürlenjek Türkmenistanyň üçünji Meýletin Milli Synyny (MMS) taýýarlamakda göz öňünde tutuljakdygyny we ýakynda gol çekilen 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan we BMG-niň Durnukly Ösüş boýunça Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyny belledi.“2030-njy ýyla çenli bäş ýyl galdy - bu ýyllar DÖM-leri gazanmakda kesgitleýji ýyllar bolar. BMG ulgamy Türkmenistanyň durnukly we gülläp ösýän geljegine tarap edýän tagallalaryny goldamagy dowam etmäge taýýar” diýip, jenap Zaýsew jemledi.Bu tegelek stol şu ýylyň başynda geçirilen Strategik Maslahat beriş Geňeşiniň Dördünji mejlisiniň kararlaryny durmuşa geçirmek üçin möhüm çäreleriň biri hökmünde gurnaldy, bu bolsa Türkmenistanyň hökümetiniň we BMG-niň ulgamynyň milli derejede DÖM-i utgaşykly durmuşa geçirmäge we gözegçilik etmäge bolan bilelikdäki ygrarlylygyny görkezdi.
1 of 5
Press reliz
22 oktýabr 2025
FAO durnukly ösüş ugrunda maglumatlar bilen işlemek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini güýçlendirýär
Seminaryň esasy maksady FAO-nyň jogapkärçiligindäki DÖM görkezijileri boýunça maglumat toplamak we hasabat bermek babatda milli mümkinçilikleri berkitmek boldy. FAO-nyň hünärmenleri hanym Rasmiýa Aliýewa we hanym Weronika Boero DÖM-iň esasy görkezijileri boýunça maglumatlary ýygnamak, seljermek we hasabat bermek üçin täzelenen usullary, gurallary we iň gowy halkara tejribeleri bilen tanyşdyrdylar. Ara alyp maslahatlaşmalarda usulyýet täzelenmeleri nygtaldy we milli maglumat ýygnamak ulgamyny kämilleşdirmek we dünýä standartlaryna laýyk gelmegi üpjün etmek üçin maslahatlar berildi. FAO-nyň bilermenleri şeýle hem maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmak we milli gyzyklanýan taraplaryň arasyndaky utgaşyklylygy güýçlendirmek boýunça tekliplerini paýlaşdylar. Seminar FAO-nyň Sebitleýin edarasyndan we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynda DÖM boýunça hasabatlary öňe sürmekde Türkmenistana mundan beýläk-de goldaw bermek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen tamamlandy. Gatnaşyjylar milli statistika ulgamyny güýçlendirmek we Türkmenistanyň durnukly ösüşine hem-de 2030-njy ýyl üçin Gün tertibine tarap öňe gitmegine goşant goşjak ygtybarly, syýasata degişli maglumatlary üpjün etmek üçin bilelikdäki tagallalaryň we edaralar arasynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar.
1 of 5
Press reliz
21 oktýabr 2025
Turkmenistan launches development of the National Action Plan on Human Rights for 2026-2030
“The recent recommendations received from the Universal Periodic Reviews (UPR) and from several UN Treaty Bodies provide a comprehensive roadmap for strengthening human rights protections in various sectors, for instance legislative frameworks, institutional capacity, access to justice, non-discrimination, or the protection of vulnerable groups” – said Fabio Piana, UN Human Rights Deputy Regional Representative for Central Asia. Participants reviewed the UPR Matrix of the 4th cycle, including recommendations from UN Treaty Bodies, and discussed the logic, structure and priority areas of the Plan, drawing on international best practices. Based on the results of the fourth cycle of the UPR, which took place in November 2023, Turkmenistan accepted 146 of 228 recommendations. More information is available here: https://docs.un.org/A/HRC/55/4
1 of 5
Press reliz
17 oktýabr 2025
Türkmenistan we BMG strategik hyzmatdaşlygyny tassyklaýar
Mejlisi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko açdy. Dmitriý Şlapaçenko çykyşynda Strategik maslahatlar geňeşiniň milli we ählumumy ileri tutulýan meseleler boýunça gepleşikler we ylalaşyk platformasy hökmünde aýratyn ähmiýetini nygtady. Ol soňky üstünlikleri, şol sanda bilelikdäki maksatnamalaryň taýýarlanylmagyny, Merkezi Aziýada BMG-niň Klimat Tehnologiýalary boýunça Sebitleýin Merkezini döretmek boýunça öňegidişligi hem-de Türkmenistanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahatyna (LLDC3) işjeň gatnaşandygyny belläp geçdi. Ol 2026–2030 ýyllar üçin täze BMG–Türkmenistan hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny – Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde utgaşdyrylan hereketler we inklýuziw hyzmatdaşlyk arkaly bilelikdäki öňdebaryjy ugurlary we borçnamalary kesgitleýän strategik resminamany – Geňeşiň garamagyna hödürledi we onuň gol çekilmegine goldaw berilmegini teklip etdi.Geňeş şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde beýan eden başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişine garady, ýurduň ählumumy parahatçylyk, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugrundaky ygrarlylygyny tassyklady. Mundan başga-da, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň görkezijileri boýunça maglumatlaryň hilini we hasabatlylygyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň ýurt topary 2025-nji ýylda alnyp barlan işleri jemleýän kitapçany gowşurdy, ol ýerde sekiz görkezijiniň maglumatlary toplanyldy we 30-dan gowrak görkeziji boýunça milli edaralaryň goşmaça işleriniň zerurdygy bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar LLDC3 maslahatynyň netijeleri boýunça pikir alyşdylar hem-de sanly dolandyryş, ýaşlaryň hukuklaryny giňeltmek, ýaşyl energiýa geçişi, bilim we klimat hereketi ýaly ugurlarda alnyp barylýan bilelikdäki maksatnamalaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. BMG-niň agentlikleriniň, şol sanda BMGÖM, ÝUNFPA, ÝUNOPS we beýleki edaralaryň hem-de milli ministrlikleriň wekilleri çykyş etdiler.Mejlisiň ahyrynda 2026–2030-njy ýyllar üçin BMG–Türkmenistan hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy tassyklandy, ony resmi taýdan gol çekmek dabarasy 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem oktýabr aýynyň ahyrynda DÖM görkezijileriniň durmuşa geçirilişine bagyşlanan ministrliklerara tegelek stoluň geçirilmegi; BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe sürlen Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereket Maksatnamasynyň taýýarlanylmagy; Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyň Awaza syýasy Jarnamasyny we Hereket Meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça ýol kartasynyň taýýarlanylmagy; şeýle hem BMG tarapyndan teklip edilen bilelikdäki maksatnamalar boýunça pudagara Utgaşdyryjy Toparyň döredilmegi we onuň ilkinji mejlisiniň 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilmegi baradaky kararlar kabul edildi.Strategik maslahatlar geňeşi milli ösüş maksatlaryny BMG-niň “Geljegiň Ähtnamasy” we 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza Hereket Meýilnamasy ýaly halkara çarçuwalar bilen utgaşdyrmakda möhüm mehanizm hökmünde hyzmat edip, Türkmenistanyň sebit gatnaşyklarynda we durnukly ösüşde liderligini berkitmegini dowam etdirýär.
