Soňky
Durnukly ösüşüň maksatlary Türkmenistanda
Durnukly Ösüş Maksatlary global derejede garyplygy ýok edip, ýer ýüzüniň daşky gurşawyny gorap we ähli ýerde adamlaryň parahatçylykda we abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin işleri geçirmäge çagyrýar. Bu bolsa BMG-nyň Türkmenistandaky maksatlary bolup durýar.
Işleri amala aşyryň
19 May 2020
Koronawirus global pandemiýasy
Hemmeler 2019-njy ýylyň koronawirus keseli (COVID-19) barada gürleşýärler. Faktlary ygtybarly çeşmelerden almak ugrunda gatnaşyň.

Waka
06 November 2023
Türkmenistanyň ýaş nesli howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge öz goşantlaryny goşmaga taýýar
Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyny gurnady. 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen bu çäre, Türkmenistanyň ýaşlarynyň daşky gurşaw meseleleri barada habarly bolmaklary we howanyň üýtgemegi boýunça global göreşe işjeň gatnaşmaklary üçin möhüm itergi boldy.
Çäre Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilip, oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinden 200-den gowrak ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň maksady ýaşlarda howanyň üýtgemegi, onuň jemgyýetçilik-ykdysady ösüşe hem-de ekologiki durnuklylyga we bio-dürlülige ýetirýän täsiri barada habarlylygy artdyrmakdan ybarat boldy. Şeýle hem bu maslahat, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini azaltmak bilen baglanyşykly öňde baryjy tejribeleri durmuşa geçirmek boýunça çözgütleri tapmaga gönükdirildi.
Her ýyl geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň şu ýyl Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem geçirilmegi täze girizilen üýtgeşme boldy we maslahatyň gerimini has hem giňeltdi. Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri we eko-aktiwistler bilen bu şäherleriň ýaşlarynyň arasynda bolan gürrüňdeşlikler howanyň üýtgemegi boýunça pikir alyşmaga we has işjeň gatnaşan ýaşlara Aşgabatdaky jemleýji maslahatda öz taslamalaryny hödürlemäge mümkinçilik döretdi. Maslahatda gurnalan gürrüňdeşlikleriň barşynda Türkmenistanyň ýaşlary howanyň üýtgemegine garşy global derejede alnyp barylýan göreşe işjeň gatnaşmaga ygrarlydyklaryny görkezidiler. 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyndan bäri bu ugurda gazanylan üstünliklere hem baha berildi. Mundan başga, türkmen ýaşlary özleriniň geljekde Türkmenistanda amala aşyrmak üçin taslamalaryny hödürlediler, bu taslamalar hem 2024-nji ýyl üçin Işleriň meýilnamasyna girizildi. Maslahat howanyň üýtgemegi meselesine işjeň gatnaşmaga höwesli ýaşlar toparynyň döredilmegine hem badalga berdi. Bu toparyň maksady ýaşlaryň taslamalaryna goldawy giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilip, Türkmenistanyň çäginde we onuň daşynda howanyň üýtgemegine garşy göreş, hyzmatdaşlyk we bilim alyşmak üçin platforma öwrüler. Maslahatda geçirilen gürrüňdeşlikleriň netijesinde Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Milli jemleýji beýannamasy kabul edildi. Bu beýannama Türkmenistanyň ýaşlarynyň talaplaryny, şeýle hem olaryň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň işine, Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli syýasata, beýleki temalara garaýyşlaryny beýan edýär. Milli Ýaşlar Beýannamasynyň COY18-de tanyşdyrylyşy geçiriler we ol Dubaýda geçiriljek COP28-de resmi YOUNGO ählumumy garaýşynyň bir bölegini emele getirer. Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň jemleýji tapgyry ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikelriniň giňeldilmeginde ýene bir möhüm ädim bolup, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin köpçülikleýin tagallalary jemleýär. *** Ýaşlar maslahaty (COY) - howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we çözmek üçin her ýyl dünýäniň dürli künjekginden gelen ýaşlary birleşdirýän çäre. COY18 – sany boýunça on sekizinji maslahat bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatynyň (COP 28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda ýaşlary bu işlere çekmek we işjeňleşdirmek üçin platforma bolup hyzmat eder. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC), howa ulgamyna howply antropogen täsirleriň öňüni almaga gönükdirilen halkara daşky gurşaw şertnamasydyr. Howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we uýgunlaşmak çäreleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy üçin esas döredýär. UNFCCC-iň çäginde çözgütleri kabul edýän iň ýokary edara bolsa Taraplaryň maslahaty bolup durýandyr.