1 of 5
Press reliz
14 oktýabr 2025
Türkmenistanyň ýaşlary howa hereketine ýol görkezýärler
Ýaş liderleriň başlangyjy bilen geçirilen bu çäre pikir alyşmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Ýaşlaryň howanyň üýtgemegi boýunça ýol kartasyny kabul etmek üçin möhüm platforma boldy. Bu ýol karta ýakyn wagtda geçiriljek Ýaşlar maslahatynyň (COY) we Taraplaryň maslahatynyň (COP) çäklerinde Braziliýanyň Belem şäherinde hödürlener. Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň wekilleri ýaşlaryň howanyň üýtgemeginiň öňüni almakdaky ygrarlylygyny hem-de olaryň milli klimat maksatlaryna goşant goşmak islegini bellediler. Olar ýaşlaryň Pariž Ylalaşygynyň hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde kabul edilen milli borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginde möhüm hyzmatdaşdygyny nygtadylar. “Türkmenistanyň ýaşlary ekologik kynçylyklara garamazdan ruhlandyryjy liderlik, bilim we jebislik görkezýärler. Olar diňe bir milli ileri tutulýan ugurlary däl, eýsem global derejedäki dialoga hem möhüm goşant goşýarlar. BMG ýaş liderleriň durnukly we inklýuziw geljege goşýan işjeň gatnaşygyna ýokary baha berýär», — diýip BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko belledi. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar alty tematiki iş toparyna bölündiler: howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, uýgunlaşma, howany maliýeleşdirmek, ekologiýa barada bilimi artdyrmak, biodürlüligi we daşky gurşawy goramak, hem-de suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak. Hünärmenler we topar ýolbaşçylary maksatlary we garaşylýan netijeleri düşündirdiler, ýaşlar bolsa öz jemgyýetlerindäki tejribeleri bilen paýlaşdylar, ekologik taslamalary hödürlediler we ekologiýa syýasaty boýunça bilimlerini giňeltdiler. Geçirilen sessiýalar gatnaşyjylary habardarlygyny ýokarlandyrmak, ýerli taslamalary başlamak we döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça işjeň çäreler görmäge ruhlandyrdy. Köp gatnaşyjylar ekologiýa meselelerini çözmekde milli däp-dessurlary, innowasiýalary we tehnologiýany birleşdirmegiň ähmiýetini hem nygtadylar. Her topar milli syýasata we Ýaşlar deklarasiýasyna goşuljak anyk teklipleri işläp düzdi. “Biziň üçin ýaşlaryň pikirleriniň we başlangyçlarynyň milli klimat syýasatynda öz beýanyny tapmagy örän möhüm. Biz döwlet edaralary we halkara hyzmatdaşlar bilen durnukly geljege tarap bilelikde hereket etmäge taýýar”, — diýip Howanyň üýtgemegi boýunýa Milli ýaşlar maslahatyň gatnaşyjysy Gülşat Aýydowa belledi. Iş toparlarynyň sessiýalaryndan soň topar ýolbaşçylary öz tekliplerini hödürlediler, olar bolsa Ýaşlaryň howanyň üýtgemegi boýunça ýol kartasynyň deslapky nusgasyna girizildi. Bu teklipler soňra Türkmenistanyň ýaşlarynyň Beýannamasynyň gutarnykly nusgasyna goşular we COY20-de, soň bolsa COP30-da hödürlener. Ýaşlaryň maslahaty (COY) her ýyl geçirilýän halkara çäre bolup, ýaş liderleri we aktiwistleri howanyň üýtgemegi bilen bagly çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak üçin birleşdirýär. COY20 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň başynda Braziliýanyň Belem şäherinde geçiriler we ýaşlaryň COP30 — BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň 30-njy Taraplaryň maslahatyna gatnaşmagyna taýýarlyk üçin meýdança bolar.
1 of 5
Waka
04 noýabr 2025
Lebap welaýatyndaky owgan we ýerli jemgyýetlerden 119 zenanlar we gyzlar hünär mümkinçiliklerine eýe boldular
Lebap welaýatynyň owgan we ýerli jemgyýetlerinden bolan ýüz on dokuz zenan we gyz üç aýlyk tikinçilik hünär okuwyny üstünlikli tamamlady. Okuwlar Halkara migrasiýa guramanyň “Owganystan we Goňşy ýurtlar üçin toplumlaýyn hereket meýilnamasy” atly sebitleýin taslamasynyň çäginde, “Ynamly Durmuş” jemgyýetçilik guramasynyň goldawy bilen geçirildi. Gatnaşyjylar Seýdi nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki mekdebiniň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda, Dänew etrabynyň 23-nji orta mekdebinde 30 adamlyk toparlarda bilim aldylar. Okuwlar nazary we amaly sapaklary öz içine aldy. Mugallymlaryň aýtmagyna görä, gatnaşyjylar ýokary höwes bilen okaýarlar we täze zatlary öwrenmäge uly isleg bildirýärler. Ähli gatnaşyjylar üstünlikli synag tabşyrdylar we özleriniň tikin önümlerini görkezmek arkaly okuwlaryny tamamladylar. Uçurymlaryň ählisine tikinçi hünärine degişli resmi şahadatnamalar gowşuryldy. Şeýle hem, olara Halkara migrasiýa guramasy tarapyndan satyn alnan hünär derejeli tikin maşynlary berildi, bu bolsa okuwlaryň dowamlylygyny üpjün edip, olaryň täze alan başarnyklaryny ulanmaga we durnukly girdeji çeşmesini döretmäge mümkinçilik berýär. “Bu okuw meniň özbaşdak hünär durmuşymyň hakyky başlangyjy boldy. Tikinçilik kursunyň kömegi bilen bilim aldym, şahadatnama we ýokary hilli tikin maşynyny sowgat aldym. Birnäçe dostlarym bilen öý şertlerinde öz kiçi işimizi açdyk, indi ol bize girdeji getirýär. Bu mümkinçilik üçin örän minnetdar!” diýip, okuwlary üstünlikli tamamlan Bahar Muhammetosmanowa aýtdy. Bu başlangyç, Türkmenistanda ýaşaýan owgan jemgyýetiniň zenanlaryna we gyzlaryna, şeýle hem ýerli jemgyýetleriň wekillerine isleg bildirilýän hünärler boýunça okuwlary üpjün etmek arkaly, durnukly girdeji çeşmelerini döretmek we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek maksadyny göz öňünde tutýar. Bu topar, tikinçilik hünäri boýunça taýýarlanan we şahsy tikin maşynlary bilen üpjün edilen ikinji zenanlar toparydyr. Şonuň netijesinde, jemi uçurymlaryň sany 239-a ýetdi.Halkara migrasiýa guramasynyň sebitleýin taslamasy — “Owganystan we Goňşy ýurtlar üçin toplumlaýyn hereket meýilnamasy” — Türkmenistanda ýaşaýan owgan jemgyýetine, aýratyn hem zenanlara we gyzlara, olaryň uzak möhletleýin durnukly ösüşine we ýerli derejede sosial bitewüligine ýardam bermek maksadyna eýedir.Hünär okuwlaryndan başga-da, taslamanyň çäginde hereket edýän Mobil Resurs Merkezi şu güne çenli Ahal we Lebap welaýatlarynyň obalarynda ýaşaýan owgan we ýerli jemgyýetlerden bolan 6 müňden gowrak adama lukmançylyk we hukuk boýunça maslahat hyzmatlaryny berdi. Mundan başga-da, taslamanyň goldawy bilen Ahal welaýatynyň Parahatçylyk obasyndaky saglyk merkezi täzeden abatlandy we indi owgan hem-de ýerli ilata uzak möhletleýin, ýokary hilli saglyk hyzmatlaryny berýär.Habarlaşmak üçin Halkara migrasiýa guramasynyň Türkmenistandaky wekili:
Aýsoltan Muradowa, Taslama kömekçisi
Tel.: +99365 85 65 68
E-poçta: amuradova@iom.int
Aýsoltan Muradowa, Taslama kömekçisi
Tel.: +99365 85 65 68
E-poçta: amuradova@iom.int
1 of 5
Waka
28 oktýabr 2025
BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreler “Parahatçylyk we umyt” aýdym-sazly konserti bilen tamamlandy
Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda sazlaşyk we umyt owazlary ýaňlandy. Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan gurnalan “Parahatçylyk we umyt sazlary” atly konsert BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna (BMG80) bagyşlandy. Konsertde Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri, diplomatik korpusyň agzalary, raýat jemgyýetiniň wekilleri hem-de BMG-niň Türkmenistandaky toparynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäre sekiz onýyllyga dowam eden hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ösüşi dabaralandyrdy. Bu çäre Türkmenistanda geçirilen BMG80 baýramçylyk çäreleriniň iň soňky bölegi boldy. Konsertiň öňüsyrasynda myhmanlar BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň işini görkezýän surat sergisini synladylar. Sergide saglygy goraýyş we bilimden başlap, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, gender deňligi we sosial inklýuziwlik ýaly dürli ugurlardaky gazanylanlar görkezildi. Bu bolsa BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryny (SDG) öňe ilerletmekde Türkmenistan bilen uzak wagtlap dowam edýän hyzmatdaşlygynyň umumy netijeleriniň subutnamasy boldy. “Bu agşam biz diňe sazdan lezzet almak üçin däl, eýsem bizi birleşdirýän, ähmiýetli gymmatlyklary — adam mertebesini, deňligi we raýdaşlygy — ýatlamak üçin jemlendik,” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyşynda aýtdy. “Bu gymmatlyklar 1945-nji ýylda döredilen BMG-niň işine ýol görkezdi we şu güne çenli Türkmenistanda hem-de bütin dünýäde biziň işimizi ruhlandyrýar.”Hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem bardy. Ol Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi. Parahatçylyk, inklýuziwlik we ynsanperwerlik dabarasyKonsertde Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň we Türkmenistanda Çagalar horunyň çykyşlary boldy.Çäre “Dünýäni bejeriň (Heal the world)” atly aýdym bilen başlandy. Bu eser BMG-niň alty resmi dilinde — arap, hytaý, iňlis, fransuz, rus we ispan dillerinde ýerine ýetirildi. Bu birligiň, inklýuziwligiň we biziň planetamyz üçin umumy jogapkärçiligimiziň nyşany boldy. Konsertiň maksatnamasy parahatçylyk, deňlik we umyt temalaryny beýan edýän dürli nusgawy we häzirki zaman eserlerini öz içine aldy. Çäräniň aýratynlygy onuň inklýuziwligindedi: çykyş edýänleriň arasynda maýyplygy bolan artistler hem bardy. Şeýle hem yşarat dilinde ýerine ýetirilen täsirli çykyş boldy, bu bolsa sazyň we duýgularyň sesden we dilden üstün bolup bilýändigini görkezdi. Agşam “Biz – dünýädiris” (We are the World) atly aýdymyň bilelikdäki ýerine ýetirilişi bilen tamamlandy. Ýerine ýetirijileriň hemmesi dünýäniň sazlaşygyny we geljege bolan ynamyny bilelikde beýan etdiler.“Bu agşam umydyň baýramy, parahatçylygyň hormaty we hemmämiziň has gowy dünýä ugrunda bilelikdäki ýolumyzy tassyklaýan dabarady,” diýip, jenap Şlapaçenko çykyşynyň soňunda aýtdy. “Parahatçylyk mümkindir, umyt güýçlidir, we biz bilelikde has ýagşy geljegi gurup bileris.” Türkmenistanda BMG80 dabaralary“Parahatçylyk we umyt sazlary” konserti Türkmenistanda geçirilen BMG80 baýramçylygynyň soňky bölegi boldy. Bu çäreleriň hatarynda “Parahatçylyga 5 km” marafony, täze Türkmenistan we BMG-niň Durnukly Ösüş boýunça Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekilişi, sergiler hem-de ýaşlar we jemgyýetçilik çäreleri bardy. Olar BMG bilen Türkmenistanyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny ilerletmekde alyp barýan hyzmatdaşlygyny görkezdi.BMG80 baýramçylygynyň çäginde Aşgabat we welaýatyň merkezleri BMG80 nyşany bilen yşyklandyryldy. Bu birlik, parahatçylyk, ösüş we durnuklylyk baradaky umumy garaýşyň nyşany boldy.Türkmenistandaky BMG80 dabaralary sekiz onýyllyga dowam eden halkara hyzmatdaşlygynyň nyşany bolup, parahatçylyk, adam hukuklary, inklýuziwlik we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygyň dowam etdirilýändigini tassyklady.