Her ýyl geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň şu ýyl Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem geçirilmegi täze girizilen üýtgeşme boldy we maslahatyň gerimini has hem giňeltdi. Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri we eko-aktiwistler bilen bu şäherleriň ýaşlarynyň arasynda bolan gürrüňdeşlikler howanyň üýtgemegi boýunça pikir alyşmaga we has işjeň gatnaşan ýaşlara Aşgabatdaky jemleýji maslahatda öz taslamalaryny hödürlemäge mümkinçilik döretdi. Maslahatda gurnalan gürrüňdeşlikleriň barşynda Türkmenistanyň ýaşlary howanyň üýtgemegine garşy global derejede alnyp barylýan göreşe işjeň gatnaşmaga ygrarlydyklaryny görkezidiler. 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyndan bäri bu ugurda gazanylan üstünliklere hem baha berildi. Mundan başga, türkmen ýaşlary özleriniň geljekde Türkmenistanda amala aşyrmak üçin taslamalaryny hödürlediler, bu taslamalar hem 2024-nji ýyl üçin Işleriň meýilnamasyna girizildi. Maslahat howanyň üýtgemegi meselesine işjeň gatnaşmaga höwesli ýaşlar toparynyň döredilmegine hem badalga berdi. Bu toparyň maksady ýaşlaryň taslamalaryna goldawy giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilip, Türkmenistanyň çäginde we onuň daşynda howanyň üýtgemegine garşy göreş, hyzmatdaşlyk we bilim alyşmak üçin platforma öwrüler. Maslahatda geçirilen gürrüňdeşlikleriň netijesinde Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Milli jemleýji beýannamasy kabul edildi. Bu beýannama Türkmenistanyň ýaşlarynyň talaplaryny, şeýle hem olaryň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň işine, Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli syýasata, beýleki temalara garaýyşlaryny beýan edýär. Milli Ýaşlar Beýannamasynyň COY18-de tanyşdyrylyşy geçiriler we ol Dubaýda geçiriljek COP28-de resmi YOUNGO ählumumy garaýşynyň bir bölegini emele getirer. Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň jemleýji tapgyry ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikelriniň giňeldilmeginde ýene bir möhüm ädim bolup, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin köpçülikleýin tagallalary jemleýär. *** Ýaşlar maslahaty (COY) - howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we çözmek üçin her ýyl dünýäniň dürli künjekginden gelen ýaşlary birleşdirýän çäre. COY18 – sany boýunça on sekizinji maslahat bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatynyň (COP 28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda ýaşlary bu işlere çekmek we işjeňleşdirmek üçin platforma bolup hyzmat eder. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC), howa ulgamyna howply antropogen täsirleriň öňüni almaga gönükdirilen halkara daşky gurşaw şertnamasydyr. Howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we uýgunlaşmak çäreleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy üçin esas döredýär. UNFCCC-iň çäginde çözgütleri kabul edýän iň ýokary edara bolsa Taraplaryň maslahaty bolup durýandyr.
1 of 5
Waka
17 October 2023
Türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerini artdymak: Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynda suw serişdeleri barada maslahatlaşyldy
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan gurnalan Ýaşlar maslahaty geçirildi. Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adynaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institunda geçirilen çäre, ýaşlaryň gatnaşmagynda howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň maksady Türkmenistanyň ýaş neslini, olaryň pikirleriniň we teklipleriniň sebit liderleriniň tarapyndan diňleniljek çärelere işjeň gatnaşmaga höweslendirmekden ybarat boldy. Çärede howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän täsirine garşy göreşmegiň möhümdigini bellenildi. Bu bolsa sebitiň durnuklylygy we aýdyň geljegi üçin möhüm mesele bolup durýar.
Maslahata BMG-niň dürli agentlikleriniň wekilleri, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Marti Wolli we ilçihananyň jogapkär işgärleri, hem-de BAE-niň ilçihanasynyň wekilleri, 17-30 ýaş aralygyndaky ýaşlar, DÖM-iň ýaş ilçileri, Seýitnazar Seýdi adynaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institunyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Milli hyzmadaşlardan bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, bilim merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda “Durnukly suw dolandyryşyny kämilleşdirmek arkaly oba hojalygynyň durnukly ösüşini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak”, “Durnukly we gaýtalanýan sarp edilişi ösdürmek”, “Suw serişdelerini howpsuz we täsirli ulanmak” ýaly temalar boýunça çykyşlar geçirildi. Çykyşlarda howanyň üýtgemeginiň, suw serişdeleriniň, durnukly oba hojalygynyň we jogapkärçilikli sarp etmegiň arasyndaky baglanyşyk barada gyzykly pikirler beýan edildi. Şeýle hem, daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermegiň howanyň üýtgemegine garşy göreşde esasy gural bolup durýandygyny belläp, ony ösdürmegiň möhümdigini bellediler.