1 of 5
Waka
27 oktýabr 2025
Parahatçylyk we Durnukly Ösüş ugrunda bilelikde ylgaýarys: Türkmenistan BMG-niň 80 ýyllygyny milli marafon bilen belleýär
Aşgabat, 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabry – Şu gün irden Türkmenistanyň ähli künjeklerinde müňlerçe adam “Parahatçylyk üçin 5 km” atly marafona gatnaşmak üçin sport aýakgabyny geýdi. Bu döwlet derejesindäki çäre Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) 80 ýyllygyna we Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek ugrunda bilelikdäki tagallalara bagyşlandy.Günbatarda Türkmenbaşy kenarlaryndan başlap, günorta tarapdaky Mary şäheriniň köçelerine çenli ähli ýaşdaky raýatlar 5 kilometrlik marafona gatnaşyp, bir şygar astynda birleşdiler — her ädim parahatçylykly, sagdyn we durnukly geljege tarap ädimdir. “Bu marafon diňe bir sport çäresi däl,”diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapacenko Mary şäherinde çykyşynda belledi. “Bu bitewiligiň, raýdaşlygyň we hemmeler üçin ýagty geljege bolan umumy borjumyzyň nyşanydyr. Her ädim – gender deňligi, howa hereketi ýa-da sagdyn durmuş ugrunda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmegiň ädimidir.”Marafon Türkmenistanyň Hökümeti, Milli sport komiteti, ýerli häkimiýetler we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy. Çäre ýurduň bäş welaýatynyň ählisinde bir wagtda geçirildi. Guramaçylyk işlerini BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy alyp bardy, her welaýatda bolsa çäräniň geçirilmegi degişli BMG edarasy tarapynda goldanyldy: Lebap welaýatynda - BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), Balkan welaýatynda -BMG-niň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF), Daşoguz welaýatynda – BMG-niň Ilat Gaznasy (ÝUNFPA), Ahal welaýatynda bolsa – Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG).Bu çäre BMG-niň esasy wezipesi bolan parahatçylygy, deňligi we durnukly ösüşi ilerletmekde tagallalaryny ýene bir gezek nygtady.Hemmeler üçin ylgaw“Parahatçylyk üçin 5 km” marafony ähli ilat gatlaklarynyň gatnaşmagy üçin niýetlendi — tejribeli türgenlerden başlap ilkinji gezek ylgaýanlara, maşgalalara we ýaşlara çenli. Her welaýatda marafon sagat 11:00-da başlandy. Ýol ugry suwly nokatlar goýuldy. Pellehanada gatnaşyjylary sazlar, milli tans çykyşlary we baýramçylyk ruhy garşy aldy. “Fiziki işjeňlik islendik ýaşda saglygyň möhüm bölegidir. Bu marafona gatnaşyp, biz BMG-niň 80 ýyllygyny belleýäris we işjeň durmuş ýörelgesiniň sagdyn we güýçli jemgyýeti döretmäge kömek edýändigini ýatladýarys,” diýip, BSGG-nyň Türkmenistandaky wekili doktor Ýegor Zaýsew aýtdy. “Meniň üçin iň täsirli tarapy – bu marafonyň köp adamy birleşdirendigi boldy! Biz hemmämiz bir uly topar ýaly duýduk – ýagty geljek üçin ylgadyk,” diýip, Türkmenbaşy şäherinden 16 ýaşly Hadiýa gürrüň berdi. “Bu BMG80 marafony jemgyýetiň we saglygyň güýçli baýramydyr. Gyzlaryň we oglanlaryň ulular bilen bilelikde ylgaýandyklaryny görmek ýaşlykda sagdyn durmuş ýörelgesine maýa goýmagyň ähmiýetini görkezýär,” diýip, ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky ýolbaşçysy Kemal Goşlyýew aýtdy. “Men 52 ýaşymda, iki agtygym bar, we men hiç haçan marafona gatnaşaryn diýip pikir etmändim. Bu meni ruhlandyrdy – özüňi synap görmek, täsirli adamlar bilen tanyşmak we sagdynlyk, maksada okgunlylyk we jemgyýet ruhuny belleýän çäräniň bir bölegi bolmak örän ýakymly,” diýip, Roza Berkeliýewa aýtdy. “Men BMG80 marafony barada eşitdim we synanşyp görmeli diýen karara geldim,” diýip, 79 ýaşly Nadežda Alekseýewna aýtdy. “Dostlarym bilen bilelikde parahatçylyk we umumy geljegimiz üçin marafonda bolmak isledim.”BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan möhüm çäreBirleşen Milletler Guramasynyň döredilenine 80 ýyl dolmagyny belleýän bu marafon BMG-niň esasy gymmatlyklaryny – parahatçylyk, adam mertebesi we hyzmatdaşlygy – nygtady we 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin bilelikdäki hereketiň zerurdygyny ýatlatdy.“Bu çäre bize ösüşiň bilelikdäki işdigini ýatladýar,” diýip, jenap Şlapacenko aýtdy. “Durnukly Ösüş Maksatlary uzakdaky global maksatlar däl — olar şu ýerden, jemgyýetimizden, saýlawlarymyzdan we hereketlerimizden başlaýar.”Marafon diňe türgenleri we ýaşlary däl, eýsem maşgalalary, ýaşululary, ýerli ýolbaşçylary we dürli BMG edaralarynyň wekillerini birleşdirdi — hemmesi hyzmatdaşlygyň we maksatlara ýetmekde durnuklylygyň güýjüni bilelikde belledi.Bilelikdäki geljek üçin umumy garaýyşMarafonyň ahyrynda gatnaşyjylara ýadygärlik medal we şahadatnama gowşuryldy. Ähli bäş welaýatda bir pikir ýaňlandy — uzak möhletli parahatçylyk we durnukly ösüş raýdaşlykdan we umumy maksatdan başlaýar.“Parahatçylyk üçin 5 km” marafony milli medeni çykyşlar we jemgyýetçilik çäreleri bilen tamamlandy, olar agzybirligiň we geljege bolan umydyň ruhuny görkezdi.
1 of 5
Waka
23 oktýabr 2025
Türkmenistanda BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli maslahat 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň gol çekilmegi bilen tamalandy
Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan iberilen gutlag hatyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň çykyşyny diňlediler. Ol ýurduň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyny nygtap, Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga we Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ygrarlydygyny tassyklady. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyşynda 80 ýyllygyň diňe bir geçmişe ser salmak üçin däl, eýsem täzelenmek üçin hem möhüm pursatdygyny belledi. Ol BMG-niň “serhetleri birleşdirýän, yklymlary baglanyşdyrýan we nesilleri ruhlandyrýan janly wada” bolup durýandygyny aýtdy. “Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanda 30 ýyldan gowrak wagt bäri milli ösüş maksatlaryny hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryny ilerletmekde goldaw berýär. Täze çarçuwaly hyzmatdaşlyk Maksatnamasy her bir adamyň — iň gowşak toparlary hem goşmak bilen — parahatçylykda we mertebeli durmuşda ýaşamak hem-de we ösüş hukugyndan peýdalanmagyny üpjün etmäge bolan umumy ygrarlylygymyzy tassyklaýar” diýip, jenap Şlapaçenko belledi. Maslahatda çykyş edenleriň hatarynda hökümetiň we BMG-niň ýurt toparynyň ýokary derejeli wekilleri — Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mammedow, Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow, şeýle-de BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary —Narine Sahakýan (BMGÖM), Egor Zaitzew (BSGG) we Maýke Baýker (ÝUNISEF wekiliň w.w.ý.ý) bardy. BMG-niň 80 ýyllygynyň bellenilmegi BMG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň täze sahypasyny açdy. Taraplar bilelikde 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan we BMG-niň Durnukly Ösüş boýunça Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekdiler. Bu resminama ähli adamlar üçin parahatçylyk, gülläp ösüş we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň ruhuny hem-de umumy maksatlara bolan ygrarlylygy özünde jemleýär. BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde, Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň ýurt topary tarapyndan birnäçe jemgyýetçilik çäreleri guralýar, şol sanda:Aşgabatda “Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy” atly taryhy fotosergi;Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we Çagalar horunyň ýerine ýetirýän “BMG80: Parahatlygyň we umydyň sazlary” atly simfoniki konsert;Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda parahatçylygy, agzybirligi we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän “BMG80” marafonlar.
1 of 5
Waka
11 awgust 2025
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahaty indiki onýyllyk üçin taryhy borçnamalar bilen tamamlandy
Türkmenistan, Awaza – 2025-nji ýylyň 8-nji awgusty –Awaza geçirlen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Üçünji Maslahaty (LLDC3) öz işini tamamlady. Maslahatda 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Awaza Hereket Meýilnamasy – hemmetaraplaýyn kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan döwletleriň meselelerini çözmek we Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek ugrunda ösüşi çaltlandyrmak üçin giň gerimli 10 ýyllyk ýol kartasy kabul edildi. Dört günlük maslahat 103 ýurtdan 5700-den gowrak gatnaşyjyny birleşdirdi. Oňa 32 Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerden 30-synyň wekilleri, 16 döwlet we hökümet baştutanlary, 3 Wise-Prezident, 108 ministr, 100-den gowrak parlament agzalary, 29 halkara guramalarynyň wekilleri hem-de 450-den gowrak raýat jemgyýeti guramasy gatnaşdy. Bu bolsa ony Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin öň geçirilmedik derejede giň göwrümli we hemmetaraplaýyn inklýuziw maslahata öwürdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş maslahaty açyp, "geografiýanyň hiç haçan ykbaly kesgitlemeli däldigini" aýtdy we dünýä jemgyýetçiliginiň gurluş päsgelçiliklerini aýyrmaga we infrastrukturany, söwdany ýeňilleşdirmäge we birikmäge has köp maýa goýumlaryny çekmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu maslahatyň aýdyň habar iberýändigini we fiziki geografiýa bir ýurduň potensialyny çäklendirmeli däldigini belledi. Ol Türkmenistanyň inklýuziw köptaraplylyga ygrarlydygyny tassyklady we “Geljegiň medisinasy” inisiatiwasy, Hazar daşky gurşaw başlangyjy, Durnukly ulag birikmesi üçin sanly atlas we aýlaw ykdysadyýet boýunça global çarçuwaly maksatnama ýaly birnäçe başlangyçlary hödürledi. Ähli ugurlardaky seslerMaslahatyň ilkinji gününde geçirlen Ýaşlar forumyndan başlap, zenan ýolbaşçylar, parlament agzalary, raýat jemgyýeti, hususy sektor we Günorta–Günorta hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki platformalar Maslahatyň netijelerinde dürli pikirleriň öz beýanyny tapmagyny üpjün etdi. Bu forumlar syýasatyň sazlaşygyny güýçlendirmek,gender deňligini ilerletmek, ýaşyl infrastruktura maýa goýmak we jemgyýet esasly ösüşi höweslendirmek boýunça durmuşa geçirip boljak teklipleri döretdi. Mowzuklaýyn ileri tutulýan ugurlarÇekişmeler Awaaza Hereket Maksatnamasynyň bäş strategik ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirildi:Gurluş özgertmeleri, diwersifikasiýa we ylym, tehnologiýa hem-de innowasiýalar;Söwda, söwda ýeňillikleri we sebit integrasiýasy;Ulag we tranzit ulgamlary;Howa şertlerine uýgunlaşma we ekologiýa durnuklylygy;Maliýe, tehnologiýa we mümkinçilikleri artdyrmaga elýeterlilik.BMG tarapyndan aýlaw ykdysadyýet boýunça bilelikde geçirilen çäre, tygşytly tejribäniň täze ykdysady mümkinçiliklerini döretdi we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda howanyň maksatlaryny öňe sürüp biljekdigini görkezdi. Esasy başlangyçlaryAwaza Hereket Maksatnamasy, gurluş päsgelçiliklerini çözmek we DÖM-lerdäki ösüşi çaltlandyrmak üçin döredilen bäş sany öňdebaryjy başlangyç bilen tanyşdyrýar: Sebitleýin oba hojalygyny öwreniş merkezleri:Azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak we howa taýdan akylly oba hojalygyny ösdürmek, çydamlylygy we iýmitlenmegi ýokarlandyrmak.Bütindünýä Söwda Guramasynyň çäginde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin bagyşlanan iş meýilnamasy:Söwda gowşaklyklaryny çözmek, bazara girişi gowulandyrmak we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary global üpjünçilik zynjyryna goşmak.Baş sekretaryň Tranzit azatlygy boýunça ýokary derejeli topary: Tranzit päsgelçiliklerini aýyrmak, infrastrukturany gowulandyrmak we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň dünýä söwdasyna netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek.Infrastruktura maýa goýmak üçin maliýe mehanizmi: Durnukly infrastruktura üçin çeşmeleri mobilizlemek, maýadarlary mümkinçiliklere birikdirmek we bank taslamalaryny ösdürmek üçin ýerli mümkinçilikleri güýçlendirmek.Sanly birikme başlangyçlary: Sanly deňsizligi ýeňip geçmek we Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara söwda, hyzmat we innowasiýa üçin sanly infrastrukturanyň güýjüni ulanmaga mümkinçilik bermek. Hemişelik utgaşdyryjylaryň ornyAwaza Hereket Maksatnamasyny ýurt derejesinde durmuşa geçirmekde Hemişelik utgaşdyryjylar esasy rol oýnar. Olar Milli utgaşdyryjylar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ileri tutýan ugurlaryny milli ösüş maksatnamalaryna we BMG-niň Durnukly Ösüş boýunça Hyzmatdaşlyk Çarçuwalaryna goşup, pudaklaýyn strategiýalar bilen utgaşmagyny üpjün edip we amaly giriş nokatlaryny kesgitlemäge kömek edip bilerler.Şeýle hem olar hökümetler we hyzmatdaşlar bilen bilelikde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ileri tutýan ugurlary üçin maliýeleşdirmegi mobilizlemegi, tejribe alyşmagy we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürip bilerler, şeýle hem Awaza borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini DÖM-iň gözegçilik ulgamlarynda görkezilmegini üpjün edip bilerler. OHRLLS Toolkit Hereket Maksatnamasyny milli meýilnamalaşdyryş we yzarlaýyş işlerine goşmak boýunça amaly görkezmeleri hödürleýän möhüm çeşme bolar.BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko: "Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahaty bize gözýetimiň we syýasy islegiň bardygyny görkezdi. Muny durmuşa geçirilmeli we şonuň üçin Hemişelik utgaşdyryjylar bilen Milli utgaşdyryjylaryň hyzmatdaşlygy örän möhümdir" -diýdi. "Dogry gurallar, hyzmatdaşlyk we yzygiderli üns bilen, borçnamalary anyk ösüşe öwrüp bileris." Hereketiň OnýyllygyMetbugat ýygnagynda eden çykyşynda Baş sekretaryň orunbasary we Ösüş derejesi pes ýurtlar, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de Kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima: “Abadançylyk we syýahatçylyk bilen tanalýan Awaza häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin “täze umyt we täze mümkinçilikleriň” nyşanydyr” – diýip belledi.BMG-niň Türkmenistandaky edarasy üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahaty ýurduň dialog we hyzmatdaşlyk köprüsi hökmünde ornuny goldaýandygyny tassyklaýan pursat boldy. Maslahatyň netijeleri ýerleşýän ýerine garamazdan hiç bir ýurduň yza galmazlygyny üpjün edip, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary “deňizden üzňe ýurtlardan” dünýä bilen baglanyşykly ýurtlara öwürmek üçin Hereketiň onýyllygyna gönükdirer.