Bu maslahat howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaş nesliň esasy hyzmatdaş hökmünde ornunyň möhümdigini ýene bir gezek görkezdi. Geçirilen çäre Türkmenistanly ýaşlarda howanyň üýtgemegine garşy taslamalara işjeň gatnaşmagyna höwes döretdi, şeýle-de Türkmenistanyň tebigatyna täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we olara garşy çözgüt tapmaga mümkinçilik döretdi. Ýaşlara öz pikirini beýan etmäge mümkinçilik döretmek bilen, maslahat howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän täsiri we daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermegi babatynda dialogy we olara garşy çözgüt tapmak üçin hyzmatdaşlygy öňe sürdi. Şeýle hem bu maslahat Türkmenistan we bütin dünýä üçin durnukly gelejegi üpjün etmekde ýaş nesliň mümkinçiliklerini artdymak üçin möhüm ädim boldy.
1 of 5
Waka
12 October 2023
Howanyň üýtgemegi boýunça ýokary derejeli duşuşygyna tarap: Türkmenistanyň ýaşlary "ýaşyl" energetika degişli taslamalary ara alyp maslahatlaşýar
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan gurnalan Ýaşlar maslahaty geçirildi. Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binasynda geçirilen çäräniň maksady Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegine garşy dünýä derejesinde alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakdan ybarat boldy.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ýaş nesliň işjeň gatnaşmaklygyny höwesledirmek, olaryň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda netije görkezmek we “ýaşyl wodorody” döretmek ýaly başlangyçlarda olaryň goldawyny gazanmaga gönükdirildi. Maslahata Türkmenistanyň ýaşlaryny çekmek bilen, olaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşde hyjuwly bolmaklaryny we olarda daşky gurşawyň durnuklylygy üçin jogapkärçilik duýgusyny döretmek synanyşyldy.
Maslahata 17-30 ýaş aralygyndaky ýaşlar, DÖM-iň ýaş ilçileri, BMG-niň dürli agentlikleriniň wekilleri, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Jenap Stiwen Konlon we ilçihananyň jogapkär işgärleri, hem-de BAE-niň ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Milli hyzmadaşlardan bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, bilim merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.
Maslahatda “Ýaşyl, durnukly we döwrebap energetikany we tehnologiýalary öňe sürmek” temasy boýunça ýaş gatnaşyjylar çykyş etdiler. Bu çykyşlarda howanyň üýtgemegine garşy göreşiň täsirli bolmagy üçin zerur bolan innowasion çemeleşmeler we tehnologiýalar barada maglumat berildi.
Mary şäherindäki “Algoritm” bilim merkezinde geçirilen howanyň üýtgemegi boýunça çagalar üçin maslahat aýratyn ähmiýetli waka boldy. Merkezi Aziýada ilkinji gezek maslahata mekdep okuwçylary gatnaşdy. Ýaş bilermenler we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmeni çagalara howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly esasy meseleler barada gürrüň bermek arkaly olarda kiçi ýaşdan daşky gurşaw üçin jogapkärçilik duýgusyny döretmäge synanyşdylar. Howanyň üýtgemegi boýunça çagalar maslahaty Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan gurnaldy.
Bu maslahat howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaş nesliň esasy hyzmatdaş hökmünde ornunyň möhümdigini görkezdi, Türkmenistanly ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy taslamalara işjeň gatnaşmagyna höwes döretdi, şeýle-de Türkmenistanyň tebigatyna täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we olara garşy çözgüt tapmaga mümkinçilik döretdi. Dialogy, bilim almagy we amaly tejribäni öňe sürmek bilen, konferensiýa sebit we dünýä derejesinde ähmiýetli üýtgeşmeleri girizmek üçin ylham berýän platforma bolup hyzmat etdi.
Dünýäde daşky gurşaw meseleleriniň barha artýan döwründe geljekki durnukly ösüşiň kepili hökmünde ýaşlaryň orny möhümdir. Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň ýaşlarynyň ýaşyl we durnukly planetany döretmekde hyjuwlarynyň we höwesleriniň uludygyna şaýatlyk etdi.
1 of 5

Waka
04 October 2023
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty türkmen ýaşlaryna mümkinçilik döredýär
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan gurnalan Ýaşlar maslahaty geçirildi. Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň binasynda geçirilen çärä daşky gurşaw bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we howanyň üýtgemegine garşy çärelere ýaşlaryň hem gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen welaýatyň ähli künjeginden ýaşlar gatnaşdy.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty howanyň üýtgemegi, durnukly oba hojalygy, Aral deňziniň meselesi we oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak ýaly daşky gurşawa degişli ýaşaýyş ähmiýetli meseleler boýunça Türkmenistanyň ýaşlaryna bilim bermäge we bu ugurda olaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirildi. Bu çäre tejribe alyşmak, mümkinçilikleri artdyrmak we global meselelere garşy innowasion çözgütleri tapmak üçin oňaýly platforma öwrüldi.