1 of 5
Press reliz
25 oktýabr 2025
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Mary welaýatynyň telekeçileri bilen durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda duşuşyk geçirdi
Duşuşyga azyk senagaty boýunça “Täze Aý” kärhanasynyň we hususy aýakgap öndüriji “Gerçek” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar durnukly işewür tejribeleri ösdürmek, innowasiýalary höweslendirmek we ýerli ykdysady ösüşi goldamak boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda hususy pudak tarapyndan Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmäge goşant goşmak meselelerine garaldy, şol sanda ýerli kärhanalaryň inklýuziw we daşky gurşawa jogapkär ösüşi ilerletmekde tutýan orny aýratyn bellenildi. Şeýle hem kompaniýalaryň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň we işgärleriň abadançylygyny ileri tutmagyň ähmiýeti nygtaldy.Dmitriý Şlapaçenko BMG bilen Türkmenistanyň işewürlik pudagynyň arasyndaky dowamly hyzmatdaşlygyň innowasiýalary ösdürmekde, iş orunlaryny döretmekde we 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlaryna laýyklykda durnukly ösüşi ilerletmekde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
1 of 5
Press reliz
22 oktýabr 2025
OGT-niň öňüsyrasy geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň durnukly energetika we ählumumy hyzmatdaşlykdaky orny bellenildi
Sessiýalaryň moderatory BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko öz çykyşynda durnukly energetikanyň ösüşiniň sebitleýin we halkara derejesinde parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe hyzmat edýändigini nygtady. “Elýeterli, ygtybarly we durnukly energiýa diňe bir ykdysady ösüşiň esasyny düzmeýär, eýsem parahatçylygyň we adamlaryň abadançylygynyň hem binýadydyr. Dünýä has arassa we ygtybarly energiýa geljegine tarap öňe barýarka, Durnukly Ösüş Maksady 7 – ähli adamlary elýeterli, ygtybarly we häzirki zaman energiýa bilen üpjün etmek – 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Gün tertibiniň möhüm bölegi bolup galýar. Türkmenistanyň energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, tehnologiýa we innowasiýa maýa goýmak hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça edýän tagallalary bu maksatlara bolan ygrarlylygyny açyk görkezýär” diýip belledi.Mejlise gatnaşanlar energetika hyzmatdaşlygynyň sebitleýin parahatçylygyň we durnuklylygyň binýady hökmünde ähmiýetini, ylmy-barlaglaryň we innowasiýalaryň ösüşdäki ornuny hem-de energiýa geçişiniň adamlara gönükdirilen we inklýuziw bolmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy, tehnologik ösüş we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk durnukly energetika geljegine barýan ýolda möhüm itergi berjek güýç hökmünde görkezildi. BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Durnukly Energetika bölüminiň direktory Dario Liguti sebitleýin energetika hyzmatdaşlygynyň durnukly ösüş we howpsuzlyk üçin aýratyn ähmiýetli ornuny belledi. Ol maglumat alyş-çalyş ulgamynyň, infrastruktura birikmeleriniň we tehnologiýa innowasiýalarynyň sebitleýin çarçuwasynyň energiýa geçişini tizleşdirip, dünýä bazarlarynyň üýtgeşmelerine garşy durnuklylygy güýçlendirip biljekdigini aýtdy. Şeýle hem, ÝYK-nyň döwletlere milli energetika syýasatlaryny halkara durnuklylyk borçnamalary bilen utgaşdyrmakda edýän hemişelik goldawyny nygtady.Türkmenistanyň BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynda ykdysadyýetçi Wladimir Waletka “COP30 öňüsyrasynda metan boýunça hereketsizligiň bahasy» atly maglumat bilen çykyş etdi. Ol metanyň energiýa ulgamyndaky paýynyň dünýä boýunça 3,8% töweregini tutýandygyny, emma onuň diňe howa üçin däl, eýsem ykdysady taýdan hem mümkinçilikdigini aýtdy. Metan çykarylyşynyň 75%-e çenli azaltmak mümkinçiliginiň bardygyny, onuň ýarysyndan gowragynyň goşmaça çykdajy talap etmeýändigini aýdyp, bu çäreleriň 3 milliard ABŞ dollaryna çenli göni ykdysady girdeji getirip biljekdigini, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen bagly ölümleri we oba hojalygynyň ýitgilerini azaldyp biljekdigini belledi. Ol BMG-niň Daşky gurşaw edarasynyň (UNEP) Metan barada duýduryş we jogap beriş ulgamynyň (MARS), metan zyňyndysyny azaltmak we adalatly energiýa geçişi boýunça BMG-niň täze bilelikdäki maksatnamalarynyň integrasiýasy arkaly gazanylan öňegidişlikleri belledi, ýöne zyňyndylaryň ýokary bolmagynda galýandygyny nygtady. BMG-niň energiýa öňdengörüjiligi boýunça maslahatçysy Endrýu Morton ykdysady ösüş bilen klimat maksatlarynyň deňagramlylygyny üpjün etmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň etdi. Ol öňdengörüjiligiň takyk san bermän, emma geljegiň ugurlaryny anyk görkezip bilýändigini aýtdy. Mysal üçin, 2025-nji ýylda Hytaýyň elektrikleşdirilen döwlete geçişi esasy megatendensiýa hökmünde görkezilýär. Batareýalaryň bahasynyň peselmegi we senagat ýylylyk nasoslarynyň giňelmegi bu ugurda mowzuklaýyn tendensiýalardyr. Şeýle ýagdaýda 2040-njy ýyla çenli tebigy gaza bolan islegiň we onuň bahasynyň peselmegi mümkin bolup biler.Mejlisiň jeminde Dmitriý Şlapaçenko üç esasy netijäni belledi: energiýa – parahatçylygyň katalizatory, innowasiýa – ösüşiň hereketlendirijisi, hyzmatdaşlyk bolsa DÖM 7-ä ýetmegiň esasy binýadydyr. Ol BMG-niň Türkmenistanyň energiýa geçişini çaltlandyrmakda we durnukly, inklýuziw geljegi gurmakda berýän goldawynyň dowam etjekdigini tassyklady. OGT–2025-niň öňünden geçirilen mejlisleri durnukly energetika boýunça gepleşikleri ösdürmekde hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm ädim boldy.