Çärä 17-30 ýaş aralygyndaky ýaşlar, DÖM-iň ýaş ilçileri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, Beýik Britaniýanyň we BAE-niň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Milli hyzmadaşlardan bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, bilim merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar praktiki (tejribe) seminarlaryň dowamynda gyzgalaňly diskussiýalara gatnaşyp, jemgyýetde oňyn özgerişleri döretmek üçin zerur bolan bilimleri aldylar. Olar durnukly geljegi gurmak üçin ýerli tagallalaryň halkara borçnamalaryna, hususan-da, Pariž ylalaşygyna gabat gelmelidigini bellediler.
Gyzyklanýan taraplaryň birnäçesiniň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahat, ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşaw meselelerini çözmek boýunça sebit we dünýä derejesinde alnyp barylýan işlere goşant goşmak isleýändiklerini görkezdi, şeýle hem bu çylşyrymly meseleleri çözmekde inklýuziw we pudagara çemeleşmäniň ulanylmagyna mümkinçilik döretdi.
Bu maslahat howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaş nesliň esasy hyzmatdaş hökmünde ornunyň möhümdigini görkezdi, Türkmenistanly ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy taslamalara işjeň gatnaşmagyna höwes döretdi, şeýle-de Türkmenistanyň tebigatyna täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we olara garşy çözgüt tapmaga mümkinçilik döretdi. Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanly ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Ýaş nesliň höwesliligi, täzelikçilligi we hyjuwlylygy Türkmenistan we bütin dünýä üçin durnukly gelejegi üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigi äşgärdir.
1 of 5

Waka
06 July 2023
“Dürli, emma deň” - Türkmenistanda maýyplar barada garaýyşlary üýtgetmek we päsgelçilikleri ýeňip geçmek
Türkmenistanda hökümete dahyly bolmadyk guramalaryň sany az bolsa-da, olaryň ýurduň çäginde ilatyň ejiz gatlaklary goldamakda möhüm, ägirt uly orny bar.
Maýyplygy bolan adamlar Türkmenistanda ünssüz galmak howpy abanýan toparlaryň biridir. Olar köplenç durmuş taýdan goldawa, iş tapmaklyga mätaç we gündelik diskriminasiýa we ynamsyzlyga sezewar bolýarlar.
“Üstün çykmak, ýeňip geçmek” manysy bolan “Ýeňme” guramasy Türkmenistanda maýyplaryň dürli zerurlyklaryny we okuw kynçylyklaryny kanagatlandyrmak üçin işleýän hökümete degişli bolmadyk guramadyr. “Biz dürli, emma deňdiris" şygary bilen hereket edýän “Ýeňme” bu adamlara we olaryň maşgalalaryna, şol sanda maýyp çagalar we ulular, garrylar, ýaşlar we aýallar üçin durrmuş taýdan goldaw we dikeldiş hyzmatlaryny berýär.
2022-nji ýylyň ahyrynda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň goldawy bilen “Ýeňme” Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Nur şöhlesi” (Spotlight Initiative) Merkezi Aziýa sebiti boýunça amala aşyrylýan maksatnamasyndan maýyp aýallara ýöriteleşdirilen okuwlar arkaly mümkinçilikleri döredýän täze “Gender deňsizligi bolmadyk dünýä” taslamasyny amala aşyrmak üçin grant aldy.
Geçen aý BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko taslamanyň ýerlerde nähili durmuşa geçirilýändigi bilen tanyşmak, hem-de Türkmenistandaky beýleki jemgyýetçilik guramalaryny täze, adaty bolmadyk maliýe çeşmelerinden peýdalanmaga ruhlandyrmak üçin Aşgabatdaky “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň edarasyna bardy. Hemişelik utgaşdyryjynyň topary guramanyň ýolbaşçysy Gulýa Çörekliýewa bilen söhbetdeş boldy. Ine, onuň gürrüň beren zatlary:
“Ýeňme” haýsy jemgyýetlere hyzmat edýär? Siziň wezipäňiz we esasy ýörelgeleriňiz näme?