1 of 5
Press reliz
15 sentýabr 2025
Maýa goýum forumynyň çäginde geçirilen maslahat DÖM-i maliýeleşdirmegiň milli ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi
Duşuşyk Milli hyzmatdaşlaryň we BMG-niň wekilleriniň gutlag sözleri bilen açyldy. Gatnaşyjylar Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça 4-nji Halkara konferensiýanyň netijelerini gözden geçirdiler we ýurt derejesinde durmuşa geçirmegiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilermenler Türkmenistanyň DÖM-i maliýeleşdirmek babatynda alyp barýan syýasatyny öwrendiler, BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň DÖM-i maliýeleşdirmegiň ýetmezçilik meselelerine bilelikdäki baha bermegiň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dünýäniň dürli künjeklerinden DÖM-i maliýeleşdirmek strategiýalaryny işläp düzmegiň öňdebaryjy tejribesini gözden geçirdiler.Türkmenistanda DÖM-i maliýeleşdirmek baradaky çykyşda ýurduň 2030 Gün tertibindäki borçnamalary görkezildi we aşakdaky möhüm öňegidişlikler beýan edildi:Hereket edýän mehanizmler: milli utgaşdyryş çarçuwasy we DÖM-i maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki bilermenler topary.Maliýeleşdiriş çeşmeleri: döwlet býudjeti, hususy pudak, daşarky karzlar we raýat jemgyýeti hem-de işewürler bilen hyzmatdaşlyk platformalary.2020-nji ýyldan bäri gazanylan üstünlikler: Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça bahalandyrmagyň tamamlanmagy, BMG we Hökümetiň Umumy ýurt derňewiniň çäginde DÖM-i maliýeleşdirilişindäki ýetmezçilik meseleleriniň bilelikdäki bahalandyrmasy, DÖM-iň maliýeleşdirmesiniň Mill meýletin syna goşulmagy.Indiki ädimler: Milli DÖM-i Maliýeleşdirme Strategiýasynyň düzülmegi, DÖM-i maliýeleşdirmegiň ýetmezçilik meselelerini täzeden derňemek we gepleşikleri güýçlendirmek (şol sanda “Açyk gepleşikler” arkaly hem) we gyzyklanýan taraplary utgaşdyrmak. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde durnukly ösüşi maliýeleşdirmek üçin has giň dünýägaraýyşa hem üns çekildi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambul Sebit merkeziniň hünärmenleri hökümetiň girdejilerini güýçlendirmek hem-de saglyk, bilim we sosial ileri tutulýan ugurlara maýa goýumlaryny goldamak üçin innowasion maliýe gurallarynyň we milli çeşmelerden strategiki peýdalanmagyň ähmiýetini bellediler. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko gepleşikleriň möhümdigini aýtdy: "Şu günki ýygnak, Türkmenistanda DÖM-e ýetmek baradaky umumy ygrarlylygymyzyň subutnamasydyr. Öňümizdäki gün tertibi, 2030-njy ýyla DÖM-iň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan hyzmatdaşlygyň we innowasiýalaryň ruhuny görkezýär."Ol şeýle hem: " Türkmenistan DÖM-e berk milli ygrarlylygyny görkezdi, 2030-njy ýyla çenli ýerine ýetirmek üçin 136 wezipäni we 180 görkezijini tassyklady. DÖM-leriň 85%-i milli strategiýalara, maksatnamalara we hereket meýilnamalaryna girizildi, bu bolsa ýurduň ikinji Milli meýletin synynda tassyklandy" diýip belledi.Maslahat maliýe akymlarynyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigini tassyklady we Türkmenistanyň Hökümeti, BMG we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň arasyndaky berk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezdi. “Geljegiň Şertnamasynyň” we Awaza Hereket Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşup, ýurt derejesinde DÖM-e ýetmek ugrundaky ösüşi çaltlaşdyrmak üçin hemmetaraplaýyn maliýeleşdiriş strategiýalaryny işläp düzmek üçin esas bolar.
1 of 5
Press reliz
08 awgust 2025
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Maslahaty Awaza Hereket Meýilnamasynyň tassyklanmagy we Awaza Syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy
“Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi öňe sürmek” şygarynyň astynda geçirilen dört günlük maslahatda döwlet Baştutanlary, BMG-niň ýokary derejeli wekilleri, ösüş boýunça hyzmatdaşlar we hususy sektoryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ýokary söwda çykdajylary, infrastruktura ýetmezçiligi we howanyň üýtgemegine garşy goragsyzlyk ýaly aýratyn kynçylyklary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Awaza Hereket Meýilnamasy arkaly öňe ýol açýan täze strategiýany kabul etdiler.Maslahatyň esasy netijeleri1. Awaza Hereket Meýilnamasynyň tassyklanmagy we Awaza Syýasy Jarnamanyň kabul edilmegiAwaza Syýasy Jarnamasy tranzit elýeterliligini gowulandyrmak, sanly öwrülişigi güýçlendirmek we howanyň durnuklylygyny artdyrmak boýunça umumy garaýyşy kesgitleýär. Ol Awaza Hereket Meýilnamasyna esaslanyp, bäş ileri tutulýan ugra ünsi jemleýär:gurluşlaýyn ykdysady öwrülişik;söwda we sebitleýin integrasiýa;ulag we infrastrukturanyň ösüşi;howa şertlerine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyk howpuny azaltmak;maliýeleşdirmägi we hyzmatdaşlygy mobilizirlemek.2. Ählumumy jebisligiň güýçlendirilmegiJarnamada köpugurly ösüş banklarynyň maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, Günorta–Günorta hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna we deňze çyklagasy bolmadyk ýurtlaryň zerurlyklarynyň dünýä söwda hem-de howa meýilnamalaryna has ýakynlaşdyrmaga çagyrylýar.3. Durmuşa geçirmek we jogapkärçilikBMG ulgamy, iň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekiliniň edarasy (UNOHRLLS) tarapyndan ýolbaşçylyk edilip, ýerine ýetirilişi utgaşdyrar. Bu ýerde ýurtlaryň eýeçiligi, netijelere esaslanan gözegçilik we jogapkärçilik esasy orny eýeleýär.Baş sekretaryň orunbasary we Ösüş derejesi pes ýurtlar, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de Kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima şeýle diýdi: “Awaza Jarnamasy öwrülişik nokady bolup hyzmat edýär. Bu diňe sözler däl-de, hereketleriň meýilnamasydyr. Infrastruktura, söwda ýeňillikleri we howa durnuklylygyna gönükdirilen maýa goýumlary bilen biz deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň mümkinçiliklerini açyp, hiç kimiň yza galmazlygyny üpjün edip bileris”.