Gulýa: 2005-nji ýylda aýratyn zerurlygy bolan çagalara we maýyplara sosial goldaw bermekden ybarat bir topar döretdik. Soňra bize beýleki ejiz toparlar - ýaşlar, aýallar, garrylar, köp çagaly maşgalalar, pes girdejili maşgalalar, ýetimler, adam söwdasynyň pidalary we ş.m. hem ýüz tutmaga başladylar. Netijede, guramanyň maksatnamalarynyň sany köpelip başlady, bu bolsa olary durmuşa geçirmek üçin serişde talap etdi. Jemgyýet jogapkärçiliginiň ýörelgelerine esaslanyp, 2012-nji ýylda “üstün çykmak, ýeňip geçmek” manyny berýän “Ýeňme” atly öz guramamyzy döretdik. Maýyp çagalary we ululary, garry we pes girdejili maşgalalary, ýaşlary we aýallary - iň ejiz adamlary birleşdirmek we sosial taýdan uýgunlaşdyrmak biziň üçin möhümdi.
Türkmenistanda maýyplar haýsy päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar? Maýyp aýal-gyzlaryň garşylaşýan aýratyn meseleleri barmy?
Gulýa: Türkmenistanda maýyplar sosial stigma, iş mümkinçilikleriniň çäkli bolmagy we goldawyň bolmazlygy ýaly köp kynçylyklara duçar bolýarlar. Maýyp aýallar we gyzlar köplenç jynsparazlyk we medeni kadalar sebäpli goşmaça kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bilime, işe ýerleşmäge we sosial integrasiýa ýaly päsgelçilikler jemgyýete doly gatyşmak ukybyny hasam çäklendirip bilerler.
Türkmenistanda maýyp aýallar we gyzlar üçin iş mümkinçiligini döretmek üçin guramaňyz nähili işler alyp barýar?
Gulýa: Guramanyň maksatnamalarynyň biri hünär kesgitlemäge gönükdirilen. Gurama ejiz ýaşlar üçin hünär okuw merkezini dolandyrýar. Merkezimizi enjamlaşdyrmaga guramamyzyň köp hyzmatdaşlary gatnaşdy. Çagalara konditer önümleri, tikinçilik we keşde, sungat we senetçilik öwredilýär. Geljekde bu olara iş tapmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, ilatyň ejiz toparlary üçin iş ýerlerini döretmek maksady bolan jemgyýetçilik kärhanasyny hasaba aldyk.
“Ýeňmä”-niň maksatnamasyndan peýdalanýanlaryň 75% -i aýallar we gyzlar. Bu maksatnama olara nähili täsir etdi?
Gulýa: Gülnar atly bir ýaş aýal hakda täsir galdyryjy bir hekaýa aýdyp bereýin. Ol karlik, özüne laýyk iş tapmakda köp kynçylyklara duşdy. Maksatnamamyzyň kömegi bilen Gülnar tikin we keşde ussatlygyny özleşdirdi. Häzirki wagtda ol nagşy özi taýýarlap bilýär we boýuna garamazdan professional tikin maşynynda işleýär. Maddy taýdan garaşsyz. Gülnaryň üstünlik hekaýasy maksatnamanyň maýyp aýal-gyzlaryň durmuşyna üýtgeýän täsirini görkezýän mysallaryň diňe biri.
Dowamly serişdeleri almakda haýsy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyňyz?
Gulýa: Jemgyýetçilik guramalary üçin durnukly maliýeleşdirme köplenç esasy kynçylyk bolup durýar. Çäklendirilen maliýe çeşmeleri we jemgyýetçilik guramalaryny goldamagyň ähmiýetine düşünmezlik biziň tagallalarymyza päsgel berip biler. Şeýle-de bolsa, raýat jemgyýeti guramalaryna goldaw bermek möhümdir, sebäbi olar sosial hyzmatlardaky boşluklary doldurýarlar, çetleşdirilen toparlaryň hukuklaryny goldaýarlar we jemgyýetleriň umumy ösüşine we abadançylygyna goşant goşýarlar.
Sebit başlangyjy maksatnamasynyň maliýeleşdirilmegi siziň guramaňyza nähili täsir etdi?
Gulya: “Spotlight” jemgyýetçilik guramamyzyň ösmegine we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm täsir etdi. Goşmaça çeşmeleriň kömegi bilen biz öz mümkinçiliklerimizi giňeldip, döwlet sektory we beýleki edaralar bilen gatnaşygymyzy güýçlendirip bileris. Bu, jynsy esasly zorlugyň we adam söwdasynyň pidalaryna goldaw berýän dürli jemgyýetçilik guramalarynyň ulgamyny hyzmatdaşlyga çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasynyň goldawy siziň guramaňyzyň gurşawyny we täsirini artdyrmakda nähili kömek etdi?
Gulýa: Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasynyň taslamamyzyň hökümetde hasaba alynmagynda uly roly bar. Olaryň goldawy we wagyz-nesihatlary administratiw ädimleri geçmäge we gerekli rugsatlary almaga kömek etdi. Olaryň kömegi bolmazdan, taslama ykrar edilmegine we kanunylygyna eýe bolmakda çynlakaý kynçylyklara duçar bolardy. Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasynyň gatnaşmagy diňe bir başlangyjymyzyň abraýyny galdyrman, eýsem geljekki hyzmatdaşlyklara hem giň ýol açdy. Olaryň goldawy alyp barýan işlerimizi öňe sürmekde we Türkmenistanda maýyp aýal-gyzlaryň durmuşyna oňyn täsir etmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir.
1 of 5
Press reliz
14 November 2023
Türkmenistan we ÝUNEP özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow we ÝUNEP-iň Senagat we ykdysadyýet bölüminiň müdiri hanym Şeýla Agarwal-Han tarapyndan gol çekildi. Gol çekişmek dabarasyna ÝUNEP-iň adyndan BMG-niň Howa tehnologiýasy we aragatnaşyk merkeziniň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Rajiw Garg gatnaşdy.
ÝUNEP dünýä ýüzünde tebigaty we tebigy baýlyklary, şol sanda biodürlülügi goramak, olaryň durkuny saklamak, ýagdaýyny gowulandyrmak we goldaw bermek boýunça işleri alyp barýar. ÝUNEP-iň Senagat we ykdysadyýet bölümi bolsa dialog we hyzmatdaşlyk üçin meýdançalary, innowasion strategiýalary, täze taslamalary we döredijilik mehanizmlerini hödürlemek arkaly karar kabul etmek we iş gurşawyny üýtgetmek üçin çözgütler oýlap tapmak bilen meşgullanýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hem Türkmenistan Hökümetiniň daşky gurşawy goramak boýunça ygtyýarly edarasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we ÝUNEP tarapyndan gol çekilen bu Ähtnama daşky gurşawy goramak babatynda öňde goýulan bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin möhüm itergi boldy. Bu resminama Taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň esasy ugurlaryny, şeýle-de global derejede tebigaty we tebigy baýlyklary, şol sanda biodürlülügi goramak, olaryň durkuny saklamak, ýagdaýyny gowulandyrmak we goldaw bermek boýunça bilelikdäki maksatlaryny kesgitleýär. Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistanda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegine hem badalga bolar. Taraplar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak babatynda öňde goýulan bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyklaryny mälim etdiler.
Bu Ähtnama 2021-nji ýylda gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasyndaky howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňilleşdirmek we olara uýgunlaşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda düzüldi. Şeýle hem bu Ähtnama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna gabat gelýär.
1 of 5
Press reliz
12 November 2023
Türkmenistanda sebit derejesinde BMG usulyndaky 1-nji Aşgabat maslahaty geçirildi
2023-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Türkmenistanda BMG usulyndaky 1-nji Aşgabat maslahaty (TAMUN) geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi (UNOCT), BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreş gullugy (UNODC), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA), BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy (UNRCO), BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasy (OHCHR) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy bilen bilelikde gurnamagynda geçiriler. Çäre Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanan bütindünýä başlangyjyň çäginde gurnaldy.
Dürli ýaşlar guramalary çäräniň gurnalmagyna uly goşant goşdular. Taşkentdäki Westminister halkara uniwersitetiniň ýaş bilermenleri maslahaty gurnamaga ýardam berdiler we maslahata gatnaşyjylary BMG usulyndaky maslahatyň düzgünleri we geçiriliş tertibi bilen tanyşdyrdylar. “Merkezi Aziýada neşe serişdelerinden azat, sagdyn, howpsuz we ygtybarly jemgyýet üçin hereket edýän ýaşlar guramalarynyň we ýaş ýolbaşçylarynyň sebitleýin torunyň” wekilleri hem çärä gatnaşdylar we maslahatyň neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almak bilen bagly meseleler boýunça sessiýasynda çykyş etdiler. Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileri we UNRCCA-yň Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň uçurymlary hem çäräniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşdular.
2 gün dowam eden TAMUN maslahatyna Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 100-den gowrak ýaşlar gatnaşdy. Olar BMG-niň 4 komitetiniň işini simulirlediler (simulýasiýa etdiler):
1. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň işi: ýaşlaryň ekstremizmiň onlaýn propagandasynyň öňüni almakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşmak;
2. BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň işi: adam söwdasy we onda ulanylýan tehnologiýalar;
3. BMG-niň Adam hukuklary baradaky komitetiniň işi:
4. BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň işi: Merkezi Aziýada serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almak.