“BMG bu ýerine ýetiriliş onýyllygyna goldaw bermäge taýýar", – diýip, ol belledi.Türkmenistanyň goşandyKabul edýän ýurt hökmünde Türkmenistan maslahatyň maksatlaryna laýyk gelýän birnäçe innowasiýa we geljegi uly başlangyçlary hödürlemek bilen möhüm goşant goşdy:Geljegiň medisinasy boýunça halkara hyzmatdaşlyk başlangyjy – saglyk we lukmançylyk innowasiýalarynda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek;Durnukly ulag elýeterliligi boýunça Ählumumy atlas –tranzit ösüşinde maglumatlara esaslanan syýasat düzmek üçin 2023-nji ýylda Dubaýda geçirilen COP28-de işe girizildi;Ählumumy Wodorod Energiýa Geçiş Maksatnamasy (2030–2040) – deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýaşyl energiýa geçişine işjeň gatnaşygyny üpjün etmek üçin;Azyk dolanşygyny üpjün edýän aýlaw ykdysadyýet başlangyjy – serişdeleri netijeli ulanmak, durnukly önümçiligi we sarp etmegi öňe sürýän aýlaw ykdysadyýete geçmek üçin global maksatnama.Hazar ekologiýa başlangyjy – Hazaryň ekologik we ykdysady kynçylyklaryny çözmek üçin ilkinji gezek BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda teklip edildi;BMG-niň Aral deňzi basseýni boýunça Maksatnamasyna güýçlendirilen goldaw – Baş Assambleýanyň kararlary bilen berkidilen;BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy pudagyndaky potensialyndan peýdalanyp, halkara hukugy we köptaraplaýyn diplomatiýa arkaly suw dawalarynyň çözülmegine ýardam bermek.Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly hökmünde goldamakTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Halkynyň Milli Lideri hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow: “Türkmenistan üçin deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň geljegi üçin wajyp bolan bu ähmiýetli maslahaty kabul etmek uly mertebedir: - diýdi.Şeýle hem, ol: “Awaza Jarnamasy biziň hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça umumy garaýşymyzy görkezýär. Tranzit ýurtlary, ösüş boýunça hyzmatdaşlary we hususy sektory bilelikde hereket edip, geografik çäklendirmeleri ýeňip, halklarymyzyň abadançylygyny üpjün edip bileris”, – diýip belledi.Indiki ädimlerBMG Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdesinde her ýyl Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşyklary geçirilip, ýerine ýetirilişe baha berler;2025-nji ýylda Braziliýada geçiriljek COP30 howa maslahatynda we şol ýylyň oktýabrynda Ženewada geçiriljek UNCTAD XVI maslahatynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meselelerini öňe sürmek üçin mümkinçilikler bolar;2027-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek Ikinji Ählumumy Dag Maslahatynda Dag sebitlerini ösdürmek üçin bäş ýyllyk hereket meýilnamasynyň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň aýratyn kynçylyklaryna bagyşlanar;Sebitleýin ykdysady komissiýalaryň ýolbaşçylygynda her iki ýylda sebitleýin synlar;Awaza Hereket Meýilnamasynyň bäş ýyllyk ara syny.Redaktoryň belligiAwaza Syýasy Jarnamasy we Awaza Hereket Meýilnamasy doly görnüşde maslahatyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.Maslahat baradaDeňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Üçünji Maslahaty on ýylda bir gezek geçirilýär. Bu çäre geografiýa taýdan izolirlenen 32 ýurduň ösüşini goldamak üçin halkara goldawyny mobilizirlemäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanda geçirilýän bu maslahat Awaza Hereket Meýilnamasyny durmuşa geçirmegi we 2034-nji ýyla çenli durnukly ösüşi çaltlaşdyrmagy maksat edinýär.Goşmaça maglumat:Web sahypa: https://www.un.org/en/landlockedMaksatnama: https://www.un.org/en/landlocked/programmeGöni ýaýlym (resmi maksatnama): UN WebTVLLDC3 mobil goşundysy: https://www.un.org/en/landlocked/lldc3-appWajyp resminamalar: https://www.un.org/en/landlocked/documents Sosial ulgamlar arkaly täzelikleri yzarlamak:Haştaglar: #LLDC3, #LockedOut, #ProgressThroughPartnershipsFacebook: UN-OHRLLS, United Nations, GlobalGoalsUNX (öňki Twitter): @UNOHRLLS, @USGRabab_UN, @UN, @GlobalGoalsUNInstagram: @unohrllsLinkedIn: UN-OHRLLSMedia bilen habarlaşmak:Meý Yaakub | Maslahatyň metbugat sekretary, UNOHRLLS-niň maglumat bölüminiň ýolbaşçysy | yaacoubm@un.orgSitembile Siziba | maglumat boýunça hünärmen, UNOHRLLS | Sithembile.siziba@un.orgAleksandra del Kastello | maglumat boýunça hünärmen, BMG-niň Global aragatnaşyklar departamenti | alexandra.delcastello@un.org
1 of 5
Press reliz
07 awgust 2025
Parahatçylyk we ynanyşmak raýat jemgyýeti forumynda durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýçleri hökmünde bellenildi
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüş üçin parahat we toplumlaýyn jemgyýetleri ilerletmek – DÖM 16-y durmuşa geçirmegiň depgini ” atly sessiýada döwlet edaralarynyň we BMG-niň wekilleri, raýat jemgyýetiniň ýolbaşçylary we sebit hünärmenleri ynam, gepleşik we güýçli guramalaryň ýurtlarda ösüşi çaltlaşdyryp biljekdigini ara alyp maslahatlaşdy.Çykyş edenler syýasy durnuklylygyň we toplumlaýyn dolandyryşyň maýa goýumlaryny çekmekde, arabaglanyşygy üpjün etmekde hem-de deňiz çykalgasy bolmadyk şertlerde ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy, ýurduň öňüni alyjy diplomatiýa we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygynyň beýany hökmünde ýokary bahalandyryldy. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapoçenko çärede çykyş edip, parahatçylygyň, ynamyň we güýçli guramalaryň Durnukly Ösüş Maksatlaryna, aýratyn hem DÖM-16-a ýetmekde möhüm şertleriň biridigini nygtady. Ol jemgyýetçilik gatnaşygynyň we toplumlaýyn dolandyryşyň adalatly hem-de durnukly jemgyýetleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, BMG-niň Türkmenistanyň 2021–2025 ýyllar üçin Milli Adam Hukuklary boýunça Hereket meýilnamasyna hem-de açyklygy we hasabatlylygy güýçlendirmek üçin Adalatçynyň edarasynda amala aşyrýan goldawyny mysal hökmünde görkezdi. Maslahatyň dowamynda kabul ediljek Awazanyň Hereket Meýilnamasy bilen utgaşýan pikir alyşmalarda, syýasy durnuklylygyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşinde möhüm hereketlendiriji güýçler bolup durýandygy aýratyn bellenildi. Gatnaşyjylar «Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» dialogy anyk ösüş netijelerine öwürmek we toplumlaýyn, durnukly jemgyýetleri ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik döredýändigi barada ylalaşdylar.
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
Serişdeler
30 maý 2025
Serişdeler
02 maý 2024
1 / 11