Maslahatyň dowamynda geçirilen tematiki sessiýalar we plenar gürrüňdeşlikler bolsa maslahata gatnaşyjylar üçin BMG-niň halkara bilermenleri bilen gürrüňdeş bolmak we pikir alyşmak üçin mümkinçilik döretdi. Jemläp aýdylanda, TAMUN maslahaty Merkezi Aziýanyň ýaşlary üçin BMG-niň we halkara gatnaşyklary ulgamynyň işi bilen içgin tanyşmak, şeýle hem pikir döretmek, diplomatiýa we toparlaýyn iş usullaryny özleşdirmek üçin mümkinçilik döretdi. Maslahat BMG-niň ýokarda görkezilen agentlikleriniň we USAID-yň Türkmenistanda we Merkezi Aziýada global meseleleri çözmek hem-de parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak boýunça alyp barýan işlerine möhüm goşant goşdy. BMG usulyndaky maslahat (Model United Nations ýa-da Model UN) synpdan daşary gurnalýan çäre bolup, oňa gatnaşýan ýaşlar BMG-niň agza ýurtlarynyň wekilleriniň keşplerini ýerine ýetirýärler we BMG-niň dürli mejlislerini simulýasiýa edýärler. Degişli bilimler bolan ýokary synp okuwçylary ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bilen gurnalýan bu maslahat, BMG-niň agza ýurtlaryndan ýaşlary özüne çekýär we dürli simulýasiýalar arkaly ýaşlara häzirki global meselelere we BMG-niň alyp barýan işleriniň möhümdigini düşündirmäge gönükdirilen. Bu başlangyç Türkmenistanda 2022-nji ýylda işe girizilip, onuň maksady UNODC-nyň Türkmenistanda okuw materiallaryny ýaýratmak baradaky başlangyjyny we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň UNOCCT, UNRCCA, OHCHR agentlikleriniň we USAID-yň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy bilen bilelikde alyp barýan başlangyçlaryny öňe sürmekden ybarat.
1. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň işi: ýaşlaryň ekstremizmiň onlaýn propagandasynyň öňüni almakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşmak;
2. BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň işi: adam söwdasy we onda ulanylýan tehnologiýalar;
3. BMG-niň Adam hukuklary baradaky komitetiniň işi:
4. BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň işi: Merkezi Aziýada serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almak.
Maslahatyň dowamynda geçirilen tematiki sessiýalar we plenar gürrüňdeşlikler bolsa maslahata gatnaşyjylar üçin BMG-niň halkara bilermenleri bilen gürrüňdeş bolmak we pikir alyşmak üçin mümkinçilik döretdi. Jemläp aýdylanda, TAMUN maslahaty Merkezi Aziýanyň ýaşlary üçin BMG-niň we halkara gatnaşyklary ulgamynyň işi bilen içgin tanyşmak, şeýle hem pikir döretmek, diplomatiýa we toparlaýyn iş usullaryny özleşdirmek üçin mümkinçilik döretdi. Maslahat BMG-niň ýokarda görkezilen agentlikleriniň we USAID-yň Türkmenistanda we Merkezi Aziýada global meseleleri çözmek hem-de parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak boýunça alyp barýan işlerine möhüm goşant goşdy. BMG usulyndaky maslahat (Model United Nations ýa-da Model UN) synpdan daşary gurnalýan çäre bolup, oňa gatnaşýan ýaşlar BMG-niň agza ýurtlarynyň wekilleriniň keşplerini ýerine ýetirýärler we BMG-niň dürli mejlislerini simulýasiýa edýärler. Degişli bilimler bolan ýokary synp okuwçylary ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bilen gurnalýan bu maslahat, BMG-niň agza ýurtlaryndan ýaşlary özüne çekýär we dürli simulýasiýalar arkaly ýaşlara häzirki global meselelere we BMG-niň alyp barýan işleriniň möhümdigini düşündirmäge gönükdirilen. Bu başlangyç Türkmenistanda 2022-nji ýylda işe girizilip, onuň maksady UNODC-nyň Türkmenistanda okuw materiallaryny ýaýratmak baradaky başlangyjyny we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň UNOCCT, UNRCCA, OHCHR agentlikleriniň we USAID-yň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasy bilen bilelikde alyp barýan başlangyçlaryny öňe sürmekden ybarat.
1 of 5
Press reliz
31 October 2023
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy ýaşlary parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ugrunda işjeň bolmaga çagyrdy
Çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, BMG-niň Türkmenistandaky dürli agentlikleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady ýaşlaryň halklaryň arasyndaky dostlugy we düşünişmegi pugtalandyrmakdaky ornuny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Maslahata gatnaşyjylar ýaşlaryň arasyndaky dialogyň we hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, ýaşlaryň parahatçylygy üpjün etmek we töwekgelçilikleriň öňüni almakdaky orny, şeýle-de halkara ösüş ulgamynda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler ýaly temalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Jenap Şlapaçenko öz çykyşynda halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda ýaşlaryň möhüm orun eýeleýändigini, sebäbi olaryň täze medeni we jemgyýetçilik gymmatlyklaryny özleşdirmäge, başga ýurtlardan we medeniýetlerden adamlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge höwesdediklerini belledi. Mundan başga-da, jenap Şlapaçenko Durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileriniň halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmakda we ýaşlar üçin ýagty geljegi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändiklerini aýtdy. Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Ýaş ilçileriň goşandynyň örän möhümdigini jenap Şlapaçenko aýratyn belläp geçdi.
Maslahatda çykyş edenler ýaşlaryň global meseleleri çözmäge gatnaşmaklarynyň zerurdygyny bellediler we olary parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işlere işjeň gatnaşmaga çagyrdylar. Maslahat konstruktiw we dostlukly ýagdaýda geçirilip, oňa gatnaşyjylar halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak ugrunda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk has hem artjakdygyna ynam bildirdiler.
1 of 5
Press reliz
04 October 2023
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumyna gatnaşdy
Maslahata Türkmenistanyň Bilim ministri Gurbangül Ataýewa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa (wideo arkaly ýüzlenme), şeýle-de Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň wekilleri, telekeçiler we DÖM-iň ýaş ilçileri gatnaşdylar.
Forumyň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ýaşlar we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bölümine ýolbaşçylyk etdi. Bu bölüme gatnaşyjylar “Howanyň üýtgemegi: Daşky gurşawyň durnuklylygy we parahatçylygy gurmagyň arasyndaky baglanyşygy göz öňünde tutmak” temasy boýunça çykyş etdiler. Mundan başga, forumyň dowamynda parahatçylyk üçin ýaşlaryň başlangyçlary, parahatçylygy üpjün etmekde sanly diplomatiýanyň orny, oňyn parahatçylygy üpjün etmek üçin tehnologiýalary we sosial torlary ulanmak, şeýle-de medeniýetiň we sungatyň üsti bilen parahatçylygy pugtalandyrmak ýaly temalar boýunça çykyşlar boldy.
Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny esaslandyrmak boýunça mejlisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy, Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň sergisi, Arkadag şäherine gezelenç we Türkmenistanyň Döwlet sirki tarapyndan ahal-teke atlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Jenap Şlapaçenkonyň bu foruma gatnaşmagy BMG-niň sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk we durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan başlangyçlary we tagallalary goldaýandygyny aýdyň görkezýär. Bu çäre parahatçylygy pugtalandyrmak, jemgyýetiň, galyberse-de, bütin dünýäniň ýaşaýşyny gowulandyrmak boýunça maslahatlara ýaşlaryň gatnaşmagynyň we olaryň potensialyndan peýdalanmagyň möhümdigini subut etdi.
1 of 5
Press reliz
18 September 2023
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy DÖM boýunça Milli iş toparynyň bilelikdäki ýygnagyna gatnaşdy
Ýygnagyň başynda Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew we Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýokary derejeli syýasy forumda hödürlenen Meýletin milli syn bilen tanyşdyrdylar we türkmen delegasiýasynyň işiniň netijeleri barada hasabat berdiler.
Soňra jenap Şlapaçenko 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek DÖM Sammiti barada gysgaça maglumat berdi. Ol ýurduň durnukly ösüş meýilnamasyny öňe sürmek üçin milli borçnamalary taýýarlamagyň möhümdigini belledi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi bilen DÖM-i durmuşa geçirmek we maliýeleşdirmek, şol sanda netijeli maliýe ösüşi üçin Integrirlenen Milli Maliýe Ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Güljemile Annanyýazowa DÖM maglumatlarynyň milli bazasyny işe girizmegiň gidişi baradaky gürrüň berdi. Bu maglumatlar bazasy milli derejede DÖM-iň durmuşa geçirilişini yzarlamak we gözegçilik etmek üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat eder.
Duşuşykda gatnaşyjylara pikir alyşmaga, meseleleri çözmäge we DÖM bilen baglanyşykly dürli taraplar barada düşündiriş gözlemäge mümkinçilik berýän gyzykly çekişme we sorag-jogap sessiýasy hem boldy.
DÖM boýunça Milli iş toparynyň bilelikdäki ýygnagy Türkmenistanyň 2030-njy ýyldaky Durnukly ösüş meýilnamasyna ygrarlydygyny we DÖM-e ýetmek islegini görkezdi. Döwlet işgärleriniň, BMG-niň wekilleriniň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk hemmeler üçin durnukly geljegi gurmak üçin köpçülikleýin tagallalary görkezýär.
1 of 5
Soňky serişdeler
1 / 11
1 / 11